Hapalykdaky Perişde-Melek. 3-nji bölüm.
Suraý çala ýylgyryp gürrüňe başlady:
— Mundan 2 ýyl ozal, ýadyňa sal. Ýaşaýşyň, durmuşyň, maşgalaň. Hassalygyň, betbagtlylygyňyz, pulsuzlygyňyz. A indi şu günki ýaşaýşyňyy deňeşdir. Haýsy gowy??? Sen düşekde agaç-töňňe bolman, biraz Baýramy gerek ýerlere ugrukdyryp bilen bolsadyň, onda bu durmuşuňa mensiz hem ýeterdiň. Sen sowuklugyň sebäpli Baýram bilen tas dagapdyňyza??? Heý ýekeje erkegi oňarmaýanam bir zenan bolarmy??? Ol sende ýekeje ahyry. Men ine 100-ni hem aýlap otyryn. Dogry men bozuk... — diýip Suraý gözünden gar-ýagdyryp, ýüzüni aşak salladyda soň çala-gaharly:
— Ýöne oňa derek seret durmuşuňa, köşk-bolmasada iliňkiden artyk jaýyňyz bar, ulagyňyz, artyk ýaşaýşyňyz bar. Baýramyň işleri ugruna bolýar. Siz bagtly, janyňyz sag. Başga saňa näme gerek??? — diýip naýynjarlady. Humaý Suraýyň bu boluşuna egsinip, ondada bildirmän gazaplanyp:
— Beee ine sen ak-ganatly perişde, bize kömege geläýipsiň. Araňy açanyň bilen hemmezat gowy bolaýar öýdýäňmi? Nä müň garaňy, müň agyň ýapaýar, ýuwaýar öýdýäňmi? Owarra bol! Aç gapyny men çykjak. Biziň durmuşumyza goşulma!!! — diýip turmaga hyýallandy. Suraý bolsa:
— Goşulmangördüm, maşgalaňyz bolup diňe aşak gaýtdyňyz. Düşün men size ýamanlyk islämok. Diňe ýagşylyk isleýän... — diýip Humaýyň ellerinden tutdy. Mylaýym el tutulmasyna Humaýyň ýüregi sandyrap, sesini çykarmady. Suraý:
— Ine, Baýramyň maňa beren ähli pullary we hemme sowgatlarynyň pullary. Men bir teňňesini hem almadym. — diýip Humaýyň gözlerine bakdy. Humaý az-owlak ýumşap:
— Bolýa göýber gitjek. — diýdi. Megerem Humaý "Sypsam bolýar" pikire gelendir. Ýöne Suraý hem akylly zenan. Ol:
— Humaýjan. Pikir et, hemme pullaryňyzy yzyna berdim. Baýramy almak pikirimýok. Ýogsa birmahal alyp bilýärdim. Men diňe siziň bagtyňyzy isleýän. Nämçün men beýle. Sebäbi özüm şeýle durmuşdan ýanan. Kakam we ejem... Maşgalamyz şeýle zenan sebäpli dagady. Şeýle zenan sebäpli it-durmuşy meniňkiden süýji boldy. Indi... Howwa özüm hem şeýle zenana öwrüldim. Emma men diňe gowluklar etjek. Ahyrynda men hem jennede girmek isleýän, başarsam günäli kakamy hem ejemi hem alyp girjek... — diýeninde Humaý ýüregindäki ahyrky damjany damdyrdy. Ol, elini saklap oturan Suraýyň eliniň üsdünde elini goýup, çyn ýürekden "Alla ýalkasyn" diýdi. Humaý indi näme etjegini bilmän ýerinden turdy. Suraý hem ellerini göýberişmän bilen durdular. Soňra Suraý nurlanyp:
— Baýramy saňa dolaýyn, Baýramy nädip özüňe maýyl etmegiň ýollaryny öwredeýin... —diýip gözlerini ýaşlady. Humaý:
— Gelejkdir, görers. Men gaty giç bolmanka öýe dolanaýyn... — diýip ýylgyrdy. Humaýyň şuwagtky häsýedinde "Eýtmeli, beýtmeli, bu däliden sypmaly" diýen pikir bar. Suraý özünden bilip pultda knopkany basyp waratany açdy. Ýene güler ýüz bilen Humaýyň al-alma ýaňagyndan mahmal-bägülýaly ogşap hoşlaşdy. Humaý derwezeden çykyp, ýüzünden gülkisini zyňyp, ýaňagyny hem ýeňi bilen süpürip taksi saklap öýüne ugrady. Sagaman öýüne gelip Humaý "Ol dälidenä sypdym, gaýdybam barmaly bolmasyn" diýip pikirlendi. Humaý öýünde, Baýram gelmänkä nahar bişirip öý-işlerine haýdaýar. Kellesindede şol bir pikir "Baýrama tupgun turuzmalymy, beýtsek hökman bir tarap bolmaly, ýa aýrylşmaly, ýada ikilige çydap ýaşamaly" aýlanýar. Şeýdibem suw-elek bolup agşamy atardy. Baýram öýe gelip-garýak gurbak edindiler. Zenan bergisini bereninde Baýram, gelniniň sowuklygyna beýlebir üns hem bermedi. Umuman Humaý hemişe, Suraý diýmişleýin "Sowuk". Humaý, ýoldaşynyň ýanyndan ýatan ýerinde "Dogurdan hem, öz mähirsizligimi aýyryp, durmuşdan lezzet alyp ýaşasymgelýär. Onsaňam Suraý 100 erkegi oňarýan bolsa, men ýekeje ärimi hakykatdan hem oňarmarynmy. Gaty oňararyn, gaýtam ärim men diýip gan-dökerýaly ederin" diýip Suraýa "Näme planyň bar" diýim SMS ýazdy. Suraý "Ertir gel, seni ilki söýgüden doldurup, soň ýene söýgi ýasap, ol söýgini hem ýoldaşyň bilen paýlaşmagy öwretjek" diýip jogaplady. Hany göreliň, Suraý diňe pynhan-söýgä degişli "Müň bir gije" sowgatdan näme taýynladyka?!...
3-nji bölümiň soňy.
Awtory: IDEALLIDER.