kamil
10.08.2023 20:45

Birnäçe kitaplaryň awtory we bedenden çykmagy (astral syýahat) barlap gören 40 ýaşly Sibirli barlag geçiriji Mihail Raduga düýşlerini kontrol etmek üçin drel arkaly kellesini deşip, beýnisine elektrod oturdypdyr. Tejribe barada ol öz Vkontakte hasabynda gürrüň berýär.

Raduga neýrohirurgiýa bilen gyzyklanýar we Internetdäki wideolardan ylym öwrenýär. Synanyşmazdan ozal ol tejribäni bäş gezek goýunlarda geçiripdir. Ol tejribäniň dowamynda gan ýitirmeginiň netijesinde ölümiň bäri ýanyndan gaýdandygyny aýdýar we beýlekilere bular ýaly tejribelerden uzak durmaklygy maslahat berýär. Raduganyň aýdyşyna görä tejribedäki esasy kynçylyklar onuň hirurgiýadan tejribesizligi sebäpli ýüze çykypdyr.

Ýöne ol hiç gynanmaýar sebäbi ol çip arkaly düýşlerini dolandyrmagy köpden bäri arzuw edýän eken. Ilki ol operasiýany özi dälde, professional hirurglara geçirtmegi meýilleşdirýär. Bular ýaly operasiýanyň kanuna garşy gelýänligi üçin hiç hili hirurg tapylmandyr, netijede onuň özi töwekgellige baş urýar. Elektrodyň goýulanyna bellibir wagt geçendigine garamazdan, ol hiç hili üýtgeşme görmeýändigini aýdýar.


Çeşme: Life.ru

20
252
kamil
08.08.2023 00:11

1.Özara garşylygyň düzgüni: Başgalaryň ýalňyşlyklaryna baha bermezden ozal özüňize serediň. Palçyk zyňan adamyň arassa elleri bolup bilmez.


2. Agyry düzgüni: Öýkeli adam başgalary hem öýkeledýär .


3. Üstki ýol düzgüni: Başgalara bize bolan garaýyşlaryndan gowy garaýyşda bolup başlasak, biz olardan has ýokary derejä geçýäris.


4. Bumerang düzgüni: Başgalara kömek edenimizde, özümize kömek edýäris.


5. Çekiç düzgüni: Söhbetdeşiň maňlaýynda çybyny öldürmek üçin hiç wagt çekiç ulanmaň.


6. Çalyşyk düzgüni: Başgalary bir ýere oturtmazdan ozal, olaryň ýerine özümizi goýup görmeli.


7. Öwrenmek düzgüni: Biziň duşýan her bir adamymyz bize bir-zatlar öwredip bilmäge ukyply.


8. Harizma düzgüni: Adamlar özleri bilen gyzyklanýan aadamlara gyzyklanma bildirýärler.

9. 10 bal düzgüni: Adamlaryň iň gowy häsiýetine bolan ynam, adatça olary iň gowy häsiýetini görkezmeklige mejbur edýär.


10. Hadysa düzgüni: Hiç haçan hadysany özara gatnaşyklaryňyzdan zerur saýmaň.


11. Bob düzgüni: Haçan-da Bobyň hemmeler bilen düşünişmezligi bolanda, esasy mesele Bobyň özi bolup durýar.


12. Kiçigöwünlilik düzgüni: Özümiz bilen gatnaşyk etmekdäki ýeňillik beýlekilere özlerini biz bilen erkin duýmaklyga kömek edýär.


13. Nagym(okop) düzgüni: Göreşe taýynlanýarkaň özüň üçin şeýle bir okop gaz ki, oňa dostuň sygsyn.


14. Ekerançylyk düzgüni: Ähli gatnaşyklary kämilleşdirmek mümkin we zerur.


15. 101% düzgüni. Özüňizi kanagatlandyrýan 1 göterimi tapyň we 100% güýjüňizi şoňa sarp ediň.


16.Sabyr etmegiň düzgüni: Başgalar bilen syýahat etmek ýeke gezelençden has haýal. Uzak gitmek isleseňiz, bile gidiň; çalt gitmek isleseňiz, ýeke gidiň.


17. Birmeňzeş teňňäniň iki tarapy düzgüni: Gatnaşyklaryň hakyky synagy diňe bir dostlara şowsuz bolanda näderejede wepaly bolmak bilen çäklenmän, eýsem üstünlik gazananlarynda näçeräk begenýändigimizdir.


