ideallider
08.08.2024 10:07
Hapalykdaky Perişde-Melek. 3-nji bölüm.
Suraý çala ýylgyryp gürrüňe başlady:
— Mundan 2 ýyl ozal, ýadyňa sal. Ýaşaýşyň, durmuşyň, maşgalaň. Hassalygyň, betbagtlylygyňyz, pulsuzlygyňyz. A indi şu günki ýaşaýşyňyy deňeşdir. Haýsy gowy??? Sen düşekde agaç-töňňe bolman, biraz Baýramy gerek ýerlere ugrukdyryp bilen bolsadyň, onda bu durmuşuňa mensiz hem ýeterdiň. Sen sowuklugyň sebäpli Baýram bilen tas dagapdyňyza??? Heý ýekeje erkegi oňarmaýanam bir zenan bolarmy??? Ol sende ýekeje ahyry. Men ine 100-ni hem aýlap otyryn. Dogry men bozuk... — diýip Suraý gözünden gar-ýagdyryp, ýüzüni aşak salladyda soň çala-gaharly:
— Ýöne oňa derek seret durmuşuňa, köşk-bolmasada iliňkiden artyk jaýyňyz bar, ulagyňyz, artyk ýaşaýşyňyz bar. Baýramyň işleri ugruna bolýar. Siz bagtly, janyňyz sag. Başga saňa näme gerek??? — diýip naýynjarlady. Humaý Suraýyň bu boluşuna egsinip, ondada bildirmän gazaplanyp:
— Beee ine sen ak-ganatly perişde, bize kömege geläýipsiň. Araňy açanyň bilen hemmezat gowy bolaýar öýdýäňmi? Nä müň garaňy, müň agyň ýapaýar, ýuwaýar öýdýäňmi? Owarra bol! Aç gapyny men çykjak. Biziň durmuşumyza goşulma!!! — diýip turmaga hyýallandy. Suraý bolsa:
— Goşulmangördüm, maşgalaňyz bolup diňe aşak gaýtdyňyz. Düşün men size ýamanlyk islämok. Diňe ýagşylyk isleýän... — diýip Humaýyň ellerinden tutdy. Mylaýym el tutulmasyna Humaýyň ýüregi sandyrap, sesini çykarmady. Suraý:
— Ine, Baýramyň maňa beren ähli pullary we hemme sowgatlarynyň pullary. Men bir teňňesini hem almadym. — diýip Humaýyň gözlerine bakdy. Humaý az-owlak ýumşap:
— Bolýa göýber gitjek. — diýdi. Megerem Humaý "Sypsam bolýar" pikire gelendir. Ýöne Suraý hem akylly zenan. Ol:
— Humaýjan. Pikir et, hemme pullaryňyzy yzyna berdim. Baýramy almak pikirimýok. Ýogsa birmahal alyp bilýärdim. Men diňe siziň bagtyňyzy isleýän. Nämçün men beýle. Sebäbi özüm şeýle durmuşdan ýanan. Kakam we ejem... Maşgalamyz şeýle zenan sebäpli dagady. Şeýle zenan sebäpli it-durmuşy meniňkiden süýji boldy. Indi... Howwa özüm hem şeýle zenana öwrüldim. Emma men diňe gowluklar etjek. Ahyrynda men hem jennede girmek isleýän, başarsam günäli kakamy hem ejemi hem alyp girjek... — diýeninde Humaý ýüregindäki ahyrky damjany damdyrdy. Ol, elini saklap oturan Suraýyň eliniň üsdünde elini goýup, çyn ýürekden "Alla ýalkasyn" diýdi. Humaý indi näme etjegini bilmän ýerinden turdy. Suraý hem ellerini göýberişmän bilen durdular. Soňra Suraý nurlanyp:
— Baýramy saňa dolaýyn, Baýramy nädip özüňe maýyl etmegiň ýollaryny öwredeýin... —diýip gözlerini ýaşlady. Humaý:
