ilhano_va
14.03.2024 01:44
Biz nämüçin ýüregmiziň deregne
Bagt hakynda aýdymlary diňledik?
Nämüçin şunça ýyl awtobuslaryň
"Bagt köşke" gidýänine münmedik?

Duýgusy daşyna çykýan suratlaň
Göwherden, gyzyldan bolsa-da içi,
Toý lybasda düşülmese, barybir,
Pozmaly boljagny bilmedik neçün?!

Kesirligňe näme düşdi, aýtsana,
Neçün gedemligim utuldy utman.
Özüni belentde goýmaň deregne,
Nämüçin biz bilen deň boldy ykbal?!

Aman­gel­di Ýegenov
25
86
ilhano_va
11.03.2024 20:40
Sen sazymyñ notasyny çitikle,
Men dokuzynjy oktawada garaşjak.
Sen gel, aýyñ ýalkymyny etekläp,
Men goşgy goşjak.

Gijäniñ gözünde görünse uky,
Ýyldyzlar hüwdüsine hiñlense,
Saña aýtmak islän setirlem baky,
Gözleriñde gizlense.

Asmanyñ jülgesinde oturyp,
Kirpiklerñi gözleriñe batyryp,
Hyýalymy ellerime alaryn,
Ýazaryn,
Gündizin ýañagynda yz goýup,
Notanyñ altynjy çyzygyn goşjak,
Towy gutarynça kalbymdan söýüp,
Men goşgy goşjak...

Remezan Mâmetgurbanow
29
50
ilhano_va
11.03.2024 02:16
Ynha! Bugün 11 aýyň soltany Ramazan aýy geldi Alla şükr bu Remezan aýynda biz hem dem alyp ýaşap ybadat edip ýörüs. Alla şükr Mübarek Remezan aýynda ähli ybadatlarymyzy edip bileris.
Remezan aýynda eden dilegleriňiz,okan namazlaryňyz,tutan orazalaryňyz, beren sadakalaryňyz, beýik Allaň derğähinde kabul bolsun goý inniki ýyllardada Remezan aýynyň sogaplaryndan ganmak hemmâmize nesip etsin İnşAllah Allajan 🤲🏼

İlhano_va
32
73
ilhano_va
10.03.2024 22:57
Pursatlaň gulpuna baglanyp galdy
Armanlarmyň nepesine miýmiräp.
El uzatsam,boşluk gurşar aramyz,
Ho:ol ýanda duransyň gyz deý sülmüräp.

Aý bolup bakarsyň käte asmandan,
Kä sönen ýyldyz deý gaýyp bolarsyň.
Tutuş süňňüm elegiňden geçirip,
Umyt-ynamymy süzüp alarsyň.

Ýene bir gün Kuýaş bile dogarsyň
Dünýäme öz dünýäň ýalkymyn saçyp.
Kä zülplerim oýnap,özüň güjeňläp,
Gidersiň şemal deý deňimden geçip.

Dünýämde gök gürlär,ýyldyrym çakar,
Gözlerim çydaman döker ýagyşyn.
Elimden sypar-da asmana uçar
Yzyna seretmän köňlüm – ak guşum.

Uç,guşum,ganat ýaý,bakma yzyňa,
Süýşýän bulutlaryň başyn çekiber.
Degmese degmesin eýäňe nepiň,
Göwünlerde umyt şemin ýakyber.
33
85
ilhano_va
10.03.2024 19:29
Baýlyk bilen abraý hemme adamyň islegi. Emma bular dogry ulanylmasa tiz ýiter. . .
31
88
ilhano_va
10.03.2024 16:26
Meni duşuşyklar tolgundyrmady,
Aýralyklar meni goýmady gama.
Mende göwün baryn bilmediklerem,
Gep bilen göwnüme salmady ýara.

Pikirem etmändim, «Ýalňyşlarymyň
yzasy bu ýerde duýulmaz» diýip.
Indi hergiz, hoşal bolup ýatlaryn,
«Hiç waka bolmandy bu ýyllar» diýip.

