1.Özara garşylygyň düzgüni: Başgalaryň ýalňyşlyklaryna baha bermezden ozal özüňize serediň. Palçyk zyňan adamyň arassa elleri bolup bilmez.
2. Agyry düzgüni: Öýkeli adam başgalary hem öýkeledýär .
3. Üstki ýol düzgüni: Başgalara bize bolan garaýyşlaryndan gowy garaýyşda bolup başlasak, biz olardan has ýokary derejä geçýäris.
4. Bumerang düzgüni: Başgalara kömek edenimizde, özümize kömek edýäris.
5. Çekiç düzgüni: Söhbetdeşiň maňlaýynda çybyny öldürmek üçin hiç wagt çekiç ulanmaň.
6. Çalyşyk düzgüni: Başgalary bir ýere oturtmazdan ozal, olaryň ýerine özümizi goýup görmeli.
7. Öwrenmek düzgüni: Biziň duşýan her bir adamymyz bize bir-zatlar öwredip bilmäge ukyply.
8. Harizma düzgüni: Adamlar özleri bilen gyzyklanýan aadamlara gyzyklanma bildirýärler.
9. 10 bal düzgüni: Adamlaryň iň gowy häsiýetine bolan ynam, adatça olary iň gowy häsiýetini görkezmeklige mejbur edýär.
10. Hadysa düzgüni: Hiç haçan hadysany özara gatnaşyklaryňyzdan zerur saýmaň.
11. Bob düzgüni: Haçan-da Bobyň hemmeler bilen düşünişmezligi bolanda, esasy mesele Bobyň özi bolup durýar.
12. Kiçigöwünlilik düzgüni: Özümiz bilen gatnaşyk etmekdäki ýeňillik beýlekilere özlerini biz bilen erkin duýmaklyga kömek edýär.
13. Nagym(okop) düzgüni: Göreşe taýynlanýarkaň özüň üçin şeýle bir okop gaz ki, oňa dostuň sygsyn.
14. Ekerançylyk düzgüni: Ähli gatnaşyklary kämilleşdirmek mümkin we zerur.
15. 101% düzgüni. Özüňizi kanagatlandyrýan 1 göterimi tapyň we 100% güýjüňizi şoňa sarp ediň.
16.Sabyr etmegiň düzgüni: Başgalar bilen syýahat etmek ýeke gezelençden has haýal. Uzak gitmek isleseňiz, bile gidiň; çalt gitmek isleseňiz, ýeke gidiň.
17. Birmeňzeş teňňäniň iki tarapy düzgüni: Gatnaşyklaryň hakyky synagy diňe bir dostlara şowsuz bolanda näderejede wepaly bolmak bilen çäklenmän, eýsem üstünlik gazananlarynda näçeräk begenýändigimizdir.
18. Simpatiýa düzgüni: beýleki zatlar deň ýagdaýda adamlar halaýan adamlary bilen işlemäge ýykgyn edýärler; deňsiz şertlerde hem şeýderler.
19. Hyzmatdaşlyk düzgüni: Bilelikde işlemek bilelikde ýeňiş gazanmak mümkinçiligini artdyrýar.