— Gelejkdir, görers. Men gaty giç bolmanka öýe dolanaýyn... — diýip ýylgyrdy. Humaýyň şuwagtky häsýedinde "Eýtmeli, beýtmeli, bu däliden sypmaly" diýen pikir bar. Suraý özünden bilip pultda knopkany basyp waratany açdy. Ýene güler ýüz bilen Humaýyň al-alma ýaňagyndan mahmal-bägülýaly ogşap hoşlaşdy. Humaý derwezeden çykyp, ýüzünden gülkisini zyňyp, ýaňagyny hem ýeňi bilen süpürip taksi saklap öýüne ugrady. Sagaman öýüne gelip Humaý "Ol dälidenä sypdym, gaýdybam barmaly bolmasyn" diýip pikirlendi. Humaý öýünde, Baýram gelmänkä nahar bişirip öý-işlerine haýdaýar. Kellesindede şol bir pikir "Baýrama tupgun turuzmalymy, beýtsek hökman bir tarap bolmaly, ýa aýrylşmaly, ýada ikilige çydap ýaşamaly" aýlanýar. Şeýdibem suw-elek bolup agşamy atardy. Baýram öýe gelip-garýak gurbak edindiler. Zenan bergisini bereninde Baýram, gelniniň sowuklygyna beýlebir üns hem bermedi. Umuman Humaý hemişe, Suraý diýmişleýin "Sowuk". Humaý, ýoldaşynyň ýanyndan ýatan ýerinde "Dogurdan hem, öz mähirsizligimi aýyryp, durmuşdan lezzet alyp ýaşasymgelýär. Onsaňam Suraý 100 erkegi oňarýan bolsa, men ýekeje ärimi hakykatdan hem oňarmarynmy. Gaty oňararyn, gaýtam ärim men diýip gan-dökerýaly ederin" diýip Suraýa "Näme planyň bar" diýim SMS ýazdy. Suraý "Ertir gel, seni ilki söýgüden doldurup, soň ýene söýgi ýasap, ol söýgini hem ýoldaşyň bilen paýlaşmagy öwretjek" diýip jogaplady. Hany göreliň, Suraý diňe pynhan-söýgä degişli "Müň bir gije" sowgatdan näme taýynladyka?!...
3-nji bölümiň soňy.
Awtory: IDEALLIDER.
24
137
ideallider
06.08.2024 00:19
Hapalykdaky Perişde-Melek. 2-nji bölüm.
...Gelin, biwepa äriniň ýol şaýyny tutup, ärini işe ugradyp, çagalary hem 10 günlik Babalaryna goýup, şol loly-geliniň öýüne ugrady. Elbetde Humaý ol geliniň nomerini öz telefonyna belläp goýdy ahyry. Humaý öýünden çykyp, çaltlyk bilen şol nomere jaň edýär. Jaňa ýene şol gelin:
— Salam Humaý. — diýip güler ýüz bilen jogap berdi. Ýeri ol geliniň beýle ýagdaýda güler ýüzli bolmagy nämedenkä?! Aslynda akyly ýerinde-adam beýle pursatda ýylgyryşly bolmasa gerek. Humaý Salama hem jogap bermän:
— Öýüň nirde gutaran??? — diýip azymly gygyrdy. Ol nätanyş-gelin barmaly adresi SMS bilen ugratjagyny duýdurup telefony goýdy. Az salymdan garaşylýan SMS hem telefona geldi. Humaý taksi bilen ýola rowana. Maşynda otyrkada, giden gutarnyksyz pikirleri kellesinde aýlaýar. Baryp nähili hereket etmeli, gygyrmalymy, urmalymy, saçyndan çekip süýremelimi, ýada ele-ilen pyçak bilen... Nämeler etjegini bilmeýän ýaş-gelin, göz-ýaşlaryny zordan saklap, taksi-sürijiden boluşuny gizläp şol berilen, şäheriň çetirägindäki adrese geldi. Ulagdan düşüp, gelen ýerine seretse, kaşaň-köşkden gurulan ajaýyp bir jaý. Ýogsa näme, ol loly beýle iş bilen gowja gazanan bolsa gerek. Şondada beýle iş bilen beýle jaý nädip ýetdirdi. Humaý gelip ýaňy uly derwezäniň düwmesini basmanka, kiçi gapy açylyp, derwezäniň ses-guralyndan "Humaý!!! Giriber, garaşýan" diýilen ses eşidildi. Humaý gaharly hem bolsa, ol ses zenan-sesi hem bolsa, nämçündir ol sese imrinip, çalaja näzi gitdi. Ýuwaşlyk bilen howludan girip, jaýyň gapysyny açyp, içeri gireninde, şeýlebir ajaýyp-zenana gözi düşdi. Ol Zenan edip han-kürsisinde oturan beg-hany ýaly hem owadan hem haýbatly. Humaý, garşysyndaky geliniň, zenandygyny bilsede, nädipdigi bellidäl duýdansyz geline birhili mähiri indi. Nu nätänyş, gaharly-Humaýa özüni bir bakyşda halatdyryp bilen bolsa, megerem Zenan, öz işiniň ussady bolmaly. Humaý ol nätanyşyň gözelliginden ýaňa aljyrap näme etjegini hem bilmän doňňara-daşýaly aňkarylypgaldy. Ol gelin:
— Salam Humaý. Hoş gördüm. Gowmy ýagdaýlar, öý-içeri saglykmy? — diýip soranyndan, Humaý özüne gelip, nämçün gelenini ýatlap, ýene gaşlaryny çytyp, aňyndada diýmeli sözleri aýlap:
— Baýramy meni günüme goýsaň bolanokmy? Beýle iş bilen gazanç etmäge utanaňokmy? — diýeninde gözünden ýekeje damja togalandy. Ol Zenan uludan demini alyp, aşak bakyp, pikirini jemläp:
— Humaý, meniň adym Suraý. Men saňa diňe gowluklardan başga hiçzat etmedim. Baýram bilen ähli edenlerim diňe saňa gowluk... — diýeninde Humaý bu gürrüňleriň bidereklikdigini aňyp:
— Gümbolsana haramzada...— diýip beýlesine öwrüldide gapa-tarap ýöneldi. Suraý yzyndan:
— Humaý dursana...— diýip gygyrypgaldy. Humaý Suraýy diňlemän, göz-ýaşlaryny süpürip, derwezeden çykjak bolanynda, derweze awtomatiki-usulda şarka ýapylyp gulplandy. Aňyrdan Suraý gelip:
— Ýör içeri gireli, saňa aýtjak we görkezjek köp zatlarym bar. Onsaň göýberjek. Haýşt edýän... — diýip zarynlady. Geňsi-Suraýyň haýyşyna ýüregi ezilen Humaýyň, sesini çykarman öýe dolanmakdan başga alajy ýok. Bu Suraýda nähilidir bir, özüne çekiji, süýji, meýmirediji, pynhan-gyjyndyryjy güýç bar. Ol hemişe güler ýüzli, syrly bakyşly, owadan-sözli, öziýaly zenan-Humaýy gyjyndyryp bilen bolsa, onda erkekler Suraý üçin ýönekeý bir oýnawaç bolupbiler. Ol hemişe sözlerini, özüne-çekiji el hereketleri bilen bezeýär. Suraýyň şar-gara uzyn saçy, bugdaý reňk-gyzyl ýaňagy bar. Inçe-bil, hor bolmasada 90-60-90 diýse bolar. Onda bir geňsi şa-garaýşy bolup, ol bakyşlar "Gel meniň hökmürowanym bol" diýip çagyryp duranýaly. Şol bakyşlara Humaý hem çümesigelýänýaly. Şunlukda Humaý, içerik dolanyp gelip, stula geçip oturdy. Suraý "Häzir alyp geleýin" diýip gapdalky jaýa geçip, bir paket doly, ummasyz puly alyp geldi. Gelibem:
— Ine, seniň äriňden alan gazanjym. — diýip beýleki stula geçip oturdy. Humaý näzlenen hem bolsa, azymly:
— Maňa seň hapa pullaryň gerekdäl. — diýip beýlesine öwrüldi. Suraý çala ýylgyryp gürrüňe başlady:
— ...
2-nji bölümiň soňy.
Awtory: IDEALLIDER.
23
173
ideallider
03.08.2024 23:28
Hapalykdaky Perişde-Melek. 1-nji bölüm.
