kamil
10.08.2023 20:45

Birnäçe kitaplaryň awtory we bedenden çykmagy (astral syýahat) barlap gören 40 ýaşly Sibirli barlag geçiriji Mihail Raduga düýşlerini kontrol etmek üçin drel arkaly kellesini deşip, beýnisine elektrod oturdypdyr. Tejribe barada ol öz Vkontakte hasabynda gürrüň berýär.

Raduga neýrohirurgiýa bilen gyzyklanýar we Internetdäki wideolardan ylym öwrenýär. Synanyşmazdan ozal ol tejribäni bäş gezek goýunlarda geçiripdir. Ol tejribäniň dowamynda gan ýitirmeginiň netijesinde ölümiň bäri ýanyndan gaýdandygyny aýdýar we beýlekilere bular ýaly tejribelerden uzak durmaklygy maslahat berýär. Raduganyň aýdyşyna görä tejribedäki esasy kynçylyklar onuň hirurgiýadan tejribesizligi sebäpli ýüze çykypdyr.

Ýöne ol hiç gynanmaýar sebäbi ol çip arkaly düýşlerini dolandyrmagy köpden bäri arzuw edýän eken. Ilki ol operasiýany özi dälde, professional hirurglara geçirtmegi meýilleşdirýär. Bular ýaly operasiýanyň kanuna garşy gelýänligi üçin hiç hili hirurg tapylmandyr, netijede onuň özi töwekgellige baş urýar. Elektrodyň goýulanyna bellibir wagt geçendigine garamazdan, ol hiç hili üýtgeşme görmeýändigini aýdýar.


Çeşme: Life.ru

20
252
gulshatayewa97
31 Yanwar 2024
Allajan adamlara akyl pikir bersindä🤦‍♀️
kamil
11 Awgust 2023
@okayjy, ýo bolýalaý hökman däl👍
kamil
11 Awgust 2023
@okayjy, Salam
okayjy
11 Awgust 2023
@kamil Dost señ diýen kitabyña ýok eken (
kamil
10 Awgust 2023
@olia, hakyky. Amerika-mümkinçilikleriň ýurdy🙂
olia
10 Awgust 2023
@kamil, maksatlarynyň yzynda gezmäge mümkinçiligi barda adamyň
kamil
10 Awgust 2023
@olia, öz potensialyňy tapsaň, ýatasyňam gelenok diýip eşidipdim. Diňe maksatlarynyň ugrunda gezýändirdä. 🤔
olia
10 Awgust 2023
@kamil, nadip energiya tapyaka😩
kamil
10 Awgust 2023
@olia, menem şoňa geň galdym. Hepdede 100+ sagat işleýän iň işli adamlaň biri diýip bilýädim. Ýöne şonda-da Musk 🔥👍
olia
10 Awgust 2023
@kamil, ishsizlay😕
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.