ilhano_va
05.01.2024 18:33
Ajap syýahatda boldum diýdi ol,
Goýmady gürrüňin goýmaly ýerde.
O nähili ajap syýahatmyşyn —-
Ýedi gün asmanda?
Sekiz gün ýerde?

O nähili ajap syýahatmyşyn?
Bärde-aeroportda uçara münse,
Alty ajap ýurdy ýatyp geçirip.
Ýedinjiniň wokzalynda oýansa.

O nähili ajap syýahatmyşyn?
O nähili ajap? — Sowal berýärin, —
Ýedi mawy deňzi ýatyp geçirse,
Oň üstüne ýene ýetmiş derýany?

Aşakdaky täsin baglaň, metjitleň,
Eşitseň ýokarda diňe myş-myşyn,
Otlar bilen bejertmeseň ýaraňy,
O nähili ajap syýahatmyşyn?

Şat zeminde goýup oba, şäheri,
Gülleriň agyny, gyzyl, sarysyn,
Sen sesdenem ozýan çaltlyk bilen
Öz ömrüň deňinden geçip barýarsyň.

Çaltlyk bilen köp işleri etse bor,
Ýöne şol çaltlygyň bir emmasy bar,
Ol dünýä,
adama düşünmekligiň
Deňinden,
deňinden,
deňinden barýar.
Sen görmän geçýärsiň
Seň üçin dörän
Uçmaha ýat, Ereme ýat gülleri.
Ýüzüňi sypasa, ýygyrdyn ýazjak
Otdan hem toprakdan dörän ýelleri.

Çaltlygyň gylygy: ýagyşlar ýagsyn,
Adam hesret çeksin, ýagsyn akja gar.
Party ýok,
ol juda zerur zatlaryň
Deňinden,
deňinden,
deňinden geçýär.

Gije-gündiz uçýar, uçýar adamlar,
Lezzet alyp motorlaryň heňinden
Dur sen,
Saklan, tizlik söýen Adamzat,
Geçäýmäwer sen öz bagtyň deňinden.


Gurbannazar Ezizow
18
39
ilhano_va
05.01.2024 14:14
Neneň oňat!
Şol ýagyşlar ýagyp ýör,
Şol güller gülleýär, türkmen düzünde.
Şahyr söýgi setirlerin ýazyp ýör,
Senem ýaşap ýörsüň ýeriň ýüzünde!

Neneň oňat!
Bu säherde gussam ýok,
Güllerde damjalar — misli bir dürler.
Men saňa ýer-gögi peşgeş beremok,
Geçdi oňa ynanylýan döwürler.

Men diňe ýagyşmy, tupanmy, duman,
Parhy ýok, şadyýan, gussaly günde,
Minnetdar,
Minnetdar saňa sag-aman
Ýaşap ýöreniňe ýeriň ýüzüňde.

Güýz donun geýipdir türkmen düzleri,
Baglaram sypaýy — miwe bişende.
Barha az aýdylýar söýgi sözleri,
Barha köp oýlanýaň iňrik düşende.

Neneň oňat!
Täze güller açylsa,
Güle yhlas eden türkmen düzünde,
Hüwdi bolsa, çörek bolsa, gün bolsa,
Senem ýaşap ýörseň ýeriň ýüzünde.


Gurbannazar Ezizow
22
41
ilhano_va
05.01.2024 00:42
Käte merdem ýagşylyga garaşýar
Elden gelen ýagşylygyň eçil sen.
Oňat işler oňatlara ýaraşýar,
Rowaýaty saçak kimin açyl sen.

Ýöne eden ýagşylygyň iru-giç
Gaýtargysyn talap edäýseň eger,
Unudaýma, soňky demine deňiç
Seniň haýryň ýigdiň bogazyn bogar.

Beýdeniňden goýber maňlaýyndan ok
Ýa-da hanjar bilen sal döşe ýara.
Çünki, haýyr işiň gaýtargysy ýok,
Ol kersen däl, goňşokara daşara.