18. Simpatiýa düzgüni: beýleki zatlar deň ýagdaýda adamlar halaýan adamlary bilen işlemäge ýykgyn edýärler; deňsiz şertlerde hem şeýderler.


19. Hyzmatdaşlyk düzgüni: Bilelikde işlemek bilelikde ýeňiş gazanmak mümkinçiligini artdyrýar.

16
54
kamil
06.08.2023 22:51

Hemmeleriň süýnýän (ýa-da ot açýan) ýyldyzlar diýip ynanýan jisimleri aslynda, ýyldyzlar bolman, olar Asman giñişliginde «syýahat edýän» gaty jisimler bolan meteoritlerdir.


Birnäçe tonna agramy bolan, gijede görüp bolýan meteoritler örän uly jisimlerdir. Has uly däl-de, kiçiräk meteoritler Ýerin atmosferasyna girenlerinde ýanýarlar. Ol jisimler Ýere zeper ýetirmedik halatynda meteoritler diýlip atlandyrylýar. Meteoritler köplenç balarylar yaly topar-topar bolup, «syýahat edýärler». Toparlaýyn hereket edýän jisimler Ýeriň howa giňişligine ýokary tizlik bilen girip ýanýarlar we soňra tebigatyň diýseň täsin feýerwerkleri,ýagny, meteorit görkezijisi bolup ýere gaçýarlar.

16
73
kamil
05.08.2023 22:49

Men garaňkyda ýeke oturmakdan gorkamok, gaýtam ýeke däldigimden gorkýan.


Eger men adamlaryň menden garaşýan hereketlerini etsem, onda men olaryň guluna öwrülýän. (P. Koelýo)


Men erbetligiň hem tarapdary däl, gowulyguň hem, men Hudaýyň tarapdary. ( Bob Marley)


Ýagyşy söýýän diýýäň, ýöne saýawanly ýöreýäň. Güni söýýän diýýäň, ýöne ol şöhle saçanda kölege gözleýäň. Şemaly söýýän diýýäň, ýöne ol öwsende penjiräňi ýapýaň. Şonuň üçinem men seniň söýýän diýmegiňden gorkýan. (Bob Marley)


Senden gitjegi saklama, ýogsam saňa gelýän gelip bilmez. (K. Ýung)


Sen öz hereketleriň dogrudygyny bilýän bolsaň, illeriň pikiri seni gyzyklandyrmasyn. (R..Şarma)

18
101
kamil
02.08.2023 18:20

Wagt biziň üçin iň gowy lukman,

Şonuň üçin ýaşaberiň howlukman.

(Nowruz atlylaň biri)


Çepimde ukynam ýatdan çykardym

Kalbymda ornaşan günüňden bäri


Finalda utulsaňyz hem dünýäde iň güýçli topar bolmaklyga dowam edip bilersiňiz, ýöne diňe ýeňiş gazanyp bakylygyň bir bölegi bolarsyňyz.( #Pep)


Diňe zerur zatlaryňyzy satyn alyň, bolmasa wagty gelende zerur zatlaryňyzy satmaly bolarsyňyz. (Warren Buffet)

22
62
kamil
27.07.2023 22:32

Illeriň 📱telefonyna gelýän 💌sms:

Janym, ❤️hanym😍, aklm....😘😌

Biziň telefonymyza gelýäni:

Şul smsi 15 adama ugratmasaň, ertir p..des😱😱😱🤡👻👿

33
282
kamil
25.07.2023 23:42

Giňişleýin...

Alymlar okalan kitaplaryň, şeýle-de maglumatlaryň manysyna düşünmegiň diňe çalt okamaklygyň netijesinde amala aşýandygyny aýdýarlar. Çalt okamaklyk diňe bir wagtymyzy tygşytlaman, eýsem, okaýan kitabymyzyň manysyny ýitirip bilmekligimize we beýnimizi has işjeň ýagdaýda saklamaklygymyza ýardam edýär. Beýnimiziň maglumatlar bilen yzygiderli üstüniň ýetirilmegi ýatkeşligimize oňaýly täsirini ýetirýär. Kitaby çalt okamaklyk üçin öňki bar bolan endiklerimizden ýuwaş-ýuwaşdan saplanmagymyz gerek. Çünki bu endikler çalt okamaklygymyza päsgel berýär. Geliň, olaryň käbiriniň üstünde durup geçeliň!


