Hapalykdaky Perişde-Melek. 1-nji bölüm.
Baýram, bu gün hem öýüne adaty ýagdaýda geldi. Adaty ýagdaýy nähili, ýagny gurjak-manikenýaly. Ýene düşündirip bilmedim öýdýän. Baýram soňky 1 ýyllykda gaty üýtgedi. Işleri oňunada bolýar, ýöne gelini Humaýa ähli duýgulary göze-görünipduran uly ýasamalyk. Ol gelnini günde 5-6 gezek ogşaýar, gujaklaýar, mähir berýär. Ýöne bu hereketleri Baýram özüne zor salyp edýär. Ýok ýok. Mesele gelinindedäl. Gelini Humaý hem ajaýyp gelinleriň biri. Edil inçe bil, öerişde kimin bolmasada, milliligi, salyhatlylygy, edep we terbiýesi bilen ajaýyp ahlaklylygy bar. Humaý tüýs Türkmen gelini. Türkmen gelinine mahsus ähli zatlary artykmajy bilen ýerine ýetirýär we özünde jemleýär. Onda mesele nämede?! Mesele Baýramyň belki gowy, mümkin erbet ýola düşmeginde. Humaý ondada ýoldaşy Baýramy güler ýüz bilen garşy-alyp, çaltjak nahar-çöregini taýyn etdi. Baýram işden gelip, ýuwunup ardynyp, bol-elin süýji tagamlardan mazaly garnyny doýurup telewizor görmäge diwana geçdi. Gizlin we gyzykly tarapy, Humaý, Baýramyň naharyna uky derman garypdy. Gelin, arassa türkmen hem bolsa düşünjesi aňyrdan. Ol ähli syrlary bilmek üçin ilki syr-goragçysy Baýramy uklatmalydygyny gaty gowy bilýär. Ýoldaşynyň telefonynda, gör-nähili gizlinlikler bar. Hemmeler eýýäm aňan bolsa gerek... Humaý derrewjek gurnan-planyna başlady. Ol Baýramyň telefonyny alyp, ähli nomerlere öz telefonundan jaň edip başlady. 4-5 adama jaň edip, barysynynada "Ýalňyşyp düşdüm, bagşlaň" diýip goýýar. Ahyry, şol nomerleriň biri:
— Salam Humaý. — diýip ýylgyryşly jogaplady. Humaý gaharly:
— Tanamadym, biz tanyşmy... — diýip soranynda ol nätanyş gelin:
— Nähili aýdaýyn, men Baýramyň oýnaýşy... — diýip gönüledi. Humaýyň üsdünden gaýnag-suw dökülenýaly bolup, uludan demini alyp, bar güýji bilen:
— Seni dogran ejä nälet-siňsindä ylahym. Haramzadaň deýýusy. It-eşeni hem senden gowydyr... — diýip gygyryp telefony öçürdi. Ýaňky nätanyş gelin yzyna jaň aýlaýar, Humaý öçürdi. Ýene jaň gelýär, Humaý öçürýär. Bu ýagdaý köp gezek gaýtalananyndan soň, ol gelin "Haýşt, sögjekdäl, gygyrjakdäl, göwnüňe degjekdäl. Seniň çagaň haky üçin jaňymy al" diýip SMS ýazdy. Humaý bu gürrüňe öňküden hem beter topýaly çişip, gazanýaly gaýnap gaharlandy. Kellesine her-hili pikirler gelen Humaý, oturup aglamaga başlady. Ýeri ol "...Seň çagaň haky üçin..." diýen sözi nämäni aňladýar. Ýada ol Oýnaş-gelinde, Baýramdan çaga galyp, ol gelin hem şol çaga barada gürleşjek bolýarmy. Ýada Humaýyň, ösdürip-ýetişdiren balasy, indi Humaýyňky dälde başga çagamy. Göräýmäge, hopugup aglanylýan sese, Baýram oýanaýjakýaly, ýöne uky-dermandan soň, hem agyr iş-günden soň eger-eger. Öň hem aglamagy uzak ýyllar dowamynda unudan Humaý, ýassygyny gözýaşlaryna ezip daňa golaý uka batdy. Ertir Humaý üçin agyr gün. Sebäbi Humaý ol "Nätanyş gelin" bilen bu "Ikilik-dönüklik" meseläni çürt-kesik edip çözmelidigini, bolmasa öz maşagalasynyň dagaýmak ähtimallygynyň gaty ulydygy barada oýlanýar. Şeýdip hem daň atyp, gün al-asmana galýar, üsgürip-asgyryp Baýram hem oýanýar. Aglamakdan ýaňa gözleri köz ýaly gyzaran Humaý hem oýanyp, ýuwunup ardynyp, Baýramyň nahar-çaýyny berdi. Baýram gelniniň gözleriniň gyzaryp, güler-ýüzüniň bolsa sülleren gül kimin guranlygyny aňsada aňandyr. Ol gelininden heder-edip:
— Ýeri Humaýym, garaja-garaja gözleriňe näme boldy, gyzarypdyrla?! — diýip ýylgyrdy. Humaý düýnki wakany bildirmejek bolup bar güýjini jemläp, ýylgyryp:
— Ýokla ezizim, telewizor görüp, gijiräk ýataýdym. Şondandyr. Aýrylarla. — diýip aglaman zordan saklandy. Gelin, biwepa äriniň ýol şaýyny tutup, ärini işe ugradyp, çagalary hem goňşulara goýup, şol loly-geliniň öýüne ugrady...
1-nji bölümiň soňy.
Awtory: IDEALLIDER.