Asmanda Aý köz dek körän mahaly,
Duýgularym bilen galamda ýeke.
Ýyldyz maňa, men ýyldyza göz gyrpyp,
Öz ynsabym bilen gyzamda gepe
Ýylgyrýaryn sypap gara kellämi:
"Meniň ýaman gowy ýalňyşlarym bar".
Uçmany guşlardan öwrenmedim men,
Batbörekden ylham aldy ýaşlygym
Pursatlaň içinde tarhan ýaşadym,
Mümkin şondan hälem kakabaşlygym.
Ýatlaýan biperwaý uçan pillämi:
"Meniň ýaman gowy ýalňyşlarym bar".
Köp köwüş tozdurdym gyýçakly ýolda,
Aýak ýeter ýere pyýada gitdim.
Diwanalar bilen, däliler bilen
Kän kafe-restoran zyýarat etdim.
Synlap zyýaratda geýen hüllämi:
"Meniň ýaman gowy ýalňyşlarym bar".
Obaň ýagyrnysyn ýumşadan jala
Düme duýgulara jan beren wagty.
Ätiýaçly pikirlere ot berip,
Töwekgellik bilen tapamda bagty
"Sen ýalňyşýaň oglum!" diýlen men dälmi?!
"Meniň ýaman gowy ýalňyşlarym bar".
Ýylgyrýaryn sypap gara kellämi,
Ýatlaýan biperwaý uçan pillämi,
Synlap zyýaratda geýen hüllämi,
"Sen ýalňyşýaň oglum!" diýlen men dälmi?!
"Meniň ýaman gowy ýalňyşlarym bar".
Aşyr Asyrov