Baýram, bu gün hem öýüne adaty ýagdaýda geldi. Adaty ýagdaýy nähili, ýagny gurjak-manikenýaly. Ýene düşündirip bilmedim öýdýän. Baýram soňky 1 ýyllykda gaty üýtgedi. Işleri oňunada bolýar, ýöne gelini Humaýa ähli duýgulary göze-görünipduran uly ýasamalyk. Ol gelnini günde 5-6 gezek ogşaýar, gujaklaýar, mähir berýär. Ýöne bu hereketleri Baýram özüne zor salyp edýär. Ýok ýok. Mesele gelinindedäl. Gelini Humaý hem ajaýyp gelinleriň biri. Edil inçe bil, öerişde kimin bolmasada, milliligi, salyhatlylygy, edep we terbiýesi bilen ajaýyp ahlaklylygy bar. Humaý tüýs Türkmen gelini. Türkmen gelinine mahsus ähli zatlary artykmajy bilen ýerine ýetirýär we özünde jemleýär. Onda mesele nämede?! Mesele Baýramyň belki gowy, mümkin erbet ýola düşmeginde. Humaý ondada ýoldaşy Baýramy güler ýüz bilen garşy-alyp, çaltjak nahar-çöregini taýyn etdi. Baýram işden gelip, ýuwunup ardynyp, bol-elin süýji tagamlardan mazaly garnyny doýurup telewizor görmäge diwana geçdi. Gizlin we gyzykly tarapy, Humaý, Baýramyň naharyna uky derman garypdy. Gelin, arassa türkmen hem bolsa düşünjesi aňyrdan. Ol ähli syrlary bilmek üçin ilki syr-goragçysy Baýramy uklatmalydygyny gaty gowy bilýär. Ýoldaşynyň telefonynda, gör-nähili gizlinlikler bar. Hemmeler eýýäm aňan bolsa gerek... Humaý derrewjek gurnan-planyna başlady. Ol Baýramyň telefonyny alyp, ähli nomerlere öz telefonundan jaň edip başlady. 4-5 adama jaň edip, barysynynada "Ýalňyşyp düşdüm, bagşlaň" diýip goýýar. Ahyry, şol nomerleriň biri:
— Salam Humaý. — diýip ýylgyryşly jogaplady. Humaý gaharly:
— Tanamadym, biz tanyşmy... — diýip soranynda ol nätanyş gelin:
— Nähili aýdaýyn, men Baýramyň oýnaýşy... — diýip gönüledi. Humaýyň üsdünden gaýnag-suw dökülenýaly bolup, uludan demini alyp, bar güýji bilen:
— Seni dogran ejä nälet-siňsindä ylahym. Haramzadaň deýýusy. It-eşeni hem senden gowydyr... — diýip gygyryp telefony öçürdi. Ýaňky nätanyş gelin yzyna jaň aýlaýar, Humaý öçürdi. Ýene jaň gelýär, Humaý öçürýär. Bu ýagdaý köp gezek gaýtalananyndan soň, ol gelin "Haýşt, sögjekdäl, gygyrjakdäl, göwnüňe degjekdäl. Seniň çagaň haky üçin jaňymy al" diýip SMS ýazdy. Humaý bu gürrüňe öňküden hem beter topýaly çişip, gazanýaly gaýnap gaharlandy. Kellesine her-hili pikirler gelen Humaý, oturup aglamaga başlady. Ýeri ol "...Seň çagaň haky üçin..." diýen sözi nämäni aňladýar. Ýada ol Oýnaş-gelinde, Baýramdan çaga galyp, ol gelin hem şol çaga barada gürleşjek bolýarmy. Ýada Humaýyň, ösdürip-ýetişdiren balasy, indi Humaýyňky dälde başga çagamy. Göräýmäge, hopugup aglanylýan sese, Baýram oýanaýjakýaly, ýöne uky-dermandan soň, hem agyr iş-günden soň eger-eger. Öň hem aglamagy uzak ýyllar dowamynda unudan Humaý, ýassygyny gözýaşlaryna ezip daňa golaý uka batdy. Ertir Humaý üçin agyr gün. Sebäbi Humaý ol "Nätanyş gelin" bilen bu "Ikilik-dönüklik" meseläni çürt-kesik edip çözmelidigini, bolmasa öz maşagalasynyň dagaýmak ähtimallygynyň gaty ulydygy barada oýlanýar. Şeýdip hem daň atyp, gün al-asmana galýar, üsgürip-asgyryp Baýram hem oýanýar. Aglamakdan ýaňa gözleri köz ýaly gyzaran Humaý hem oýanyp, ýuwunup ardynyp, Baýramyň nahar-çaýyny berdi. Baýram gelniniň gözleriniň gyzaryp, güler-ýüzüniň bolsa sülleren gül kimin guranlygyny aňsada aňandyr. Ol gelininden heder-edip:
— Ýeri Humaýym, garaja-garaja gözleriňe näme boldy, gyzarypdyrla?! — diýip ýylgyrdy. Humaý düýnki wakany bildirmejek bolup bar güýjini jemläp, ýylgyryp:
— Ýokla ezizim, telewizor görüp, gijiräk ýataýdym. Şondandyr. Aýrylarla. — diýip aglaman zordan saklandy. Gelin, biwepa äriniň ýol şaýyny tutup, ärini işe ugradyp, çagalary hem goňşulara goýup, şol loly-geliniň öýüne ugrady...