■ Okap oturan wagtyň has gowy düşünmeklik maksady bilen, sözlemi başyndan başlap okamak.


■ Okalanda sözleme däl-de, sözlere düşünmäge çalyşmak.


■ Ünsüňizi otagyň içindäki öý goşlaryna, biraz wagt mundan öň bolup geçen wakalara, daşardaky hereketlere… bermeklik.


■ Manysyna düşünmerin diýen gorky bilen okamak.


■ Okanyňyzda, ilki bilen, gysga ýazgylary okamaklygyňyz hem siziň örän haýal okaýanlygyňyzdan habar berýär.


Çalt okamaga bolan islegimiz, ilkinji nobatda, diňe öz-özümizi yzygiderli türgenleşdirmegimiz bilen hasyl bolýar. Onuň ilkinji düzgüni bolsa, gözlerimizi dogry ulanyp bilmegimizdir. Gözlerimiz edil surata düşürýän enjam ýaly diňe belli bir aralygy dury görüp, galan bölekleri dumanly görýär. Şol dury görünýän ýer bolsa okamaklygymyza kömek edýär. Okamak üçin dikilen nazarymyzyň dury görünýän ýeri 4 santimetr bolup, ony yzygiderli okamaklygymyz bilen giňeldip bileris. Görüş nokadymyzyň giňemegi çalt okamagymyza ýardam etjek ilkinji sebäpleriň biridir. Okaýan mahalymyz gözlerimiz çepden saga belli bir yzygiderlilikde şol bir çyzykda hereket edýär. Bu hereket beýnimiziň sözleri sözlemlere öwrüp, ondan many çykarmagymyza kömek edýär.


Çalt okamak üçin aşakdaky maslahatlardan hem peýdalanyp bilersiňiz!


Sözleri ýazyp öwrenmek. Eger-de siz nätanyş sözleri ilki ýazyp öwrenseňiz, sözlemiň içinde geleninde ony tanamak aňsat düşer. Bir ak kagyzyň ýüzüne ilki iki, soň üç, dört, bäş, alty harply sözleri ýazyp, soňra ony gysga wagtda ýat tutmaga çalşyň! Bulary yzygiderli gaýtalamak hem-ä söz goruňyzy artdyrar, hemem gözleriňiziň göni çyzyk boýunça hereketlenmegine getirer.


Täze sözleri öwrenmek. Öň eşidip görmedik sözleriňiziň hökmany ýagdaýda düşündirişini öwreniň, şeýle-de onuň nähili manysynyň bardygyny, başga dillerde ulanylanda manysynyň üýtgäp-üýtgemeýändigini bilmäge synanyşyň! Näçe köp söz bilseňiz, ol siziň çalt okamaklygyňyza şonça kömek eder. Manysyny bilmedik sözleriňiz üçin ýitirýän wagtyňyz bilýän sözleriňize garanyňda üç esse köp wagtyňyzy alar.


Gözüň bilen okamak. Pyşyrdap ýa-da sesli okamaklygyň çalt okamaklyga ters täsiri bar. Kitaplar diňe gözleriňiz bilen okalmalydyr. Gözleriňiziň bir çyzykdan göni öňe we yza gaýdyp gelme yzygiderliligi arkaly çalt okamaklyk endigiňizi kämilleşdirip bilersiňiz.


Göz gezdirmek. Okaljak zadyň sözbaşylaryna, paragrflaryna, ilki we soňky setirlerine göz aýlap, gürrüňiň näme hakda barýandygy barada, ilkinji nobatda, beýnimizi habarly etmegimiz ýeterlik. Bu ýagdaý hem-ä okaljak zadyň akgynly gitmegine, hemem çalt okamaklygyna diýseň uly täsirini ýetirýär.


Üç söz. Alymlaryň pikiriçe, çalt okamaklygyň bu usulyna endik edilse, sözlemi doly okamaklygyň geregi hem ýok. Her setiriň üçünji sözünden başlap, soňundan hem üçünji sözünde gutaryň. Sözlemi doly okamazlyk onuň manysyna düşünmeýänligiňizi aňlatmaýar. Gözümiz bilen beýnimizi bilelikde ulanmagy başaran halatymyzda diňe bir sözlemiň manysyny däl, eýsem, onuň her sözlerini hem okamagyň mümkindigini alymlar subut etdiler.


