kamil
25.07.2023 23:42

Giňişleýin...

Alymlar okalan kitaplaryň, şeýle-de maglumatlaryň manysyna düşünmegiň diňe çalt okamaklygyň netijesinde amala aşýandygyny aýdýarlar. Çalt okamaklyk diňe bir wagtymyzy tygşytlaman, eýsem, okaýan kitabymyzyň manysyny ýitirip bilmekligimize we beýnimizi has işjeň ýagdaýda saklamaklygymyza ýardam edýär. Beýnimiziň maglumatlar bilen yzygiderli üstüniň ýetirilmegi ýatkeşligimize oňaýly täsirini ýetirýär. Kitaby çalt okamaklyk üçin öňki bar bolan endiklerimizden ýuwaş-ýuwaşdan saplanmagymyz gerek. Çünki bu endikler çalt okamaklygymyza päsgel berýär. Geliň, olaryň käbiriniň üstünde durup geçeliň!


■ Okap oturan wagtyň has gowy düşünmeklik maksady bilen, sözlemi başyndan başlap okamak.


■ Okalanda sözleme däl-de, sözlere düşünmäge çalyşmak.


■ Ünsüňizi otagyň içindäki öý goşlaryna, biraz wagt mundan öň bolup geçen wakalara, daşardaky hereketlere… bermeklik.


■ Manysyna düşünmerin diýen gorky bilen okamak.


■ Okanyňyzda, ilki bilen, gysga ýazgylary okamaklygyňyz hem siziň örän haýal okaýanlygyňyzdan habar berýär.


Çalt okamaga bolan islegimiz, ilkinji nobatda, diňe öz-özümizi yzygiderli türgenleşdirmegimiz bilen hasyl bolýar. Onuň ilkinji düzgüni bolsa, gözlerimizi dogry ulanyp bilmegimizdir. Gözlerimiz edil surata düşürýän enjam ýaly diňe belli bir aralygy dury görüp, galan bölekleri dumanly görýär. Şol dury görünýän ýer bolsa okamaklygymyza kömek edýär. Okamak üçin dikilen nazarymyzyň dury görünýän ýeri 4 santimetr bolup, ony yzygiderli okamaklygymyz bilen giňeldip bileris. Görüş nokadymyzyň giňemegi çalt okamagymyza ýardam etjek ilkinji sebäpleriň biridir. Okaýan mahalymyz gözlerimiz çepden saga belli bir yzygiderlilikde şol bir çyzykda hereket edýär. Bu hereket beýnimiziň sözleri sözlemlere öwrüp, ondan many çykarmagymyza kömek edýär.


Çalt okamak üçin aşakdaky maslahatlardan hem peýdalanyp bilersiňiz!


Sözleri ýazyp öwrenmek. Eger-de siz nätanyş sözleri ilki ýazyp öwrenseňiz, sözlemiň içinde geleninde ony tanamak aňsat düşer. Bir ak kagyzyň ýüzüne ilki iki, soň üç, dört, bäş, alty harply sözleri ýazyp, soňra ony gysga wagtda ýat tutmaga çalşyň! Bulary yzygiderli gaýtalamak hem-ä söz goruňyzy artdyrar, hemem gözleriňiziň göni çyzyk boýunça hereketlenmegine getirer.


Täze sözleri öwrenmek. Öň eşidip görmedik sözleriňiziň hökmany ýagdaýda düşündirişini öwreniň, şeýle-de onuň nähili manysynyň bardygyny, başga dillerde ulanylanda manysynyň üýtgäp-üýtgemeýändigini bilmäge synanyşyň! Näçe köp söz bilseňiz, ol siziň çalt okamaklygyňyza şonça kömek eder. Manysyny bilmedik sözleriňiz üçin ýitirýän wagtyňyz bilýän sözleriňize garanyňda üç esse köp wagtyňyzy alar.


Gözüň bilen okamak. Pyşyrdap ýa-da sesli okamaklygyň çalt okamaklyga ters täsiri bar. Kitaplar diňe gözleriňiz bilen okalmalydyr. Gözleriňiziň bir çyzykdan göni öňe we yza gaýdyp gelme yzygiderliligi arkaly çalt okamaklyk endigiňizi kämilleşdirip bilersiňiz.


Göz gezdirmek. Okaljak zadyň sözbaşylaryna, paragrflaryna, ilki we soňky setirlerine göz aýlap, gürrüňiň näme hakda barýandygy barada, ilkinji nobatda, beýnimizi habarly etmegimiz ýeterlik. Bu ýagdaý hem-ä okaljak zadyň akgynly gitmegine, hemem çalt okamaklygyna diýseň uly täsirini ýetirýär.


Üç söz. Alymlaryň pikiriçe, çalt okamaklygyň bu usulyna endik edilse, sözlemi doly okamaklygyň geregi hem ýok. Her setiriň üçünji sözünden başlap, soňundan hem üçünji sözünde gutaryň. Sözlemi doly okamazlyk onuň manysyna düşünmeýänligiňizi aňlatmaýar. Gözümiz bilen beýnimizi bilelikde ulanmagy başaran halatymyzda diňe bir sözlemiň manysyny däl, eýsem, onuň her sözlerini hem okamagyň mümkindigini alymlar subut etdiler.


Özüňe ynam. Elbetde, her bir başlangyç üçin, ilki bilen, özüňe ynam bolmaly. Eger çalt okap geçsem bahym unudaryn, hiç zada düşünmerin diýen gorkulardan saplanmaga çalşyň! Çalt okamaklyk size az wagtyň içinde köp maglumat edinmeklige, ýatkeşligiňizi gowulandyrmaklyga, şeýle hem özüňiziň nämelere ukyplydygyňyzy ýüze çykarmaga kömek eder. Bu bolsa indiki etsem-petsemleriňizi durmuşa geçirmekde özüňize bolan ynamy artdyrar.

12
43
azap
27 Sentýabr 2023
Men doly okayan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.