1-nji bölümiň soňy.
Awtory: IDEALLIDER.
23
192
ideallider
28.06.2024 15:20
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 24
241. Kinolarda görýän pistoletlerimiziň ujuna ýörüte gurallar goýulup atylanynda olaryň sesi barmagymyzyň şyrkyldysyndan gaty çykanok. Emma bu beýledäl. Entek pistolediň sesini ol derejä çenli peseldip bilýän gural şuwagda çenli oýlanylyp tapylandäldir.
242. Erkekleriňem göwsünde rak keseli döräpbilýär. Diňe A.B.Ş.-da her ýylda göwsünde rak döremeginden 500 erkek adam ölýär.
243. Roýallaryň kirişleriniň umumy dartyş-çekiş güýji 20 tonna barabar.
244. Günüň üsdüniň gyzgynlygynyň 6000⁰C gradusdygyny köpler bilýän bolsa gerek!? Emma ol gyzgynlyk biziň ýyldyzymyň iň sowuk ýeri. Günüň çuň ýerleriniň gyzgynlygy 1,5milion⁰C. Günüň ýadrosynyň gyzgynlygy bolsa 13,5milion⁰C gradusdur.
245. Maýýa halkynyň däp-dessury we ynanjyna görä, Çagasy ýaňy bolan eje çagasynyň ýüzini bir ýyllap ýapyp gezmeli, göz degmezýaly. Bu dessur häzire çenli Gwatemalanyň oba ýerlerinde edilýär.
246. Sikada diýilip atlandyrylýan bir mör-möjegiň(насекомый) görnüşiniň erkeçi, dünýäde iň güýçli ses çykarýan mör-möjek diýilip tanalýar. Onyň çykarýan sesini 120-dessibel. Deňeşdirmek üçin:şuwagtky ulanylýan adaty çekijiň sesi 100-110 dessibel.
247. Koko-kola dünýäniň ähli künjeginde diýenýaly satylýar. Diňe Kubada we Demirgazyk Koreýada satylanok.
248. "Xenesthis imanis" diýilip atlandyrylýan tarantula(Uly möý) ululygy sebäpli diňebir keçeňräk gemrijilere we guşlara topulman, eýsem ýylanlarada topulýar. Köp adamlar öýlerinde it, pişik, papugaý, balyk saklaýarlar, geň ýeri bu awuly, hyrsyz, awyçy tarantulalar hem adamlaryňky ýaly "Öý haýwanlaryny" saklaýarlar we seredip idegläp goraýarlar. "Chaismocleis ventrimaculata" diýilip atlandyrylýan kijijek gurbaga, bu äpet uly tarantulanyň höwürtegseinde ýaşaman eýsem hezil edip tarantulanyň, mähir-ideg-aladasyndan peýdalanýar. Sebäbi tarantulanyň ýumurtgasyny başga garynjalar we mör-möjekler hezil edip iýýärler. Tarantula bolsa göwresiniň uly bolanlygy sebäpli, öz çagalaryny, beýle kiçi mör-möjeklerden gorap bilenok-kömege ýaňky kijijek gurbaga gelýär. Gurbagajyk hezil edip ol möýiň çagalaryny iýýän garynjadyr beýleki mör-möjekleri iýýär we şeýdip tarantulanyň höwürtegisini goraýar.
249. Finlýandiýada her ýyl täsin gülkili ýarş geçirilýär. Ýarşda äri, aýalyny arkasyna alyp(hopba edip) her-hili päsgelçiliklerden geçmeli. Ýeňiji bolana baýrak höküminde, aýalynyň agramyna deň piwony berilýär.
250. Brakonýerleriň(kanundan daşgary jandarlary heläkleýjiler) Afrikada pilleri öldürmegi esasynda piller soňky 10 ýyllykda gaty azaldylar. Bütündünýä fondynyň hasaplamagyna görä her ýylda Afrikan-pilleriniň 25000-ňe golaýy, pil-süňkleri(бивни) üçin öldürilýär. Emma soňky ýyllarda alymlar geň-täsin ýagdaýy synlaýarlar. Ýagny soňky dogulýan piljagazlar gyýak-süňksiz dogulýar. Gyýak-süňksiz pilleriň öldürilmejegine düşünen ene-piller, gyýak-süňki döwülen ýada ýok bolan erkek-piller bilen jübütleşýärler. Brakenýerleriň beýle hereket edip pilleri ýok edişine düşünen "Tebigat" pillere kömege geldi we inni köp piljagazlar gyýak-süňksiz dogulýar. Adamlar bu jandarlary gorap bilmediler, oňa derek "Ewalýusiýa" gowy goragçy boldy.
