ilhano_va
10.03.2024 22:57
Pursatlaň gulpuna baglanyp galdy
Armanlarmyň nepesine miýmiräp.
El uzatsam,boşluk gurşar aramyz,
Ho:ol ýanda duransyň gyz deý sülmüräp.

Aý bolup bakarsyň käte asmandan,
Kä sönen ýyldyz deý gaýyp bolarsyň.
Tutuş süňňüm elegiňden geçirip,
Umyt-ynamymy süzüp alarsyň.

Ýene bir gün Kuýaş bile dogarsyň
Dünýäme öz dünýäň ýalkymyn saçyp.
Kä zülplerim oýnap,özüň güjeňläp,
Gidersiň şemal deý deňimden geçip.

Dünýämde gök gürlär,ýyldyrym çakar,
Gözlerim çydaman döker ýagyşyn.
Elimden sypar-da asmana uçar
Yzyna seretmän köňlüm – ak guşum.

Uç,guşum,ganat ýaý,bakma yzyňa,
Süýşýän bulutlaryň başyn çekiber.
Degmese degmesin eýäňe nepiň,
Göwünlerde umyt şemin ýakyber.
33
85
sabyrly
11 Mart 2024
Awtory kimkä gowy goşgy eken
amanmyradowna_
11 Mart 2024
@flowers_, gitdà çagalar gowja bolsa
flowers_
11 Mart 2024
@elya, Salam! Hawa @amanmyradowna_,sen aýtma, öýe gidesim geldi birden(
amanmyradowna_
11 Mart 2024
@flowers_, gòzùñe yssy gòrùndimi😊
flowers_
10 Mart 2024
@ezizhan_hallyyew, şol hakyt)
flowers_
10 Mart 2024
🧐Gökdepe Metjidimi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.