ilhano_va
22.12.2023 00:59
Ejiz adamlara howandar bolmak
Meninem borjumdyr,
Seninem borjun.
Sol borjun önünde ejizlemesen,
Tä ömrün ötinçä sylagly borsun.

Onson barypýatan ilogly borsun.
Ejizi goldasan il seni goldar.
Ilin goldaýarmy – salkyndyr tomsun,
Kyrkçillän buzunda daragtyn güllär.

Her basan ýerini ulus-il bellär.
Adyn il içinde bolar soragly,
Bir goja tansymyn aýdysy ýaly,
O dünýe, bu dünýe
borsun sylagly.

O dünýe diýmeklik näme diýmekkän?
Bu sowal üstünde oýlanyp köp ýyl,
Ahyrsony seýle netijä geldim:
Senden ile galjak terbiýe, akyl,
Bilim, paýhas, edep, adamkärçilik,
Ýagsy at, ýagsy söz – sodur o dünýä
Bu dünýä inende ynsan diýen zat
Seýdip o dünýäsin maksat edinýä.
...Ejiz adamlara howandar bolmak
Onunam, meninem, seninem borjun.
Emma dine ejizlere gol berip,
Güýçlini unutsan,
günäkär borsun.

Ejizin ýüregne iki söz bilen
Basyp bolýan bolsa ýitmejek gara,
Güýçlinin ýüregne
ýeke söz bilen
Salyp bolar käte bitmejek ýara.

Ejize delalat,
Güýçlä hemaýat –
Biri-birisinden zerur gylykdyr.
Ejizi goldamak – uly zerurýet.
Güýçlini goldamak gahrymanlykdyr.


Kerim Gurbannepesow
25
30
ilhano_va
21.12.2023 18:48
Seniň gözleň garalygy
gijeki asmana meňzeş.
A men weli, şol asmandan
zemine gaçýana meňzeş.

Stoluň başynda, maşynda, ýolda,
Uky, oýalykda,
bilýärin aýan,
Men
asmana däl-de,
zemine däl-de,
Seň gözüňden onuň çuňlugna gaçýan.

Onuň düýbi näme?
Seniň mähriňmi?
Aslynda, düýp barmy,
bilip bilemok.
Maňa gözleň çuňlugyna gaçma bar,
Emma onuň çuňlugyna ýetme ýok.

Ýykylyp ynjaýma diýýän mysaly,
Gözleriň çuňlaşyp barýar ýene-de.
Şol gaçyp barýaryn seniň päkligňe,
Seň söýgiňe — iň bir inçe senede.

Söýdüm çyn ýürekden, şo boldy bagtym,
Söýdüm bilbilleriň söýşi dek ýazy.
Kämillik ýaşyna ýetmedik wagtym,
Kämillik ýaşyna ýetmedik gyzy.

Misli maňa beren ýaly rugsadym,
Söýdi başga birin gül açan gözel,
Kämillik ýaşyndan geçen pursatym,
Kämillik ýaşyndan geçen şol gözel.

«Munuň günäkäri sen däl! — diýdiler —
Munuň günäkäri başlangyç duýgy —
Kämillik ýaşyna ýetmedik wagtyň,
Kämillik ýaşyna ýetmedik söýgi.

Söýgi öýlänçi däl, birden gelenok,
Söýgi ýyllar boýy jem bolýan duýgyň.»
...Onda neçün şindem takat berenok
Kämillik ýaşyna ýetmedik söýgim?

Kerim Gurbannepesow
30
55
ilhano_va
21.12.2023 14:33
Örän syrdam, salyhatly ýörände,
Köýnegi gök, ak bolmaly ýüzleri.
Iňrikden soň gije ýere garanda,
Öpdüm onuň gije gaçan gözlerin.

Gündizler sünnäläp suratyn çekdim,
Gijeler düýşümde janlandy surat.
Sakgal-murtum syryp, şähere çykdym,
Bar gözlegim boldy şol syrdam syrat.

Sökdüm ýakyn-yrak ençeme ýoly,
Ahyr şol gözele gözlerim düşdi.
Ol bolsa, hiç zada düşmeýän ýaly,
Öz pikiri bilen duşumdan geçdi.