Gurbannazar Ezizow
21
29
ilhano_va
04.01.2024 21:19
Goý, ýazsynlar gussa çekýäň kän diýip,
Näme, ýürek kada garap durmaýar.
Serediň çalymtyl, beýikden-beýik
Asmany gulaçlap ötýär durnalar.

Güýz ýene endikli elleri bilen
Ýolupdyr şahadan ýapraklaň baryn,
Tankyt ediljegmi bilsem-de, ýene
Güýz bilen oturyp gussa çekýärin.

Bu gussa durlaýar, saplaýar meni,
Ähli geçenime nazar aýlaýan.
Seredip otursam, şeýle gussada
Geçen ýoluň görner eken has aýan.

Ýüregime ýassyk edip gussany,
Geçen hakda oňa sorag berýärin.
Her halda ýaşlygym güňläp geçipdir,
Men muňa sähelçe ökünmeýärin.

Günleriň şat gülküsini bölüşip,
Aglana teselli berip ýetişdim.
Aýly gije uly aýyň gaşynda
Aý jemally ýarym bilen öpüşdim.

Gördüm menem ýigrim bäşiň içinde:
Güýz gelýär — ýapraklar,
meýdanlar solýar»
Ýöne iň beýik zat: adam durmuşyn,
Kalbyny beýgeldýän eserler galýar.

Häzir bolsa, bu paýhasly güýz bile.
Ýumşak gussa çekýäs, sözsüz sözleşip.
Ýaşasyn adamyň hem tebigatyň
Arasynda güňläp duran sazlaşyk!

Gurbannazar Ezizow
28
48
ilhano_va
04.01.2024 18:08
Biz gideris ýagty geljege sary
Ýolumyza çyrag bolar kitaplar.
Ejislesek söýget borus bir-bire
Durmuş bize sapak berer hem taplar.

Biraz gaýzykmasa ýüzümiz ýele
Toprak bilen badaşmasa bagrymyz,
Juda kyn bor adam bolmak,ýalkanmak
Maksadyña düşünmeseñ durmuşda
Gülsüz gurap galar köñül baýrymyz.

Kä ýol ýagty görnüp çekýär özüne,
Beýle ýollar tümlik bilen gutarýar.
Kä ýol kyn görünip batyrýar oýa
Ahyrynda weli bagta atarýar.

Nirde,nä ýagdaýda,näme etseñem,
Garşylygna garaşmasañ sogaplañ.
Özüñi öwrenip başarsañ kemsiz
Peýda bolar garaşmadyk jogaplañ.
19
39
ilhano_va
04.01.2024 14:37
Hasraty oýaryp, söndi ýagtylyk,
Ýa çyra günäkär ýa-da çyradan.
Gamhanam tünleriñ içinde galdy,
Ozalky berk süññi indi ýaradar.

Girdabyna aýlap aldy ýerzemin,
Yşyksyz haýry ýok ýiti çeşmimiñ,
Zulmat içre boldum elli bizary
Gorkunç ýalñyzlygyñ bedroý keşbiniñ.

Urundym, sermedim äpet boşlugy,
Bir zat ele iler diýen umytda.
Duýulýardy ähli zatlañ daşlygy
Iñlär siñek, uçar çybyn yok hat-da.

Eräp barýan şem mysaly kem-kemden.
Ýüregim doñmaga başlady birden
Iñ soñky pursatda süýnen ýyldyz deý,
Solak yşyk düşdi alys bir ýerden.

Görsem durus biz öñküje ýermizde
Çyradanda çyra tutaşan eken.
Bir-birekden jyda düşmek howpundan
Küýseg dadymyza ýetişen eken.



Meñli AŞYROWA.
19
30
ilhano_va
04.01.2024 10:33
Bu, elbetde, biziň üçin gülküli,
Ýöne şeýle zadyň bolanlygy hak.
«Aýal adammyşmy ýa-da dälmişmi?»
Diýen gün tertipli uly bir ýygnak
Bolanmyş bir çak.

Turupdyr şeýle bir uly galmagal,
Galmagal tasdanam ýazanmyş urşa,
Birisi diýipdir: «Beýle zat bolmaz!»
Biri: «Bolar!» diýip çykypdyr garşy.

