ilhano_va
04.01.2024 21:19
Goý, ýazsynlar gussa çekýäň kän diýip,
Näme, ýürek kada garap durmaýar.
Serediň çalymtyl, beýikden-beýik
Asmany gulaçlap ötýär durnalar.

Güýz ýene endikli elleri bilen
Ýolupdyr şahadan ýapraklaň baryn,
Tankyt ediljegmi bilsem-de, ýene
Güýz bilen oturyp gussa çekýärin.

Bu gussa durlaýar, saplaýar meni,
Ähli geçenime nazar aýlaýan.
Seredip otursam, şeýle gussada
Geçen ýoluň görner eken has aýan.

Ýüregime ýassyk edip gussany,
Geçen hakda oňa sorag berýärin.
Her halda ýaşlygym güňläp geçipdir,
Men muňa sähelçe ökünmeýärin.

Günleriň şat gülküsini bölüşip,
Aglana teselli berip ýetişdim.
Aýly gije uly aýyň gaşynda
Aý jemally ýarym bilen öpüşdim.

Gördüm menem ýigrim bäşiň içinde:
Güýz gelýär — ýapraklar,
meýdanlar solýar»
Ýöne iň beýik zat: adam durmuşyn,
Kalbyny beýgeldýän eserler galýar.

Häzir bolsa, bu paýhasly güýz bile.
Ýumşak gussa çekýäs, sözsüz sözleşip.
Ýaşasyn adamyň hem tebigatyň
Arasynda güňläp duran sazlaşyk!

Gurbannazar Ezizow
28
48
sazsoft
4 Yanwar 2024
💗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.