Hemmeleriň süýnýän (ýa-da ot açýan) ýyldyzlar diýip ynanýan jisimleri aslynda, ýyldyzlar bolman, olar Asman giñişliginde «syýahat edýän» gaty jisimler bolan meteoritlerdir.
Birnäçe tonna agramy bolan, gijede görüp bolýan meteoritler örän uly jisimlerdir. Has uly däl-de, kiçiräk meteoritler Ýerin atmosferasyna girenlerinde ýanýarlar. Ol jisimler Ýere zeper ýetirmedik halatynda meteoritler diýlip atlandyrylýar. Meteoritler köplenç balarylar yaly topar-topar bolup, «syýahat edýärler». Toparlaýyn hereket edýän jisimler Ýeriň howa giňişligine ýokary tizlik bilen girip ýanýarlar we soňra tebigatyň diýseň täsin feýerwerkleri,ýagny, meteorit görkezijisi bolup ýere gaçýarlar.