ideallider
28.06.2024 15:20
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 24

241. Kinolarda görýän pistoletlerimiziň ujuna ýörüte gurallar goýulup atylanynda olaryň sesi barmagymyzyň şyrkyldysyndan gaty çykanok. Emma bu beýledäl. Entek pistolediň sesini ol derejä çenli peseldip bilýän gural şuwagda çenli oýlanylyp tapylandäldir.

242. Erkekleriňem göwsünde rak keseli döräpbilýär. Diňe A.B.Ş.-da her ýylda göwsünde rak döremeginden 500 erkek adam ölýär.

243. Roýallaryň kirişleriniň umumy dartyş-çekiş güýji 20 tonna barabar.

244. Günüň üsdüniň gyzgynlygynyň 6000⁰C gradusdygyny köpler bilýän bolsa gerek!? Emma ol gyzgynlyk biziň ýyldyzymyň iň sowuk ýeri. Günüň çuň ýerleriniň gyzgynlygy 1,5milion⁰C. Günüň ýadrosynyň gyzgynlygy bolsa 13,5milion⁰C gradusdur.

245. Maýýa halkynyň däp-dessury we ynanjyna görä, Çagasy ýaňy bolan eje çagasynyň ýüzini bir ýyllap ýapyp gezmeli, göz degmezýaly. Bu dessur häzire çenli Gwatemalanyň oba ýerlerinde edilýär.

246. Sikada diýilip atlandyrylýan bir mör-möjegiň(насекомый) görnüşiniň erkeçi, dünýäde iň güýçli ses çykarýan mör-möjek diýilip tanalýar. Onyň çykarýan sesini 120-dessibel. Deňeşdirmek üçin:şuwagtky ulanylýan adaty çekijiň sesi 100-110 dessibel.

247. Koko-kola dünýäniň ähli künjeginde diýenýaly satylýar. Diňe Kubada we Demirgazyk Koreýada satylanok.

248. "Xenesthis imanis" diýilip atlandyrylýan tarantula(Uly möý) ululygy sebäpli diňebir keçeňräk gemrijilere we guşlara topulman, eýsem ýylanlarada topulýar. Köp adamlar öýlerinde it, pişik, papugaý, balyk saklaýarlar, geň ýeri bu awuly, hyrsyz, awyçy tarantulalar hem adamlaryňky ýaly "Öý haýwanlaryny" saklaýarlar we seredip idegläp goraýarlar. "Chaismocleis ventrimaculata" diýilip atlandyrylýan kijijek gurbaga, bu äpet uly tarantulanyň höwürtegseinde ýaşaman eýsem hezil edip tarantulanyň, mähir-ideg-aladasyndan peýdalanýar. Sebäbi tarantulanyň ýumurtgasyny başga garynjalar we mör-möjekler hezil edip iýýärler. Tarantula bolsa göwresiniň uly bolanlygy sebäpli, öz çagalaryny, beýle kiçi mör-möjeklerden gorap bilenok-kömege ýaňky kijijek gurbaga gelýär. Gurbagajyk hezil edip ol möýiň çagalaryny iýýän garynjadyr beýleki mör-möjekleri iýýär we şeýdip tarantulanyň höwürtegisini goraýar.

249. Finlýandiýada her ýyl täsin gülkili ýarş geçirilýär. Ýarşda äri, aýalyny arkasyna alyp(hopba edip) her-hili päsgelçiliklerden geçmeli. Ýeňiji bolana baýrak höküminde, aýalynyň agramyna deň piwony berilýär.

250. Brakonýerleriň(kanundan daşgary jandarlary heläkleýjiler) Afrikada pilleri öldürmegi esasynda piller soňky 10 ýyllykda gaty azaldylar. Bütündünýä fondynyň hasaplamagyna görä her ýylda Afrikan-pilleriniň 25000-ňe golaýy, pil-süňkleri(бивни) üçin öldürilýär. Emma soňky ýyllarda alymlar geň-täsin ýagdaýy synlaýarlar. Ýagny soňky dogulýan piljagazlar gyýak-süňksiz dogulýar. Gyýak-süňksiz pilleriň öldürilmejegine düşünen ene-piller, gyýak-süňki döwülen ýada ýok bolan erkek-piller bilen jübütleşýärler. Brakenýerleriň beýle hereket edip pilleri ýok edişine düşünen "Tebigat" pillere kömege geldi we inni köp piljagazlar gyýak-süňksiz dogulýar. Adamlar bu jandarlary gorap bilmediler, oňa derek "Ewalýusiýa" gowy goragçy boldy.


Internet sahypalaryndan jemläp terjime eden: IDEALLIDER.
19
141
tmyigit76
28 Iýun 2024
Ewolýusiýa diýen zat ýok. Eger bar bolsa uzak ýyllaryň dowamynda bolardy.
tmyigit76
28 Iýun 2024
@Serwi, bizdede bar. Ýalňyşmasam hormat garawul ýa-da içeri işleriň bir bölüminde
ATOMIC
28 Iýun 2024
Biziňkilerem surardaky ýaly etmeli
zina
28 Iýun 2024
@Serwi, 😆
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.