Özüňe ynam. Elbetde, her bir başlangyç üçin, ilki bilen, özüňe ynam bolmaly. Eger çalt okap geçsem bahym unudaryn, hiç zada düşünmerin diýen gorkulardan saplanmaga çalşyň! Çalt okamaklyk size az wagtyň içinde köp maglumat edinmeklige, ýatkeşligiňizi gowulandyrmaklyga, şeýle hem özüňiziň nämelere ukyplydygyňyzy ýüze çykarmaga kömek eder. Bu bolsa indiki etsem-petsemleriňizi durmuşa geçirmekde özüňize bolan ynamy artdyrar.

12
43
kamil
23.07.2023 22:17

Türkmen futzalçylarymyzdan taryhy ýeňiş. Dowamyny dileýäs!!! 👏👏🙏🙏


Türkmenistanyň milli ýygyndysy «CAFA Futsal Cup-2023» halkara ýaryşyň çäginde geçirilen ilkinji oýunda Eýranyň ýygyndy toparyny utdy. Duşuşyk şu gün Duşanbe şäherinde geçirildi we 2:1 hasabynda türkmen futzalçylarynyň peýdasyna tamamlandy.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy hökmünde Türkmenistan milli ýygyndysynyň derwezeçisi Pirguly Gylyçmyradow saýlandy. Bu ýeňiş Ýakub Öwezowyň toparyna üç utuk gazandyrdy. Toparçada geçirilen başga bir duşuşykda Owganystanyň ýygyndysy Gyrgyzystany 5:4 hasabynda utmagy başardy.

CAFA Futsal Cup-2023»


1-nji tapgyr


23-nji iýul (ýekşenbe)


Özbegistan – Täjigistan

Gyrgyzystan – Owganystan — 4:5

Eýran – TÜRKMENISTAN — 1:2

2-nji tapgyr


24-nji iýul (duşenbe)


Täjigistan – TÜRKMENISTAN

Eýran – Gyrgyzystan

Özbegistan – Owganystan

3-nji tapgyr


26-njy iýul (çarşenbe)


Täjigistan – Gyrgyzystan

TÜRKMENISTAN – Özbegistan

Owganystan – Eýran

4-nji tapgyr


28-nji iýul (anna)


Owganystan – Täjigistan

Gyrgyzystan – TÜRKMENISTAN

Eýran – Özbegistan

5-nji tapgyr


30-njy iýul (ýekşenbe)


Täjigistan – Eýran

TÜRKMENISTAN – Owganystan

Özbegistan – Gyrgyzystan



Çeşme: turkmenportal.com

17
84
kamil
22.07.2023 22:19

Itleri 3 m ýüpe daňyp goýsaň, şol radiusdan uzaga gidip bilenoklara. Wi-fi hem adamlary bellibir radiusdan uzaklaşdyrmazlyk üçin döredildimikä ýogsa?

#awtor ýadyma düşmedi. Ýöne halamadym

19
97
kamil
21.07.2023 21:37

1. Her kim özüniň kimdigini tanadar, sen diňe olara birayaz wagt ber.

2. Hiç kimi özüňi saýlamaklyga mejbur etme, sen ýekeleýin wagt geçirme sungatyny öwrenersiň.

3. Bäşlikçiniň diplomy onuň diňe baha almakda ussatlygyny görkezýär.

4. Zenanlara diňeje gymmatbahaly daşlary zyňsa bolar (ýewreý nakyly)

5. Duşmanlaryňyza ýaraýan zat, bize zyýanly. (Stalin)

6. Durmuşdan isleýän zadyňy almak üçin, ilki bilen näme isleýändigiňe karar bermeli.(Kianu Riwz)

7. Kim göreşmese, şolam ýeňlişsizdir.(Lao szy)

8. Söýgüsiz ýaşamak ýeňil, ýöne manysyz.(Tolstoý)

9. Eger sen galanyňda dostlaryň seniň kimdigiňi bilýär, ýykylanyňda bolsa sen kimleriň dostlaryňdygyny bilýäň. (Taýson)

10. Ynsan ykbalyny kabul etmeli däl-de, ony saýlamaly! (P. Koelýo)

20
162