ilhano_va
05.01.2024 18:33
Ajap syýahatda boldum diýdi ol,
Goýmady gürrüňin goýmaly ýerde.
O nähili ajap syýahatmyşyn —-
Ýedi gün asmanda?
Sekiz gün ýerde?

O nähili ajap syýahatmyşyn?
Bärde-aeroportda uçara münse,
Alty ajap ýurdy ýatyp geçirip.
Ýedinjiniň wokzalynda oýansa.

O nähili ajap syýahatmyşyn?
O nähili ajap? — Sowal berýärin, —
Ýedi mawy deňzi ýatyp geçirse,
Oň üstüne ýene ýetmiş derýany?

Aşakdaky täsin baglaň, metjitleň,
Eşitseň ýokarda diňe myş-myşyn,
Otlar bilen bejertmeseň ýaraňy,
O nähili ajap syýahatmyşyn?

Şat zeminde goýup oba, şäheri,
Gülleriň agyny, gyzyl, sarysyn,
Sen sesdenem ozýan çaltlyk bilen
Öz ömrüň deňinden geçip barýarsyň.

Çaltlyk bilen köp işleri etse bor,
Ýöne şol çaltlygyň bir emmasy bar,
Ol dünýä,
adama düşünmekligiň
Deňinden,
deňinden,
deňinden barýar.
Sen görmän geçýärsiň
Seň üçin dörän
Uçmaha ýat, Ereme ýat gülleri.
Ýüzüňi sypasa, ýygyrdyn ýazjak
Otdan hem toprakdan dörän ýelleri.

Çaltlygyň gylygy: ýagyşlar ýagsyn,
Adam hesret çeksin, ýagsyn akja gar.
Party ýok,
ol juda zerur zatlaryň
Deňinden,
deňinden,
deňinden geçýär.

Gije-gündiz uçýar, uçýar adamlar,
Lezzet alyp motorlaryň heňinden
Dur sen,
Saklan, tizlik söýen Adamzat,
Geçäýmäwer sen öz bagtyň deňinden.


Gurbannazar Ezizow
18
39
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.