jemal_seyitniyazowa
11.05.2022 18:14
Söýmek diýilende dünýä dymýar
Sebäbi "Alla Tagalla" bu älemi söýgi bilen
________Ýaratdy_________
16
54
jemal_seyitniyazowa
29.04.2022 14:01
Eger siz bir "Kitap" bolsaňyz adyňyza näme goýardyňyz...♡
🙃
🙂
🙃
🙂 🦋💙🦋
🙃
🙂
...🙂🙃🙂🙃🙂🙃
19
238
jemal_seyitniyazowa
22.04.2022 06:03
Bir akyldardan iň mert adam kim bolýar diýip sorapdyrlar welin ol akyldar şeýle jogap beripdir:
Bagryndan önen balasyny topraga berip ýüzüni tutup aglap oturan enäni görkezip ine şul ene diýipdir.
Ýagny ol ene balasyny topraga bereninden soňam şükür edip gezyär. Alla berende begenip, alanda närazy bolup oturmaly däl ahyry bir balaň topraga girdi diýip özüň üçin beýleki balajyklaryň üçin sen güýçli durmaly...

Türkmenistanyň režisýory Gülälek Hezretgulyýewadan eşden setirlerim...♡
19
97
jemal_seyitniyazowa
20.04.2022 07:18
Ýylyň manysyna düşünmek üçin gutardyş synaglaryndan geçip
bilmedik talyba ýüz tutuň.
Bir aýyň gymmatyna düşünmek üçin wagty dolmadyk çaga
dogran ene bilen gürleşip görüň.
Hepdäniň gymmatyna düşünmek üçin hepdelik gazetiň redaktory
bilen söhbetdeş bolup görüň.
Bir sagadyň gymmatyna düşünmek üçin duşuşyga garaşýan aşykmagşuga
ýüz tutuň.
Bir minutyň gymmatynyň nähilidigini otludan gijä galan kişiden
sorap görüň.
Bir sekuntyň gymmatyny ýap-ýaňy bolup biläýjek uly awtomobil
heläkçiliginden aman galan kişiden soraň.
Bir millisekuntyň gymmatyna düşünmek üçin Olimpiýa
oýunlarynda kümüş medal alan türgene ýüz tutuň
Nanosekunt hakynda kompýuter beýnisiniň taslamaçysyndan
soraň.
Ömrüňiziň her bir sekunty — tutuşlygyna altyndyr.
Düýn — eýýäm taryha gitdi. Ertiriň nämeliginem bilen ýok.
Şu gün — uly peşgeş.
19
46
jemal_seyitniyazowa
jemal_seyitniyazowa
18.03.2022 06:38
Adam Ata Aleýhyssalam (bu dowamy soňundan başyny okamadyklar ilki başyny okap soň muňa geçip bilerler:)!!! ) Alla:"Eý Iblis! Buýruk beren wagtym seni sejde etmekden saklaýan zat nämedir?"
jemal_seyitniyazowa
jemal_seyitniyazowa
06.03.2022 10:28
Iki sany baý adam baýlygymyzy deňeşdireli diýişip öýlerine gaýdýar soňra bellenen ýere gelip 1-nji baý adam ulagynynyň gapysyny açýar welin altyn baýlyklary çogup dökülýär... Beýleki baý adamyň
jemal_seyitniyazowa
03.03.2022 20:37

Adam Ata Aleýhyssalam!

