ideallider
06.08.2024 00:19
Hapalykdaky Perişde-Melek. 2-nji bölüm.

...Gelin, biwepa äriniň ýol şaýyny tutup, ärini işe ugradyp, çagalary hem 10 günlik Babalaryna goýup, şol loly-geliniň öýüne ugrady. Elbetde Humaý ol geliniň nomerini öz telefonyna belläp goýdy ahyry. Humaý öýünden çykyp, çaltlyk bilen şol nomere jaň edýär. Jaňa ýene şol gelin:
— Salam Humaý. — diýip güler ýüz bilen jogap berdi. Ýeri ol geliniň beýle ýagdaýda güler ýüzli bolmagy nämedenkä?! Aslynda akyly ýerinde-adam beýle pursatda ýylgyryşly bolmasa gerek. Humaý Salama hem jogap bermän:
— Öýüň nirde gutaran??? — diýip azymly gygyrdy. Ol nätanyş-gelin barmaly adresi SMS bilen ugratjagyny duýdurup telefony goýdy. Az salymdan garaşylýan SMS hem telefona geldi. Humaý taksi bilen ýola rowana. Maşynda otyrkada, giden gutarnyksyz pikirleri kellesinde aýlaýar. Baryp nähili hereket etmeli, gygyrmalymy, urmalymy, saçyndan çekip süýremelimi, ýada ele-ilen pyçak bilen... Nämeler etjegini bilmeýän ýaş-gelin, göz-ýaşlaryny zordan saklap, taksi-sürijiden boluşuny gizläp şol berilen, şäheriň çetirägindäki adrese geldi. Ulagdan düşüp, gelen ýerine seretse, kaşaň-köşkden gurulan ajaýyp bir jaý. Ýogsa näme, ol loly beýle iş bilen gowja gazanan bolsa gerek. Şondada beýle iş bilen beýle jaý nädip ýetdirdi. Humaý gelip ýaňy uly derwezäniň düwmesini basmanka, kiçi gapy açylyp, derwezäniň ses-guralyndan "Humaý!!! Giriber, garaşýan" diýilen ses eşidildi. Humaý gaharly hem bolsa, ol ses zenan-sesi hem bolsa, nämçündir ol sese imrinip, çalaja näzi gitdi. Ýuwaşlyk bilen howludan girip, jaýyň gapysyny açyp, içeri gireninde, şeýlebir ajaýyp-zenana gözi düşdi. Ol Zenan edip han-kürsisinde oturan beg-hany ýaly hem owadan hem haýbatly. Humaý, garşysyndaky geliniň, zenandygyny bilsede, nädipdigi bellidäl duýdansyz geline birhili mähiri indi. Nu nätänyş, gaharly-Humaýa özüni bir bakyşda halatdyryp bilen bolsa, megerem Zenan, öz işiniň ussady bolmaly. Humaý ol nätanyşyň gözelliginden ýaňa aljyrap näme etjegini hem bilmän doňňara-daşýaly aňkarylypgaldy. Ol gelin:
— Salam Humaý. Hoş gördüm. Gowmy ýagdaýlar, öý-içeri saglykmy? — diýip soranyndan, Humaý özüne gelip, nämçün gelenini ýatlap, ýene gaşlaryny çytyp, aňyndada diýmeli sözleri aýlap:
— Baýramy meni günüme goýsaň bolanokmy? Beýle iş bilen gazanç etmäge utanaňokmy? — diýeninde gözünden ýekeje damja togalandy. Ol Zenan uludan demini alyp, aşak bakyp, pikirini jemläp:
— Humaý, meniň adym Suraý. Men saňa diňe gowluklardan başga hiçzat etmedim. Baýram bilen ähli edenlerim diňe saňa gowluk... — diýeninde Humaý bu gürrüňleriň bidereklikdigini aňyp:
— Gümbolsana haramzada...— diýip beýlesine öwrüldide gapa-tarap ýöneldi. Suraý yzyndan:
— Humaý dursana...— diýip gygyrypgaldy. Humaý Suraýy diňlemän, göz-ýaşlaryny süpürip, derwezeden çykjak bolanynda, derweze awtomatiki-usulda şarka ýapylyp gulplandy. Aňyrdan Suraý gelip:
— Ýör içeri gireli, saňa aýtjak we görkezjek köp zatlarym bar. Onsaň göýberjek. Haýşt edýän... — diýip zarynlady. Geňsi-Suraýyň haýyşyna ýüregi ezilen Humaýyň, sesini çykarman öýe dolanmakdan başga alajy ýok. Bu Suraýda nähilidir bir, özüne çekiji, süýji, meýmirediji, pynhan-gyjyndyryjy güýç bar. Ol hemişe güler ýüzli, syrly bakyşly, owadan-sözli, öziýaly zenan-Humaýy gyjyndyryp bilen bolsa, onda erkekler Suraý üçin ýönekeý bir oýnawaç bolupbiler. Ol hemişe sözlerini, özüne-çekiji el hereketleri bilen bezeýär. Suraýyň şar-gara uzyn saçy, bugdaý reňk-gyzyl ýaňagy bar. Inçe-bil, hor bolmasada 90-60-90 diýse bolar. Onda bir geňsi şa-garaýşy bolup, ol bakyşlar "Gel meniň hökmürowanym bol" diýip çagyryp duranýaly. Şol bakyşlara Humaý hem çümesigelýänýaly. Şunlukda Humaý, içerik dolanyp gelip, stula geçip oturdy. Suraý "Häzir alyp geleýin" diýip gapdalky jaýa geçip, bir paket doly, ummasyz puly alyp geldi. Gelibem:
— Ine, seniň äriňden alan gazanjym. — diýip beýleki stula geçip oturdy. Humaý näzlenen hem bolsa, azymly:
— Maňa seň hapa pullaryň gerekdäl. — diýip beýlesine öwrüldi. Suraý çala ýylgyryp gürrüňe başlady:
— ...

2-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER.
23
173
ideallider
8 Awgust 2024
@smiling_, şonsuzam agzalar "Gyzykly ýerinde reklama" diýip närza😄, ok alaç ýok şeýderindä🙂👍
ideallider
8 Awgust 2024
@zumerret_, ýokla. Kömege mätäje kömek bermek, sokulmakdälde kömek bermek. Ýene men günde 3 post goýup bilýän, arasyna 3 sagat salyp. Birinji postumy 10-da goýupdum.
ideallider
8 Awgust 2024
@zumerret_, ýokhow. 4400 töweregi. 8000 ýetirse begenjekle.🙁
ideallider
8 Awgust 2024
@D.S, goýulanok, goýup bolanok. Bir gezek "Goý" basýan, azajykdan ýene öňküsiýaly bolýar. Ýene täzeden goýa basýanweli, zagruzka bolup 5 minutdanam gutaranok🤷‍♂️
ideallider
8 Awgust 2024
@D.S, howwala. Al onda dowamyny goýjak👍
D.S
8 Awgust 2024
@ideallider, haýsy bir zatdan gorkup gezjek ahyrynda bir gun osmeli bolara jemgyyetem
ideallider
8 Awgust 2024
@gmvs, bagşlaň. Okaýan azdyr öýdüp goýmadymam. 3-nji bölüm goýuldy. Dowam ederin.
gmvs
8 Awgust 2024
iki gun bari garasyas
gmvs
8 Awgust 2024
Yzyny goyayynda garasyas
seljuklybeg
7 Awgust 2024
Birinji gezek okayan dowamy hem gyzykly bolarmyka
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.