Sag elimiň gysymynda çep elim,
Ähli güýjüm bilen saklap otyryn.
Ýap-ýaňydy ýalňyzlygy çekenim,
Men häzir özümem tapman otyryn.
Kä pursatlar ýitip gidýär serimden,
Kä pursatda özüm ýitýän, geň gerek?!
Goşgy maňa demin alman garaşýar...
Maňa bolsa ýazmak üçin dem gerek,
hem sen gerek, ýogsa bilýän, sözlermi
geň görüp, birhili üşerýänsiňem.
Wah, men öz-özümi açyp bilemok,
Sen bir öz-özüňe düşünýänsiň-ä?!
Özümi ýitirip, saňa gowuşdym,
Senem indi meni gözle basymrak.
Seret, ho-ol oturan men dälmi eýse,
Sag elinde çep elini gysymlap...
Aýgül Baýadova