Birisi sorapdyr: «Nämüçin bolmaz?»
Beýleki sorapdyr: «Nämüçin bolar?»
Gurhandan, injilden mysal getirip,
Üç gije, üç gündiz gepläpdir olar.

Ahyry bir Sesiň köplügi bilen
Aýalyň haýryna çözlüpdir sowal:
Adam hataryna geçipdir aýal...
Şol ýekeje Sesem bolmadyk bolsa,
Onda neneň-niçik aýylganç ykbal
Mynçgardyka seni, eý, sahujemal?

Ol Ses
täleýiňi üýtgetmese-de,
Megerem öňkiňe ýüz esse agyr
Dertlerden gorandyr... Şol ýeke Sese
Minnetdarlyk üçin ýazyldy şygyr.

Kerim Gurbannepesow
25
40
ilhano_va
04.01.2024 00:34
Onarsyň
bar zady oňatlyga ýor,
Belki-de, ýorgudyň ýerine düşer.
Ikibaşdan, gündogarda gün dogar,
Ikibaşdan, günbatarda gün ýaşar.

Ikibaşdan, ýigreniler, söýüler
Kimse ýere gider, kim dörär ýerden.
Ikibaşdan, biziň köne duýgular,
Köne ýaralar dek açylar birden.

Köne duýgularmyz şatlyk mysaly,
Bir ajap säherde gül bolup dogar.
Oňarsyň oňat tut köňülde päli,
Oňarsyň bar zady oňatlyga ýor.

Ýaramaz düýş görüp, ýörme dumanda.
Ýaramazlyk bolmasa seň küýüňde,
Hanha, ýyldyz süýndi gitdi asmanda,
Çaga dogdy goňşymyzyň öýünde.


Gurbannazar Ezizow
17
37
ilhano_va
03.01.2024 23:13
Tiz-tizden ejeňi göresiň gelse,
ol ejizlik däldir, gizleme rastyň,
Hem ýurt üçin janyň beresiň gelse,
Diýmek sen adamsyň, adamsyň, dostum.

Asmandan gözlemän Yeriň ýamagyn,
Çözseň öz ýalňyşlaň syrly ýumagyn.
Hem ýetimi görseň, dolsa damagyň,
Diýmek sen adamsyň, adamsyň, dostum.

Halk bilen deň ýöräp ýodadan çykman,
Haram gazanç iýip, bogazyň dykman,
Ömrüň geçse ataň raýyny ýykman,
Diýmek sen adamsyň, adamsyň, dostum.

Bala eliň batyr, barmagyň ýala,
Emma şol bal üçin öwrülme gula,
Dost wepasyn çalşyp bilmeseň pula,
Diýmek sen adamsyň, adamsyň, dostum.

Erkekmi, erkek bol, heleýler köp-ä,
Aslyň dagmy, ownap, Öwrülme depä,
Seňki artyk daşyň durşuna gep-ä,
ll gürlese gürläp, dymylsa has dym,
Şonda sen adamsyň, adamsyň, dostum!
16
34
ilhano_va
03.01.2024 20:11
Boýun bol, geldik biz yolun soňuna,
diýme “Janymyzy gaýta barlaly”.
Söýgimiz aýdym däl, ýat tutup soňra,
Kä göwnüň joşanda gaýtalar ýaly...

Ynsan islese-de, islemese-de ,
Bir ýerlerde ahyry bar her zadyň.
Gorkma, boýun almak islemesem-de,
Aýdyp bilmen “Kalbym senden närzadyr”

Sen joraňa ynan,
“Entek öňüňden
has gowsy çykar” diýp, göwnüň göterse.
(Adam bagtsyz bolýar, iň gowy günleň
Geçip gidenine akyl ýetirse...)

Ýazgyt menzeş daşa, ýuwup gözýaşa,
Pozup bolmaz oňa ýazlan ykbaly.
Ýa sen men ýanyňda bar ýaly ýaşa,
Ýa... ýaşa hiç haçan bolmadyk ýaly!...

Mätgurban Matgurbanow
15
43