Men gygyrjak boldum onuň yzyndan,
«Düşün ahyr, düşün seni gözleýän.
Oýlan meniň düýşüme-de giripdiň,»
Diýip, dil däl, ýürek bilen sözleýän.

Geçip gitdi şowurdadyp köýnegin,
Gözi gara, köýnegi-de gök eken.
Şu gözeldi meniň ähli gözlegim,
Ýöne gözel meni gözlänok eken.


Goşgy
30
42
ilhano_va
21.12.2023 11:16
K. Baýrammyradowyň
ýadygärligine

Ýyldyrym – dünýäniň, uly gudraty.
Emma ähli ömri ýekeje demdir.
Gylyç dek lowurdap gynyndan çykar.
Ýene görseň gözden ýitip gidendir.

Emma eýýäm etjegini edendir.
Etjegin eder-de gözüňden ýiter:
Ýalkasa – ýagtysy ýeter ömrüňe,
Gargasa – garasy ömrüňe ýeter.

Gijedi. Garady kömürden beter,
Şähere barýardym. Ýyldyrym çakdy.
Azaşan ekenim. Düzeldi başym.
Sowuldym. Öňümden ak ýoda çykdy.

Ol ýoda şähere getirdi meni.
Şäher uklap ýatyr. Ne ses bar, ne üýn.
Ýok, maňa ses däl-de, yşyk gerekdi
Barmaly jaýymy saýgarmak üçin.

Onýança ýene-de ýyldyrym çakdy.
Okadym diwarda köçäniň adyn.
Barşym ýalňyş eken. Sowuldym sola.
Aýaklam düşensoň gerekli ýola,
Indi ýöräp däl-de,
Uçup barýardym.

Edil şo bada-da arka ýüzümden
Aýak sesi geldi. Bakdym yzyma.
Iki eýmenç gara gözüme ildi.
Yzyma ýöredim – gitdi yzyna.
Öňüme ýöredim – düşdi yzyma.
Birdenem köçeden öwrülip çepe,
Agajyň astynda aýak çekdiler.
Onýança-da meňzäp altyndan ýüpe,
Ýene bir ajaýyp ýyldyrym süýndi.
Şol gara agajyň üstünden indi.
Şondan soň gözüme ne agaç ildi,
Ne gara ildi...

Ýolum dowam etdim. Onýança ýene
Atyldy ýyldyrym. Ýagtyldy bir jaý.
Işigini kakdym. Çyra ýakyldy.
Onýança-da gapy açyldy, heýjan!

Girdim. Şo bada-da bagra basyldym,
Birden nur çaýylyp garaňky aýna,
Has uzyn, has ajap ýyldyrym süýndi
Açyldy alnymda bir uly dünýä.

Kerim Gurbannepesow
31
41
ilhano_va
21.12.2023 00:49
Perwaýsyz bakyşlaň dadyn alaryn sowuk kofemde,
Sowar kofe, sowar gije, sowar alysda ýyldyz, Aý.
Özüm oklaryn deňze, duýmaz janly-jemende,
Daňdan ýene dolanaryn, tapman janyma başga jaý.

Sen düşünjek bolarsyň maňa uzaklardan bakyp,
Müňýyllyklary dörüp men özümi gözläp ýörkäm,
Ýat ýetimden el bularsyň, göýä ki päk çagalyk
Utanyp kirlän ruhumdan, boş sözlere gizläp ýörkäm.

Bir goşgy geler, penjiräm kakar durar, açmaryn,
Yzarlaryn uzaklaýan söýgiň aýak sesini.
Ýalňyzlyk sypar ýene ir agaran saçlarym,
Diňläris bulut bürän aýyň pelsepesini.

Bir gurt uwlar gursagymda,
bir dem diňer, saz, pelsepe, owarra...
diýersiň sen ýene-de,
Saňa bir zada bolýa...

Nejep Baýat
25
26
ilhano_va
20.12.2023 16:46
Irden synladym Günüň doguşyn,
Öýlän synladym onuň ýanyşyn,
Agşam synladym onuň ýaşyşyn.
Üçüsem ajap. Şeýdip dogulsyn,
Şeýdip ýaşalsyn,
Şeýdip ýaşylsyn.

Ýer şarynyň ýüzden togsan essesi
Özleşmedik meýdan bilen okean.
Heniz adamzadyň kellesinde-de
Şonça özleşmedik ýer bardyr öýdüp
Başym ýaýkaýan.

