Bu, elbetde, biziň üçin gülküli,
Ýöne şeýle zadyň bolanlygy hak.
«Aýal adammyşmy ýa-da dälmişmi?»
Diýen gün tertipli uly bir ýygnak
Bolanmyş bir çak.
Turupdyr şeýle bir uly galmagal,
Galmagal tasdanam ýazanmyş urşa,
Birisi diýipdir: «Beýle zat bolmaz!»
Biri: «Bolar!» diýip çykypdyr garşy.
Birisi sorapdyr: «Nämüçin bolmaz?»
Beýleki sorapdyr: «Nämüçin bolar?»
Gurhandan, injilden mysal getirip,
Üç gije, üç gündiz gepläpdir olar.
Ahyry bir Sesiň köplügi bilen
Aýalyň haýryna çözlüpdir sowal:
Adam hataryna geçipdir aýal...
Şol ýekeje Sesem bolmadyk bolsa,
Onda neneň-niçik aýylganç ykbal
Mynçgardyka seni, eý, sahujemal?
Ol Ses
täleýiňi üýtgetmese-de,
Megerem öňkiňe ýüz esse agyr
Dertlerden gorandyr... Şol ýeke Sese
Minnetdarlyk üçin ýazyldy şygyr.
Kerim Gurbannepesow