ilhano_va
10.03.2024 16:26
Meni duşuşyklar tolgundyrmady,
Aýralyklar meni goýmady gama.
Mende göwün baryn bilmediklerem,
Gep bilen göwnüme salmady ýara.

Pikirem etmändim, «Ýalňyşlarymyň
yzasy bu ýerde duýulmaz» diýip.
Indi hergiz, hoşal bolup ýatlaryn,
«Hiç waka bolmandy bu ýyllar» diýip.

Üýtgemedi diňe her säher-her şam,
Bir zada garaşyp gezmek gylygy.
Ýöne öňkimdenem bäş beter söýdüm,
Ýaşaýyş diýilýän baýramçylygy.

Ömrümiň bagyny bezejek güller,
Wagtynda açyldy, wagtynda soldy.
Töhmetler, wadalar, ynandyrmalar,
Umytly garaşmak... ählisi boldy.

Mal-garamyz tükel, öýümiz abat,
Şapaklar asuda saralýar, solýar.
Dünýäň öz erkimde däldigine welin,
Birhili, azajyk gynanjak bolýan.

Boldy duşuşyklar, ynandyrmalar,
Soňsuz garaşmalar,kasam-wadalar.
Bolupdy, bolupdy bolupdy emma,
Sähelçe zat zerur eken adama.

Çary Ýegenmyradov
36
50
ilhano_va
10 Mart 2024
@tim_, +++
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.