Internet sahypalaryndan jemläp terjime eden: IDEALLIDER.
19
141
ideallider
26.06.2024 18:36
Bir gün gerçek-pälwan Ilýa Muromes çykypdyr. Gaty suwsapdyr, çeşme görüpdir. Çeşmä ylgap barsa, çeşmäň gyrasynda Üç-Kelleli aždarha. Ilýa bara-barmana ol Aždarha topulup urşup başlapdyrlar. Aždarhada, Ilýada gaty güýçli bolupdurlar. Uzakly gije söweşip, Uruşlary ertesi gün-günartana çenli gidipdir. Ahyry Aždarha dil-açyp:
— Ýerihow Pälwan, sen nämçün topulduň, saňa näme gerek??? diýip soranynda Ilýa:
— Men suw içjek, gaty suwsadym!!! — diýip ysgynsyz aýdanda, Aždarha:
— A sessiz geçip içibereňde dawwa etjek barmy, bolmanda Salamlaşyp saglyk-amanlyk soraş!!! — diýip jogaplapdyr.
Ahlagy=Moraly, Ynsan jandardan tapawutlylkda aň-düşünjeli bolmaly.
Awtory: Rus Halkt Ertekilerinden bölek.
25
107
ideallider
22.06.2024 22:10
Gülişime güleýin 22.
211. "Işim bar, ýetişemok" diýip internetde ýazyşýan jandara näme diýilýär!?
212. Köplenç, seniň tapan ak-atly täze şazadaň, öňem-biriniň haram-eşek-geçisidiginem unutmaň.
213. -Myhman gelende, çaý beremde, oň käsesiniň gyrasyna ýetip tas-dökülýänçä çaý guýdum. Pahyrjyk "Çaý döküläýmesin" diýip şekerem(sahar), bal hem, atynyp bilmedi. Üsde-üsdüne çaýam içmedi, öýüme uly ekonom boldy...
214. Dostum magazinda işleýär. Bürgün ol:
- Ol gün betje BMW-li bir oglan gelip redbull alyp çiýşen bolup maşynynda içen boldy. Habary ýok "Paddelka" redbull içýäninden😀. Özem MR nomerda...
+ Onsaň şol paddelka redbull nirden çykýandyr öýdýäň???
- Marydandyrda başga nirden bolsun.
+ Onsaň betje BMW-de nämçün öz çykarýan zadyny reklama etmelidäl. Şol redbuluň başlygyda ýaňky...
215. Türkmen:
- Sen rusmy? Nemeläý saňa bir soragym bar! Gyşda nädip marožna iýip, ýaş gyzlaryňyzam ýubkada gezip bilýäňizäý?
Rus:
- Sen Türkmenmi? Edil şolarýaly soragy menem saňa berip biljek! Tomusda 50 gradus gyzgynda nädip 100 gardus gyzgyn gaýnag çaýy içip, ýaşulylaryňyzam ýüň içmekde gezip bilýäňizaý?
216. Gyzlar gündiz:
- Figura saklamaly, az iýmeli, horlanmaly.
Gyzlar agşam haladilnigiň öňünde:
- Nähili bolsamam boluşumýaly söýsünler.
217. Käbir zatlar puldan gymmatlydyr we möhümdir. Meselem briliant, altyn, platina.
218. -Anton, düýn sen meni taşladyň, zyňdyň. A bu gün men lotereý utup milýoner boldum.
+Zoýiçka, men senden göwreli!
219. - Janama, daga-çöle gidemde senem alyp gitjek😘
+ Waý nämçün!?🤔
- Suwjuklygyňdan ýaňa suwsamazymýaly!!!😋
220. ÜNS BERIŇ!!! BILDIRIŞ.
Kraska çalynmaýan, oglan bilen gezmedik, akylly, edepli we terbiýeli gyzyha müň ýyldan tapmaryn, bolmanda görüpbolmazmyka!?