Ömür hakda pikir etseň
Ölüm öýkelärmişin.
Ölüm hakda pikir etseň –
Ömür öýkelärmişin.

Ine saňa gerek bolsa
Iki sany öýkelek.
Öýkelet sen ikinjini,
Gije-gündiz öýkelet!

On tonna şöhraty omzuna atyp,
Şonça ýüki duýman gelýär bir adam.
Bir mysgal şöhraty agzyna atyp,
Prospekte sygman gelýär bir adam.

Kerim Gurbannepesow
32
27
ilhano_va
20.12.2023 10:35
Bu, elbetde, biziň üçin gülküli,
Ýöne şeýle zadyň bolanlygy hak.
«Aýal adammyşmy ýa-da dälmişmi?»
Diýen gün tertipli uly bir ýygnak
Bolanmyş bir çak.

Turupdyr şeýle bir uly galmagal,
Galmagal tasdanam ýazanmyş urşa,
Birisi diýipdir: «Beýle zat bolmaz!»
Biri: «Bolar!» diýip çykypdyr garşy.

Birisi sorapdyr: «Nämüçin bolmaz?»
Beýleki sorapdyr: «Nämüçin bolar?»
Gurhandan, injilden mysal getirip,
Üç gije, üç gündiz gepläpdir olar.

Ahyry bir Sesiň köplügi bilen
Aýalyň haýryna çözlüpdir sowal:
Adam hataryna geçipdir aýal...
Şol ýekeje Sesem bolmadyk bolsa,
Onda neneň-niçik aýylganç ykbal
Mynçgardyka seni, eý, sahujemal?

Ol Ses
täleýiňi üýtgetmese-de,
Megerem öňkiňe ýüz esse agyr
Dertlerden gorandyr... Şol ýeke Sese
Minnetdarlyk üçin ýazyldy şygyr.


Kerim Gurbannepesow
31
43
ilhano_va
19.12.2023 22:58
Ýene-de gümra men Baş söýgim bilen.
Barýaryn gamyşlyk kenary syryp.
Bir gulaç boýumdan düşýän kölege
Ýanymdan galanok
misli bir syryk.

Kölegäm on gulaç,
Özüm bir gulaç.
Tersine bolaýsa näderdim, ýeri?
Nädip suw içerdim bir egilemde?
Nädip bir çökemde öperdim Ýeri?

Göwnüňe getirme, uzyn boýly ýar!
(Serwi dek boýuňa serim sadaga!)
Gürrüň boý hakda däl. Diýjek bolýanym:
Ýere has ýokardan bakmak gadagan!

Ýere has ýokardan bakmandyň senem,
Umydyň, arzuwyň, buýsanjyň Ýerdi.
Gözýaşyň seçerdiň şoňa egilip,
Şoňa eliň diräp, egserdiň derdi.

Gyrmyzy baýdagyň, uzyn baýdagyň
Asuda, parahat, şemalsyz günde
Seçekleri bilen Ýer öpüşi dek,
Ýeriň mazmunyna ýakyndyň sen-de.

Meniň ýüregime ýakynlygyň hem
Başlanypdy Ýere ýakynlygyňdan.
Ýeriň akylyndan akyl alýardyň,
Ýer akyl alýardy
Seň akylyňdan.

Emma akyl alyp, akyl beren Ýer
Biziň ýolumyzyň üýtgedip ugrun,
Gaýralygna tarap burdy goýberdi
Arzuwlardan doly arabaň tigrin...

Şeýtdiň-de mele saç, mele reňkiň –
Ýere ýakynlygyň güwäsi bilen,
Ýeriň arkasynda elimden gitdiň
Ýere ýakyn dälleň
Günäsi bilen...

...Barýaryn gamyşlyk kenary syryp.
Men ilerik akýan, derýa hem gaýrak.
Bu niçik, bu niçik Ýere ýakynlyk?
Häzir maňa Ýeriň üstünde
Ýer ýok...

Kerim Gurbannepesow
27
40
ilhano_va
19.12.2023 18:36
«Görünmeýän adam» filminden çykyp,
Görünmeýän boldum...
Eý, aman, aman! –
Ne-hä salam alýar öňümden çykan,
Ne berýär salam.