1-nji adam!
Şeýtanyň 1-nji duşmany!
Ilkinji Pygamber!
Melekleriň 1-nji sejde eden adamsy!
Ilki dünýä geleninden boýy bulutlaryň arasynda durýardy we soňra boýy kiçeldildi.
Ilki Allatagalla Adam Aleýhyssalama hemme atlary, maddalary, her zadyň ölçeglerini öwretdi.
500 ýyl jennetde 1000 ýyl dünýäde ýaşapdy!
Adamlaryň boýy Adam Aleýhyssalamdan soňra kiçelmäge dowam edipdir we häzirem kiçelmäge dowam edýär.
Allatagalla Adam Aleýhyssalamy ýaratjak bolanynda Jebraýyldan ýerden bir gysym toprak getirmesi üçin ugratdy.
  Ýer Jebraýyl Aleýhyssalama: men, seniň menden bir zat kemeltmegiňden meni erwet ýagdaýa getirmegiňden Allaha sygynaryn! Men seniň meni kemeltmegiňi islämok! Çünki Alla, menden bir halk ýaratmaly, bu halk Alladan üstün bolar. Alla, olardan ýaňa meni bir jeza bilen jezalandyrar diýdi!
  Ondan soň Jebraýyl Aleýhyssalam, ondan hiç zat alman yzyna gaýdýar, "Eý Rebbim! Ýer saňa sygyndy ony sygyndyrdym, Onuň üstünde durmagy, ony zorlamagy islemedim" diýdi.
  Beýik Allatagalla, ondan soňra Mikaýyl Aleýhyssalamy ugratdy. Ýer oňada Jebraýyl Aleýhyssalama aýdanlaryny aýtdy. Onuň etjek zady üçin ýene Allaha sygyndy. Mikaýyl Aleýhyssalam ony sygyndyrdy. Ýer özünden bir zat alynmasyndan Allaha sygynansoň, Mikaýyl Aleýhyssalam ondan hiç zat alman yzyna gaýdyp Allaha Jebraýyl Aleýhyssalamyň aýdyşy ýaly aýtdy.
  Mundan soň Beýik Allatagalla ýere ölüm melegini ugratdy. Ýer, ýene özünden alynjak zat üçin Allaha sygyndy. Ölüm melegi "Menem, Allahyň buýrugyny ýerine ýetirmän yzyma gaýtmagymdan. Allaha sygynaryn!" diýdi. Ýer ýüzünden aljagyny aldy we ýeke ýerden almady. Gyzyl, ak we gara toprakdan aldy we garyşdyrdy.
(Taberi-Ibn Sa'd-Tabakat-Tirmizi Sünen-Müsned).
  Hezreti Pygamber Sallallahu Aleýhi we sellem şeýle buýurýar:
  "Alla Tagalla Adamy Ýer ýüzüniň her tarapyndan gysylan bir gysym topragyndan ýaratdy. Munuň üçin Adam ogullary özlerindäki toprak mukdaryna görä, käbiri gyzyl, käbiri ak, käbiri gara, käbiri ýumşak, käbiri gaty, käbiri erbet, käbirleride gowy bolup geldiler". (Tirmizi, Tefsir,3).
  Şeýle, Ýer ýüzünden alynan toprakdan ýaradylany üçin, Adam Aleýhyssalama "Adam" ady berilipdir.  (Taberi-Ibn. Said-Tabakat-Tirmizi-Sünen-Müsned).
  20 müň ýyl meleklere mugallymçylyk etdi, görnüşi nur ýaly Ap ak bolan bulutlardan we ýerde sejde etmedik bir garyş Ýer goýmaýan, görnüşi boýunça meleklerden üstün bolan Iblis (Şeýtan) palçykdan ýugrulan ýetmiş alşyň boýunda ýerde ýatan Adam Aleýhyssalamyň skletini Jennetde görýär heňiz Adam Ataň ruhy üflenmedikdir.
  Melekler we Iblis Adam Aleýhyssalamyň baş ujuna gelip ony synlamaga başladylar "Bu kimdir? Nämä gerekli? Alla muny näme üçin ýaratdy?" diýip töwerege seredişerler. Şeýtan meleklere: " Eger Alla muny janlandyryp ruh üfläp direltse we sizden üstün etse näme edersiňiz?"
  Melekler: " Bu nähili sorag! Elbetde Rebbimize gulluk ederis" diýdiler.
  Şeýtan özünden üstün jandar ýaradyljakdygyny bileninde Adam Aleýhyssalama gusgançlygy başlaýar. (Hadys-i Şerif).
  Beýik Allatagallanyň, Hezreti adamyň (Aleýhyssalam) burnundan ruh üflänsoň. Adam Aleýhyssalam agyryp gözlerini açdy we "Elhamdülillahy Rebbil-älemin!" diýdi.
-Beýik Alla muňa "Ýerhamükallah!" (Alla saňa rähmet etsin!) buýurdy. Soňra "Men kim?" diýip sorady Adam Aleýhyssalam "Sen özüňden Beýik bolmaýan Alla'syň" diýdi. Beýik Alla "Dogry aýtdyň" buýurdy. Alla, Hezreti Adam (Aleýhyssalamy) juma güni ýaratdy we ol gün Jennete goýdy ruh bedenine ýuwaş-ýuwaş girýärkä jesediň her ýerinde gan emele geldi, soňra bilini dogrulady, ruhy bedenine ýuwaş-ýuwaş bütin bedenine ornaşdy. (Hadis-i Şerif) (Tirmizi).
Alla, "Hezreti Adam Aleýhyssalama sejde ediň. Hemme Melekler sejdä gitdiler, ýyllar boýunça şeýle galdylar emma ymamlar bolan Şeýtan sejde etmändir. Melekler diýdiler: "Eý Rebbim! Muny sejdä çagyrmadyň bizi sejdä çagyrdyň şükür üçin bir sejde edeliň!" Diýdi. Şeýdibem bilelikde ikinji sejdäni etdiler. Şeýtan sejde etmedigi üçin üstündäki nur gitdi ýüzi doňuzuň ýüzi ýaly boldy we betnyşan ýagdaýa geldi. (Hadys-y Şerif). Hezreti Adam Aleýhyssalam adamlaryň atasy bolany üçin Jennete her giren adam Hezreti Adam Aleýhyssalamyň bu owadan sypatynda girjekdir.
  Onuň boýunyň uzynlygy 30 metrdir!
Hezreti Adam Aleýhyssalamyň özünden soňky gelen agtyklary, häzire çenli onuň bedeniniň owadanlygyndan biraz bölegini ýitirmäge dowam etdiler". (Müslim,Jennet 28).

