ilhano_va
19.12.2023 18:36
«Görünmeýän adam» filminden çykyp,
Görünmeýän boldum...
Eý, aman, aman! –
Ne-hä salam alýar öňümden çykan,
Ne berýär salam.

Barýaryn. Öňümden bir dostum çykdy.
Ynanyň – maňa çyn, size-de ýalan –
Men-ä salam diýip gygyryp durun.
Dymyp dur olam...

Şäheriň deň-ýaryn aýlanyp çykdym.
Il meni görenok, men ili görýän.
(Baý, baý, görünmeýän adam bolmaklyk
Eýmenç zat örän!)

Gün öýleden ýetdi, ikindä ýetdi.
Syrym gizlejek däl: birden hopukdym.
Onýança bir gözel deňimden ötdi:
Saçy – topukdan.

Barýan yzy bilen garama-gara.
Säginse säginýän, ýörese ýörýän.
(Ýok-ýok, görünmeýän adam bolmaklyk
Gyzyk zat örän!)

Ol gyza ozalam duşýardym käte.
Emma synlap bilmän köýerdi içim.
Bol indi, synlaber synlasaň näçe,
Wah, göter saçyn!

Ýogsa ýere degip boljak ol hapa.
Tämizlik ýaraşýar beýle saçlara.
Saçam saç-la weli, wah onuň özi
Tämiz maşgala.

Tämiz maşgalanyň görki başga-la,
Ýer ýüzünde kändir saç bilen çokul.
Saçyna-da bakyň, ýöne, wah, onuň
Gözlerne bakyň.

Barýar ol mermerden ýasalan ýalak,
Ne-hä kelç-külçi bar, ne-de ýalt-ýulty.
Goşaryna bakdy – näçekä sagat:
Bäşi kem alty.

Ädimi tizleşdi. Sowuldy gaýrak.
Megerem ugrandyr öýlerne garşy
Asman bolsa barha gamaşyp barýa.
Ýagmasa ýagşy!

Onýança-da birden başlady çabga.
Gözel eýläk-beýläk bakdy bialaç.
Ne-hä ellerinde saýawan bardy,
Ne-de bir plaş.

Derrew plaşymy gerdim üstüne.
Seçsin bulut, ähli seçjegin seçsin!
Eýýäm öz endamym öl-myžžyk boldy.
Boluplar geçsin!

Bulutlaň üstüne ülňeşip bulut,
Ýagdy çabga, ýagdy, şeýle bir ýagdy.
Bütin dünýä suw-sil. Gözeliň bolsa
Gus-gury çabdy.

«Bu näm üçin beýle? Pyşyrdady gyz.
Tasdan gygyrypdym: Wah, meniň üçin!
Emma gygyrmadym, zordan saklandym
Gorkmagy mümkin.

Onýança-da gyzyň aýagy taýdy.
Bir ýana ýykyldy. Göterdim basym.
Götermek şeýle bir kynam düşmedi:
Bili bir gysym.

Şeýtdim-de ugratdym tunnele çenli.
Çabga-da köşeşdi. Syryldy bulut.
Birden garşymyzdan bir ýigit çykdy
Dag ýaly bolup.

Geldi-de gözeliň elinden tutdy.
Gitdiler tirkeşip. Galdym bialaç.
Durun, doňan ýaly seredip durun.
Elimde plaş.

Gitdiler tirkeşip, gitdiler uzak,
Diýdim öz içimden: «Mynasyp jübüt!»
Emma ýürek weli urýar gürsüldäp:
«Goýup git ol gyzy,
goýup git, ýigit!»

Kerim Gurbannepesow
24
38
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.