Barýaryn. Öňümden bir dostum çykdy.
Ynanyň – maňa çyn, size-de ýalan –
Men-ä salam diýip gygyryp durun.
Dymyp dur olam...

Şäheriň deň-ýaryn aýlanyp çykdym.
Il meni görenok, men ili görýän.
(Baý, baý, görünmeýän adam bolmaklyk
Eýmenç zat örän!)

Gün öýleden ýetdi, ikindä ýetdi.
Syrym gizlejek däl: birden hopukdym.
Onýança bir gözel deňimden ötdi:
Saçy – topukdan.

Barýan yzy bilen garama-gara.
Säginse säginýän, ýörese ýörýän.
(Ýok-ýok, görünmeýän adam bolmaklyk
Gyzyk zat örän!)

Ol gyza ozalam duşýardym käte.
Emma synlap bilmän köýerdi içim.
Bol indi, synlaber synlasaň näçe,
Wah, göter saçyn!

Ýogsa ýere degip boljak ol hapa.
Tämizlik ýaraşýar beýle saçlara.
Saçam saç-la weli, wah onuň özi
Tämiz maşgala.

Tämiz maşgalanyň görki başga-la,
Ýer ýüzünde kändir saç bilen çokul.
Saçyna-da bakyň, ýöne, wah, onuň
Gözlerne bakyň.

Barýar ol mermerden ýasalan ýalak,
Ne-hä kelç-külçi bar, ne-de ýalt-ýulty.
Goşaryna bakdy – näçekä sagat:
Bäşi kem alty.

Ädimi tizleşdi. Sowuldy gaýrak.
Megerem ugrandyr öýlerne garşy
Asman bolsa barha gamaşyp barýa.
Ýagmasa ýagşy!

Onýança-da birden başlady çabga.
Gözel eýläk-beýläk bakdy bialaç.
Ne-hä ellerinde saýawan bardy,
Ne-de bir plaş.

Derrew plaşymy gerdim üstüne.
Seçsin bulut, ähli seçjegin seçsin!
Eýýäm öz endamym öl-myžžyk boldy.
Boluplar geçsin!

Bulutlaň üstüne ülňeşip bulut,
Ýagdy çabga, ýagdy, şeýle bir ýagdy.
Bütin dünýä suw-sil. Gözeliň bolsa
Gus-gury çabdy.

«Bu näm üçin beýle? Pyşyrdady gyz.
Tasdan gygyrypdym: Wah, meniň üçin!
Emma gygyrmadym, zordan saklandym
Gorkmagy mümkin.

Onýança-da gyzyň aýagy taýdy.
Bir ýana ýykyldy. Göterdim basym.
Götermek şeýle bir kynam düşmedi:
Bili bir gysym.

Şeýtdim-de ugratdym tunnele çenli.
Çabga-da köşeşdi. Syryldy bulut.
Birden garşymyzdan bir ýigit çykdy
Dag ýaly bolup.

Geldi-de gözeliň elinden tutdy.
Gitdiler tirkeşip. Galdym bialaç.
Durun, doňan ýaly seredip durun.
Elimde plaş.

Gitdiler tirkeşip, gitdiler uzak,
Diýdim öz içimden: «Mynasyp jübüt!»
Emma ýürek weli urýar gürsüldäp:
«Goýup git ol gyzy,
goýup git, ýigit!»

Kerim Gurbannepesow
24
38
ilhano_va
19.12.2023 14:49
Ömrüň nämedigin ile öwredip,
Har etdiň öz ömrüňi.
Haýryň nämedigin ile öwredip,
Kör etdiň öz haýryňy.

Döwrüň nämedigin ile öwredip,
Galdyň ýyndam döwrüňden:
Sen pyýada, köpler çapýar maşynly –
Süsäýmesin böwrüňden!

Kelläň nämedigin ile öwredip,
Galdyň öýdýän kellesiz.
Hiläň nämedigin ile öwredip,
Ömrüň ötdi hilesiz...

Goşgyň nämedigin ile öwredip,
Özüň galýaň goşgyňdan.
Yşkyň nämedigin ile öwredip,
Öwlýäkessin, özüň galjak yşkyňdan...

Kerim Gurbannepesow
24
38