Ýylyň manysyna düşünmek üçin gutardyş synaglaryndan geçip
bilmedik talyba ýüz tutuň.
Bir aýyň gymmatyna düşünmek üçin wagty dolmadyk çaga
dogran ene bilen gürleşip görüň.
Hepdäniň gymmatyna düşünmek üçin hepdelik gazetiň redaktory
bilen söhbetdeş bolup görüň.
Bir sagadyň gymmatyna düşünmek üçin duşuşyga garaşýan aşykmagşuga
ýüz tutuň.
Bir minutyň gymmatynyň nähilidigini otludan gijä galan kişiden
sorap görüň.
Bir sekuntyň gymmatyny ýap-ýaňy bolup biläýjek uly awtomobil
heläkçiliginden aman galan kişiden soraň.
Bir millisekuntyň gymmatyna düşünmek üçin Olimpiýa
oýunlarynda kümüş medal alan türgene ýüz tutuň
Nanosekunt hakynda kompýuter beýnisiniň taslamaçysyndan
soraň.
Ömrüňiziň her bir sekunty — tutuşlygyna altyndyr.
Düýn — eýýäm taryha gitdi. Ertiriň nämeliginem bilen ýok.
Şu gün — uly peşgeş.