Üýtgemedi diňe her säher-her şam,
Bir zada garaşyp gezmek gylygy.
Ýöne öňkimdenem bäş beter söýdüm,
Ýaşaýyş diýilýän baýramçylygy.

Ömrümiň bagyny bezejek güller,
Wagtynda açyldy, wagtynda soldy.
Töhmetler, wadalar, ynandyrmalar,
Umytly garaşmak... ählisi boldy.

Mal-garamyz tükel, öýümiz abat,
Şapaklar asuda saralýar, solýar.
Dünýäň öz erkimde däldigine welin,
Birhili, azajyk gynanjak bolýan.

Boldy duşuşyklar, ynandyrmalar,
Soňsuz garaşmalar,kasam-wadalar.
Bolupdy, bolupdy bolupdy emma,
Sähelçe zat zerur eken adama.

Çary Ýegenmyradov
36
50
ilhano_va
10.03.2024 12:24
Öýünde bagtly adamlar-hakyky bagtly adam diýýäler.
Gör adamlar bagtsyzlyğyn nähili owadan kesgitlemesini tapypdyrlar. . .
34
99
ilhano_va
10.03.2024 01:05
Asmanda Aý köz dek körän mahaly,
Duýgularym bilen galamda ýeke.
Ýyldyz maňa, men ýyldyza göz gyrpyp,
Öz ynsabym bilen gyzamda gepe
Ýylgyrýaryn sypap gara kellämi:
"Meniň ýaman gowy ýalňyşlarym bar".

Uçmany guşlardan öwrenmedim men,
Batbörekden ylham aldy ýaşlygym
Pursatlaň içinde tarhan ýaşadym,
Mümkin şondan hälem kakabaşlygym.
Ýatlaýan biperwaý uçan pillämi:
"Meniň ýaman gowy ýalňyşlarym bar".

Köp köwüş tozdurdym gyýçakly ýolda,
Aýak ýeter ýere pyýada gitdim.
Diwanalar bilen, däliler bilen
Kän kafe-restoran zyýarat etdim.
Synlap zyýaratda geýen hüllämi:
"Meniň ýaman gowy ýalňyşlarym bar".

Obaň ýagyrnysyn ýumşadan jala
Düme duýgulara jan beren wagty.
Ätiýaçly pikirlere ot berip,
Töwekgellik bilen tapamda bagty
"Sen ýalňyşýaň oglum!" diýlen men dälmi?!
"Meniň ýaman gowy ýalňyşlarym bar".

Ýylgyrýaryn sypap gara kellämi,
Ýatlaýan biperwaý uçan pillämi,
Synlap zyýaratda geýen hüllämi,
"Sen ýalňyşýaň oglum!" diýlen men dälmi?!
"Meniň ýaman gowy ýalňyşlarym bar".

Aşyr Asyrov
27
45
ilhano_va
09.03.2024 19:34
Sag elimiň gysymynda çep elim,
Ähli güýjüm bilen saklap otyryn.
Ýap-ýaňydy ýalňyzlygy çekenim,
Men häzir özümem tapman otyryn.

Kä pursatlar ýitip gidýär serimden,
Kä pursatda özüm ýitýän, geň gerek?!
Goşgy maňa demin alman garaşýar...
Maňa bolsa ýazmak üçin dem gerek,

hem sen gerek, ýogsa bilýän, sözlermi
geň görüp, birhili üşerýänsiňem.
Wah, men öz-özümi açyp bilemok,
Sen bir öz-özüňe düşünýänsiň-ä?!

Özümi ýitirip, saňa gowuşdym,
Senem indi meni gözle basymrak.
Seret, ho-ol oturan men dälmi eýse,
Sag elinde çep elini gysymlap...

Aýgül Baýadova
27
60
ilhano_va
09.03.2024 15:57
Hiç kime gereğinden artyk gadyr görkezmäň. . . Çünki olar gadyrsyz yerlerde görünmäni halaýalar edil özleri ýaly. . .

İlhano_va
34
91