Adam Ata Aleýhyssalam!
1-nji adam!
Şeýtanyň 1-nji duşmany!
Ilkinji Pygamber!
Melekleriň 1-nji sejde eden adamsy!
Ilki dünýä geleninden boýy bulutlaryň arasynda durýardy we soňra boýy kiçeldildi.
Ilki Allatagalla Adam Aleýhyssalama hemme atlary, maddalary, her zadyň ölçeglerini öwretdi.
500 ýyl jennetde 1000 ýyl dünýäde ýaşapdy!
Adamlaryň boýy Adam Aleýhyssalamdan soňra kiçelmäge dowam edipdir we häzirem kiçelmäge dowam edýär.
Allatagalla Adam Aleýhyssalamy ýaratjak bolanynda Jebraýyldan ýerden bir gysym toprak getirmesi üçin ugratdy.
Ýer Jebraýyl Aleýhyssalama: men, seniň menden bir zat kemeltmegiňden meni erwet ýagdaýa getirmegiňden Allaha sygynaryn! Men seniň meni kemeltmegiňi islämok! Çünki Alla, menden bir halk ýaratmaly, bu halk Alladan üstün bolar. Alla, olardan ýaňa meni bir jeza bilen jezalandyrar diýdi!
Ondan soň Jebraýyl Aleýhyssalam, ondan hiç zat alman yzyna gaýdýar, "Eý Rebbim! Ýer saňa sygyndy ony sygyndyrdym, Onuň üstünde durmagy, ony zorlamagy islemedim" diýdi.
Beýik Allatagalla, ondan soňra Mikaýyl Aleýhyssalamy ugratdy. Ýer oňada Jebraýyl Aleýhyssalama aýdanlaryny aýtdy. Onuň etjek zady üçin ýene Allaha sygyndy. Mikaýyl Aleýhyssalam ony sygyndyrdy. Ýer özünden bir zat alynmasyndan Allaha sygynansoň, Mikaýyl Aleýhyssalam ondan hiç zat alman yzyna gaýdyp Allaha Jebraýyl Aleýhyssalamyň aýdyşy ýaly aýtdy.
Mundan soň Beýik Allatagalla ýere ölüm melegini ugratdy. Ýer, ýene özünden alynjak zat üçin Allaha sygyndy. Ölüm melegi "Menem, Allahyň buýrugyny ýerine ýetirmän yzyma gaýtmagymdan. Allaha sygynaryn!" diýdi. Ýer ýüzünden aljagyny aldy we ýeke ýerden almady. Gyzyl, ak we gara toprakdan aldy we garyşdyrdy.
(Taberi-Ibn Sa'd-Tabakat-Tirmizi Sünen-Müsned).
Hezreti Pygamber Sallallahu Aleýhi we sellem şeýle buýurýar:
"Alla Tagalla Adamy Ýer ýüzüniň her tarapyndan gysylan bir gysym topragyndan ýaratdy. Munuň üçin Adam ogullary özlerindäki toprak mukdaryna görä, käbiri gyzyl, käbiri ak, käbiri gara, käbiri ýumşak, käbiri gaty, käbiri erbet, käbirleride gowy bolup geldiler". (Tirmizi, Tefsir,3).
Şeýle, Ýer ýüzünden alynan toprakdan ýaradylany üçin, Adam Aleýhyssalama "Adam" ady berilipdir. (Taberi-Ibn. Said-Tabakat-Tirmizi-Sünen-Müsned).
20 müň ýyl meleklere mugallymçylyk etdi, görnüşi nur ýaly Ap ak bolan bulutlardan we ýerde sejde etmedik bir garyş Ýer goýmaýan, görnüşi boýunça meleklerden üstün bolan Iblis (Şeýtan) palçykdan ýugrulan ýetmiş alşyň boýunda ýerde ýatan Adam Aleýhyssalamyň skletini Jennetde görýär heňiz Adam Ataň ruhy üflenmedikdir.
Melekler we Iblis Adam Aleýhyssalamyň baş ujuna gelip ony synlamaga başladylar "Bu kimdir? Nämä gerekli? Alla muny näme üçin ýaratdy?" diýip töwerege seredişerler. Şeýtan meleklere: " Eger Alla muny janlandyryp ruh üfläp direltse we sizden üstün etse näme edersiňiz?"
Melekler: " Bu nähili sorag! Elbetde Rebbimize gulluk ederis" diýdiler.
Şeýtan özünden üstün jandar ýaradyljakdygyny bileninde Adam Aleýhyssalama gusgançlygy başlaýar. (Hadys-i Şerif).
Beýik Allatagallanyň, Hezreti adamyň (Aleýhyssalam) burnundan ruh üflänsoň. Adam Aleýhyssalam agyryp gözlerini açdy we "Elhamdülillahy Rebbil-älemin!" diýdi.
-Beýik Alla muňa "Ýerhamükallah!" (Alla saňa rähmet etsin!) buýurdy. Soňra "Men kim?" diýip sorady Adam Aleýhyssalam "Sen özüňden Beýik bolmaýan Alla'syň" diýdi. Beýik Alla "Dogry aýtdyň" buýurdy. Alla, Hezreti Adam (Aleýhyssalamy) juma güni ýaratdy we ol gün Jennete goýdy ruh bedenine ýuwaş-ýuwaş girýärkä jesediň her ýerinde gan emele geldi, soňra bilini dogrulady, ruhy bedenine ýuwaş-ýuwaş bütin bedenine ornaşdy. (Hadis-i Şerif) (Tirmizi).
Alla, "Hezreti Adam Aleýhyssalama sejde ediň. Hemme Melekler sejdä gitdiler, ýyllar boýunça şeýle galdylar emma ymamlar bolan Şeýtan sejde etmändir. Melekler diýdiler: "Eý Rebbim! Muny sejdä çagyrmadyň bizi sejdä çagyrdyň şükür üçin bir sejde edeliň!" Diýdi. Şeýdibem bilelikde ikinji sejdäni etdiler. Şeýtan sejde etmedigi üçin üstündäki nur gitdi ýüzi doňuzuň ýüzi ýaly boldy we betnyşan ýagdaýa geldi. (Hadys-y Şerif). Hezreti Adam Aleýhyssalam adamlaryň atasy bolany üçin Jennete her giren adam Hezreti Adam Aleýhyssalamyň bu owadan sypatynda girjekdir.
Onuň boýunyň uzynlygy 30 metrdir!
Hezreti Adam Aleýhyssalamyň özünden soňky gelen agtyklary, häzire çenli onuň bedeniniň owadanlygyndan biraz bölegini ýitirmäge dowam etdiler". (Müslim,Jennet 28).
Dowamy bar...♡
20:37...♡