jemal_seyitniyazowa
18.03.2022 06:38
Adam Ata Aleýhyssalam (bu dowamy soňundan başyny okamadyklar ilki başyny okap soň muňa geçip bilerler:)!!! )

Alla:"Eý Iblis! Buýruk beren wagtym seni sejde etmekden saklaýan zat nämedir?" Diýip sorady. Iblis: "Men ondan has üstündirn. Çünki meni o:tdan ony bolsa palçykdan ýaratdyň" diýdi. Alla: "Onna sen derrew düş ol Jennetden! Ol ýerde uly gürlemegiň gerekdäl hakyň ýok bol çalt çyk! Sebäbi sen nadan kişilerden birisiň!" buýurdy. Hezreti Adam Aleýhyssalam Jennetde gezip ýörkä bir gün ukusy geldi we ýatdy. Ýatyrka Alla! Hezreti Adam Aleýhyssalamyň çep süňklerinden birini aldy we ýerine et doldurdy soňra ol süňklerinden How enäni ýaratdy. Hezreti Adam Aleýhyssalam oýanansoň seretdi welin biri ýanynda durdy. Hezreti Adam Aleýhyssalam:
-"Sen kim bolýaň?".
+"Men bir zenan".
-"Zenan näme diýmek".
+"Seniňýoldaşyň Men How enedirn".
-"Sen näme üçin ýaradyldyň?".
+"Men saňa ýorgan, senem maňa ýorgan bol diýip".
Alla: "Eý Adam! Senem ýoldaşyň bilen bilelikde Jennete ýerleşiň. Islän ýeriňizde islän miwäňizi alyp iýiň, içiň. Emma şu agaja ýakynlaşmaň, ýogsam zalymlardan bolarsyňyz!" Buýurdy.
  Şeýtan bu ýagdaýdan rahatsyz boldy we olary Jennetden çykarmak üçin  pikirlenip başlady.
  Iblis Jennete girmek isleýän wagty Jennetiň garagullary oňa päsgel boldylar. Soňra ýylan geldi.
   Ol dört aýagy bolan bor haýwany, bir Horasan düýesine meňzeýärdi. Ol hatda haýwanlaryň iň owadanlarydy.
   Şeýtan bütin beýleki haýwanlara buýurdy, emma hiç kim ony kabul etmedi, emma ýylan ony kabul etdi we ýugutdy. Jennet garagullaryna görkezmän ony Jennete girensoň, Iblis onuň agzyndan çykyp was-wasylyga başlady.
  Ine şeýdibem ýylan näletlendi, aýaklary ýok boldy we garnynyň üstünde süýrenip başlady. Onuň rysgaly toprakda galdy we mundan soňra Adam ogluna duşman boldy".
  Iblis olary ters ýola getirmek üçin Allahyň rugsat bermeýän ol agajynyň miwesinden goparyp How enä getirdi.
  Seret bu agaja, ysy nähili gowy, miwesi nähili süýji, reňki nähili owadan!" Diýdi.
  Şeýdip, How ene ol miweden iýmäge başlady; soňra ony Adam'a-da getirdi we Iblisiň özüne aýdyşy ýaly "Seret bu agaja, ysy nähili gowy, miwesi nähili süýji, reňki nähili owadan!" Diýdi.
  Adamam ondan iýdi. Uýat ýerleri göründi Adam derrew agajyň köwegine girdi.
  Rebbi: "Adam nirede sen?" Diýdi....
  "Bärde Men Eý Rebbim!" Diýensoň.
"Çykjakdälmi?" Diýdi.
  Adam Ata "Senden utanýaryn Eý Rebbim!" Diýdi. Derrew nyýaza durdular. "Rebbimizi öz-özümize duşman etdik". Eger bizi bagyşlamaz we bize merhemet etmese gürrüňsiz ebedi ýitirenlerden bolarys".
  Alla buýurdy: "Bir biriňize duşman bolup Jennetden düşüň". Indi ýerýüzüne ýerleşip we belli bir wagta çenli ol ýeriň nygmatlaryndan peýdalanarsyňyz". Ol ýerde ýaşap, ol ýerde ölüp kyýamat gününi täzeden ol ýerde direldilip çykarylarsyňyz". (A'räf süresi 23-24-25 ).
  Hezreti how ene Jiddaha Hezreti Adam Aleýhyssalam bolsa Hindistana ugradyldylar.
  Hezreti How ene we Hezreti Adam Aleýhyssalam Arafat diýilýän ýerde duşdular we Hezreti Adam Aleýhyssalam bilen Hezreti How ene toy etdiler.
Hezreti How enäniň 20 gezek çagasy boldy. Her çaga bolanynda ekiz çaga boldy we jemi 40 sany çaga dünýä indirdi. Çagalar çapraz bolup toý edip köpeldiler.
   Ýer ýüzündäki ilkinji jenaýaty Hezreti Adam Aleýhyssalamyň ogly Kabyl etdi. Kabyl bilen Lubed doguldy. Lubed has owadandy we Kabyl onuň bilen toý edesi  gelýärdi.
   Hezreti Adam Aleýhyssalam ol wagt: "Allah'yň ýoluna zat beriň eger Alla haýsyny kabul etse ol Lubed bilen toý eder". Diýdi.
  Habyl has owadan goýun berdi we Habylyň goýuny kabul boldy. Kabyl Habyly ýatyrka kellesine bir taş urup öldürdi.
   Bu ýagdaýdan soňra Adam Aleýhyssalam Kabyly kowdy. Birnäçe wagtdan soň Kabyly öz ogly öldürdi.
   Hezreti Adam Aleýhyssalam, dünýäň ýüzünde 1000 ýyl ýaşady. How enäniň 21-nji gezek çagasy boldy we ilkinji gezek ýekeje çaga dogulypdy. Olam geljekdäki Şid Pygamberdi.


