ilhano_va
05.01.2024 14:14
Neneň oňat!
Şol ýagyşlar ýagyp ýör,
Şol güller gülleýär, türkmen düzünde.
Şahyr söýgi setirlerin ýazyp ýör,
Senem ýaşap ýörsüň ýeriň ýüzünde!

Neneň oňat!
Bu säherde gussam ýok,
Güllerde damjalar — misli bir dürler.
Men saňa ýer-gögi peşgeş beremok,
Geçdi oňa ynanylýan döwürler.

Men diňe ýagyşmy, tupanmy, duman,
Parhy ýok, şadyýan, gussaly günde,
Minnetdar,
Minnetdar saňa sag-aman
Ýaşap ýöreniňe ýeriň ýüzüňde.

Güýz donun geýipdir türkmen düzleri,
Baglaram sypaýy — miwe bişende.
Barha az aýdylýar söýgi sözleri,
Barha köp oýlanýaň iňrik düşende.

Neneň oňat!
Täze güller açylsa,
Güle yhlas eden türkmen düzünde,
Hüwdi bolsa, çörek bolsa, gün bolsa,
Senem ýaşap ýörseň ýeriň ýüzünde.


Gurbannazar Ezizow
22
41
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.