221. Like goýanyň kellesine patylap bir çemedan dollar düşsün.
Internet sahypalaryndan we durmuşdan taýýarlan: IDEALLIDER.
31
257
ideallider
20.06.2024 09:57
SAMSYKLYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 21.
201. Bir gyz ýürek operasiýasyna girjek bolup durdy. Ýanynda söýgülisi bar. Gyz:
-Men üçin dileg et ezizim sagaman gutulaýyn we seň bilen durmuşyma dowam etjek.
Oglan:
-Sen hökman gutularsyň ýekejäm.
Gyz: "Söýýän seni" diýdi we operasiýa girip gowy çykdy. Gyz gözüni açdy, kakasy otyrdy ýanynda.
Gyz:
-Hany söýgülim?
-Saňa ýüregini kim berendir öýdýäň? Seň üçin ol özünden geçdi.
-Nämeeeee? (Gyz aglap başlady)
- Oýun edýän, dalbaýob tualeda gitdi geler häzir...
202. Mugallym bir okuwça:
- "Bir oglanjyk, ylgady, suwa bökdi we gark boldy" diýilen sözlemi iňlisçä terjime edip ber...
+ A boy dügüdük-dügüdük, jülp, glu-glu.
203. Şäheriň merkezi parky. Oglanjyk ejesine:
- Eje eje Men tuwaleda gidesim gelýä...
+ Sen näme utanañokmy? Bärde adam känä. Indiki gezek maňa "Sygyrjak" diý bolýarmy?
- Bolýa. - diýip çaga öýlerine gelip, gije ýatan kakasynyñ yanyna baryp:
- Kaka men sygyrasym gelýä!?
+ Bolýala oglum. Ertir sygyrarsyň.
- Ýogow kaka şu wagt etmeli men şony...
+ Bolýa-bolýaaaa, ýöne ýuwaşlyk bilen hem-de meñ gulajygyma edäý...
204. Mugallym 2-nji klas okuwçylara:
- Hany çagalar, siz maňa nämäni gowy-görýäniňizi aýdyň, onsaň menem size gelejekde kim boljagyňyzy aýdyp bereýin.
+ Men siziň saçyňyzy gowy görýän...
- Tüweleme. Gelejekde parikmaher-stilist bolarsyň.
+ Men siziň köýnegiňizi halaýan.
- Berekella. Sen ulalsaň modelýer bolarsyň.
+ Men siziň akja-dişiňizi halaýan.
- Aha sen bolsa gelejekde stamatolog bolarsyň. A sen nämçün öz pikiriňi aýdaňok Wepajan...
+ Aý men eýýäm kim boljagymy bildimä mugallym. Men gelejekde ýa sygyr-sagymçy, ýada ginekolog bolaryn...
205. Toýa baramda maşyndan düşüp çaltjak aýlanyp gelnimiň gapysyny açyp berýän, hemme gyz-gelinler meni görüp "Jentlmen" diýip pyşyrdaşýalar. Habarlary ýok, şo tarap gapyň içinden açylmaýanyndan
206. Ajal gelip bir oglana "Sen, başga gyzlar bilen jaňlaşan nomerleriňi, sms-leriňi udalit etmegi ýatdan çykardyň, jenkaň okady. Öýe barjakmy ýa göni meň bilen gidäýjekmi!?"
207. Gyz pomada çalynyp swidaniýa baryp, restoranda söýgülisi bilen nahar iýýärler, soň ol oglan bilen ogşaşýar. Uzak wagt ogşaşanyndan soň, gyzyň pomadasy hiç-hili çyrşalmandyr, üýtgemändir, pozulmandyr. Sorag! ŞEÝLE POMADANY NIRDEN TAPYP BOLAR???
208. Üns beriň!!! Howply güjük bar. Janyňyz üçin howply. Özi hem wiagradan doýan.
209. - 🧒Привет красавица. Переспишь сомной за денги?
+👩 У меня нет денег!
- 🧒Я плачу...
+ 👩Не плач🙏🏼. Все будет хорошо!
210. Käbir adamlara "Snickers-i gaty köp iý, irden-öýlän-užiniň şol bolsun" diýesim gelýär. Sebäbi Snickers-iň dewizi(şygary) "Не тормози Сникерс"
211. Jentlmenler we Lediler halan bolsa like goýmagy unudanoklar.
Internet sahypalaryndan we durmuşdan taýýarlan: IDEALLIDER.
41
650