Seniň gözleň garalygy
gijeki asmana meňzeş.
A men weli, şol asmandan
zemine gaçýana meňzeş.
Stoluň başynda, maşynda, ýolda,
Uky, oýalykda,
bilýärin aýan,
Men
asmana däl-de,
zemine däl-de,
Seň gözüňden onuň çuňlugna gaçýan.
Onuň düýbi näme?
Seniň mähriňmi?
Aslynda, düýp barmy,
bilip bilemok.
Maňa gözleň çuňlugyna gaçma bar,
Emma onuň çuňlugyna ýetme ýok.
Ýykylyp ynjaýma diýýän mysaly,
Gözleriň çuňlaşyp barýar ýene-de.
Şol gaçyp barýaryn seniň päkligňe,
Seň söýgiňe — iň bir inçe senede.
Söýdüm çyn ýürekden, şo boldy bagtym,
Söýdüm bilbilleriň söýşi dek ýazy.
Kämillik ýaşyna ýetmedik wagtym,
Kämillik ýaşyna ýetmedik gyzy.
Misli maňa beren ýaly rugsadym,
Söýdi başga birin gül açan gözel,
Kämillik ýaşyndan geçen pursatym,
Kämillik ýaşyndan geçen şol gözel.
«Munuň günäkäri sen däl! — diýdiler —
Munuň günäkäri başlangyç duýgy —
Kämillik ýaşyna ýetmedik wagtyň,
Kämillik ýaşyna ýetmedik söýgi.
Söýgi öýlänçi däl, birden gelenok,
Söýgi ýyllar boýy jem bolýan duýgyň.»
...Onda neçün şindem takat berenok
Kämillik ýaşyna ýetmedik söýgim?
Kerim Gurbannepesow