ilhano_va
21.12.2023 11:16
K. Baýrammyradowyň
ýadygärligine

Ýyldyrym – dünýäniň, uly gudraty.
Emma ähli ömri ýekeje demdir.
Gylyç dek lowurdap gynyndan çykar.
Ýene görseň gözden ýitip gidendir.

Emma eýýäm etjegini edendir.
Etjegin eder-de gözüňden ýiter:
Ýalkasa – ýagtysy ýeter ömrüňe,
Gargasa – garasy ömrüňe ýeter.

Gijedi. Garady kömürden beter,
Şähere barýardym. Ýyldyrym çakdy.
Azaşan ekenim. Düzeldi başym.
Sowuldym. Öňümden ak ýoda çykdy.

Ol ýoda şähere getirdi meni.
Şäher uklap ýatyr. Ne ses bar, ne üýn.
Ýok, maňa ses däl-de, yşyk gerekdi
Barmaly jaýymy saýgarmak üçin.

Onýança ýene-de ýyldyrym çakdy.
Okadym diwarda köçäniň adyn.
Barşym ýalňyş eken. Sowuldym sola.
Aýaklam düşensoň gerekli ýola,
Indi ýöräp däl-de,
Uçup barýardym.

Edil şo bada-da arka ýüzümden
Aýak sesi geldi. Bakdym yzyma.
Iki eýmenç gara gözüme ildi.
Yzyma ýöredim – gitdi yzyna.
Öňüme ýöredim – düşdi yzyma.
Birdenem köçeden öwrülip çepe,
Agajyň astynda aýak çekdiler.
Onýança-da meňzäp altyndan ýüpe,
Ýene bir ajaýyp ýyldyrym süýndi.
Şol gara agajyň üstünden indi.
Şondan soň gözüme ne agaç ildi,
Ne gara ildi...

Ýolum dowam etdim. Onýança ýene
Atyldy ýyldyrym. Ýagtyldy bir jaý.
Işigini kakdym. Çyra ýakyldy.
Onýança-da gapy açyldy, heýjan!

Girdim. Şo bada-da bagra basyldym,
Birden nur çaýylyp garaňky aýna,
Has uzyn, has ajap ýyldyrym süýndi
Açyldy alnymda bir uly dünýä.

Kerim Gurbannepesow
31
41
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.