jemal_seyitniyazowa
25.02.2021 10:50
Meniň bir gelnim
Şeýle bir gelin--
Beýle ajap gelin dünýäde ýokdur
Şeýle bir naharlar bişirýär welin
Kekre-de oň ýanynda tagamlyrakdyr

Aş bişirse--şerebedir şerebe
Çapady bişirse--duran bir daşdyr
Emma weli özi şeýle görmegeý
Özümem ýaş weli,
Gelnimem ýaşdyr,

Unaş bişirende--belkesi hamyr
Palaw bişirende--deň-ýary kesek
Çörek bişirende ýüzi gül-güldür,
Der-ýarysy küldür,
Deň-ýarsy kesek.

Çişlik bişirende--deň ýary kömür
Börek bişirende--öt ýaly ajy
Emma ýüregi bar duran bir göwher
Dilleri bar weli,
baldanam süýji.


Mundan öňki ömrüm biderek eken,
Indi üç ýyl bäri tukat günüm ýok,
Gaýgy,gussa diýilýän zatlaň
Adyn eşitsem-de,özün bilemok
Şeýle bir bälçik ol,
bir söz diýdigi
Adam bary burulup,
Şol güler ýatar

Üç ýyl bäri garnym gyzyl aç weli,
Şonda-da gaharym gelenok beter.

Ýeri,nädip oňa gaharym gelsin,
Ýüzüňe gyňralyp bakan mahalam,
Bir bälçigin aýdyp göýberýär welin
Şo bada güm bolup gidýär gaharym.

Onsaňam bir bälçikligin däl
Dökülýär elinden şeýle bir dürler
Çeken keşdesini gören adamlar
Başyn ýaykap,
ýaýkap,
ýaýkap giderler.

Alçaklyk,bälçiklik,eli çeperik,
Gyzlar üçin juda gerekdir welin
Jan eneler käte gyzlarňyzada
Nahar bişirmänem öwredeweriň....!!

Kerim Gurbannepesow
#ikinjipost'um
22
328
jemal_seyitniyazowa
10 Sentýabr 2021
IDEALLIDER,salam👋
Myhman Myhman
10 Sentýabr 2021
Salam Roma)
ideallider
6 Iýul 2021
JemalSeyitniyazowa, Salam
safia
25 Fewral 2021
Ovezova_,Ok👍
safia
25 Fewral 2021
Ovezova_,ysy birhiliräk.Şondan başga galan nahary halaýan.

Duza at dakmak birhilirägem welin.Damak tadym almiyo
Ovezova_
25 Fewral 2021
safia, wi nm un

safia, kop kisin isdasem alyp baranok yone
safia
25 Fewral 2021
Ovezova_,menä merjimegi halamok.
Ovezova_
25 Fewral 2021
JemalSeyitniyazowa, 😁😉
jemal_seyitniyazowa
25 Fewral 2021
Ovezova_,Baş üstüne😋🤗
Ovezova_
25 Fewral 2021
JemalSeyitniyazowa, suada kan ishdam yok iyesim gelse hokman aydaryn

Yone merjimek bolsa iyerin 😋
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.