Dowamy bar...♡
20:37...♡
24
85
jemal_seyitniyazowa
jemal_seyitniyazowa
14.02.2022 11:35
Jynlar älemi?! Beýik Allatagallanyň taýsyz ýaratmak güýjüniň eseri bolan müňlerçe älemden ýekeje biri özüne çekiji bolmagyna garamazdan ürkidiji bolmagy mese mälimdir ýöne nähili hem bolsa bu gizli
jemal_seyitniyazowa
13.02.2022 11:35
Salam gowymysyňyz Žurnalistka näme ugur bolýarka we ýylda 10 sany adam kabul edilýändigi dogrymyka?!
13
118
jemal_seyitniyazowa
25.02.2021 10:50
Meniň bir gelnim
Şeýle bir gelin--
Beýle ajap gelin dünýäde ýokdur
Şeýle bir naharlar bişirýär welin
Kekre-de oň ýanynda tagamlyrakdyr

Aş bişirse--şerebedir şerebe
Çapady bişirse--duran bir daşdyr
Emma weli özi şeýle görmegeý
Özümem ýaş weli,
Gelnimem ýaşdyr,

Unaş bişirende--belkesi hamyr
Palaw bişirende--deň-ýary kesek
Çörek bişirende ýüzi gül-güldür,
Der-ýarysy küldür,
Deň-ýarsy kesek.

Çişlik bişirende--deň ýary kömür
Börek bişirende--öt ýaly ajy
Emma ýüregi bar duran bir göwher
Dilleri bar weli,
baldanam süýji.


Mundan öňki ömrüm biderek eken,
Indi üç ýyl bäri tukat günüm ýok,
Gaýgy,gussa diýilýän zatlaň
Adyn eşitsem-de,özün bilemok
Şeýle bir bälçik ol,
bir söz diýdigi
Adam bary burulup,
Şol güler ýatar

Üç ýyl bäri garnym gyzyl aç weli,
Şonda-da gaharym gelenok beter.

Ýeri,nädip oňa gaharym gelsin,
Ýüzüňe gyňralyp bakan mahalam,
Bir bälçigin aýdyp göýberýär welin
Şo bada güm bolup gidýär gaharym.

Onsaňam bir bälçikligin däl
Dökülýär elinden şeýle bir dürler
Çeken keşdesini gören adamlar
Başyn ýaykap,
ýaýkap,
ýaýkap giderler.

Alçaklyk,bälçiklik,eli çeperik,
Gyzlar üçin juda gerekdir welin
Jan eneler käte gyzlarňyzada
Nahar bişirmänem öwredeweriň....!!

Kerim Gurbannepesow
#ikinjipost'um
22
329