   Ýöne ýere aýdylmandyr,
Näme bar bolsa älemde,
Hemmesi biz adamda...

6:38...♡
20
174
jemal_seyitniyazowa
18 Mart 2022
LORD,bolýa
jemal_seyitniyazowa
18 Mart 2022
LORD,meňem diňlän videolarymda Kur'any Kerimi yzarlap aýdýalar siz türkçe bilýäňizmi?
jemal_seyitniyazowa
18 Mart 2022
LORD, Her molla öz bilenini okar diýilişi ýaly-da 🙂 ýagny meň goýan postum ýalňyşmy siz üçin we Banuçiçek üçin!? Şuňa jogap beriň menem bir zat diymek isleýän

Sonagyz,bolýa bolýa
jemal_seyitniyazowa
18 Mart 2022
Sonagyz, arman teswiriňizi pozupsyňyzda ýogsam menem 3gezek okadym ýalňyş okaýdymmykam diýip ýeri bolýala:)
jemal_seyitniyazowa
18 Mart 2022
LORD,howa menem olary diňledim men bulary okamok türkleriň videolaryndan öwrenýän men bir videony terjime edip post goýdum siziň aýdýanyňyzam meň ýazga geçiren videomda dälde başga bir bölüminde aýratyn giňişleýin bar düşündirip bildimmi? Menem dini orginal görnüşde düşündirip bilýänlerden diňleýän ahyry! Çen gelenleri diňlämok belli diňleýänlerim bar🙃🙂
jemal_seyitniyazowa
18 Mart 2022
Sonagyz,Kimdigini menem bilmek islärdim..
jemal_seyitniyazowa
18 Mart 2022
Isleseňiz suraty üýtgedip bilern ýöne bu posta bimany diýmegiňize gynandym dogrusy...ýogsa-da dogry sözüň dossy ýoga:(
jemal_seyitniyazowa
18 Mart 2022
Sonagyz, Surat posty doly okan bolsaň manysy belli (🙂dislike basan menmi?)

Surat Kabylyň Habyly ýatyrka daş bilen öldürip duruşy
jemal_seyitniyazowa
18 Mart 2022
LORD, şol wagt diňe Atam Ata Aleýhyssalama rugsat berilipdir ýöne soň haram edilipdir.

Sonagyz, o nähili bimany?

LORD, ol hem siziň eşdişiňiz
м....
18 Mart 2022
Salam hemma ..... ertiriniz hayyrly bolsyn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.