kamil
14.07.2023 00:17

Kerim Gurbannepesow - "Maňlaýyndan öp"


Nämä beýdip tukat otyrsyň şahyr,

Bu dünýäniň soňy görnüp dur ahyr,

Ola Zöhre bolsa sen bolup Tahyr,

Barda onuň edil maňlaýyndan öp ,


Maňlaydan öpende seretse aşak,

Saçyndan öp, boýnun bukaw dek guşap,

Onsoň her gaşyndan üç gezek ogşap,

Kem kem aşak süşüp gabagyndan öp,


Gabakdan öpende çytmasa gaşyn,

Ola çyn magşukdyr senem çyn aşyk,

Onsoň burun diyilýwn galadan aşyp,

Nepese maý bermän dodagyndan öp,


Dodaklar bägül dek pyşyrdaşarlar,

Demler deme degip pyşyrdaşarlar,

Elinde titrwnde balyk goşarlar,

Maňlaýyny degirip dyrnagyndan öp,


Gysyp, gysyp,gysyp ýene-de gysyp,

Onsoň dil bilen dil deňzin susup,

Onsoň gapak döşüň ak memma basyp,

ýürek bagryň bilen ýüreginden öp,


Körpäniň içine çümdürip sagryn,

Kurçuk towuk kimin owkala bagryn,

Demiň bilen syryp ak joýaň ugrun,

Goşa ternäň bally sapagyndan öp,


Bagytlysyň, bagytlysyň, bagytlysyň onsoň,

Niresinden öpseň öpüwer sen soň,

Hapa ýeri bardyr öýtmersiň soň soň,

Jorabyny çyykarda aýagyndan öp.


16
53
dowletmyrat1990
14 Iýul 2023
Kerim agada gaty jalaý ekenaý...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.