idealis kiz
28.05.2023 10:31
Ginnesiň rekordlar kitabynyň awtorlary Byakuya doňdurmasyny dünýäniň iň gymmat doňdurmasy diýip resmi taýdan ykrar etdiler. Agramy 130 gram bolan bu süýjüligiň bir paýy 6700 dollara durýar. Öndürijiniň aýtmagyna görä, bu desertiň ýeňiljek süýjüligi, çylşyrymly tagamy we ajaýyp tekiz gurluşy bar.
5
139
idealis kiz
26.05.2023 19:18
Dostluk näme üçin soňlanýar?

Dostluk birnäçe sebäplere görä soňlanyp biler. Sebäbi iki adamyň arasyndaky gatnaşyk deň däl. Şeýle-de bolsa, dostlugyňyzy erbet ýagdaýa saljak ýa-da soňuna çykjak käbir ýagdaýlar bar.

Ýüzbe-ýüz köp duşuşmazlyk. Sosial torlardaky dostlaryňyz bilen internet arkaly yzygiderli aragatnaşykda bolup bilersiňiz. Ýöne olar bilen ýüzbe-ýüz görüşip wagtyňyzy gyzykly geçirip gördüňizmi? Eger-de ýüzbe-ýüz duşuşyklar ýuwaş-ýuwaşdan azalýan bolsa, bu siziň biri-biriňizden aýrylmagyna hat-da dostlugyňyzy bes etmegiňize sebäp bolup biler. Bu ýagdaýa çemeleşmek gaty ýönekeý, dostlaryňyz bilen wagtyňyzy gyzykly geçiriň! Mümkin boldugyça sosial torlara sarp edýän wagtyňyzy azaldyň we size ähmiýet berýän adamlar bilen duşuşyň.

# Garşylyksyz goýmak. Gatnaşyklar hemişe deň derejede bermek we almak esaslaryna esaslanmasa-da, beriji hemişe bir tarapda bolsa we hiç haçan girdeji almasa, bu deňagramlylygy bozar we dostlugyňyzy bes eder. Jogap bermeýän tarap özüne ideg edilmeýändigini duýýar. Belli bir wagtdan soň tebigy ýagdaýda has gyzyklanýan adamlara ýüzlenýär. Bu ýagdaý tebigydyr.

# Negatiw bolmak. Bu meselede her kimiň dürli-dürli pikiri bolup biler. Gatnaşykda aşa negatiw energiýanyň bardygyny diňe taraplar çözer. Dostuňyza negatiw çemeleşýän bolsaňyz, munuň sebäbini pikirlenmeli. Özüňize ynam ýokmy? Başga bir zada gaharyňyz gelýärmi, ýöne agyryny dostuňyzdan çykarmak has aňsatmy? Meseläniň nämedigini biliň we ony düzetmäge synanyşyň. Bu garaýşyň size täze dost tapmagyňyza päsgel berýändigini ýadyňyzdan çykarmaň.

# Gabat gelmezlik. Dostlugyň ýeke-täk ynamy, belli bir wagt gatnaşyklaryň üýtgemegidir. Bu üýtgeşmäniň derejesi we görnüşi, gatnaşykda ýaşaýan adama görä tapawutlanýar. Käbir adamlar dostlaryndan daşlaşyp, käbir ýagdaýlar üýtgän mahaly täze ýagdaýyna has ýakyn birini gözläp bilerler. Mysal üçin, käbir adamlar durmuşa çykansoň we durmuşa çykan adamlar bilen ýygy-ýygydan duşuşandan soň ýeke dostlaryndan uzak durmagy saýlap bilerler.

Dostlugyň üýtgemeginiň dürli sebäpleri bolup biler. Adamlar biri-birinden tapawutlanýar we dürli pikirleriň bolmagy adaty zat. Mesele olar hakda sagdyn gürleşip bilmezlikden başlaýar. Dawa-jenjeli bolan adamlaryň umumy ýalňyşlyklaryny aşakdaky ýaly sanap bolar:

* Mesele ýok ýaly hereket etmek, ýöne meseläniň ösmegine ýol bermek;

* Gepleşjek bolýan adamy diňlemezlik, äsgermezlik etmek;

* Dawa-jenjeli gozgamak, ýöne gapma-garşy adamyň arkasynda gürlemekden çekinmezlik;

* Dostuňyzyň özüni alyp barşyny açyp görkezýän belliklere ähmiýet bermezlik.
17
355
idealis kiz
24.05.2023 01:49
Sowalhon

Içerde oturanlar onuň nähili girenini duýmady. Ýok, ýok! Ol girmedi. Ol iç işikde birden peýda boldy.
-Geleweri, Ata sowalçy — diýip, öý eýesi gelene ýüzlendi. Biz onuň bilen gaýybana tanyşdyk: “Biziň obamyzda Ata sowalçy diýen bir täsin adam bar. Lakamyna gaty mynasyp. Keseden bir del adam geläýdigi ony eýerläp münýär-de, öliň soragyny öňünde goýýar. Oba arasynda-ha onuň gepine hä berýänem ýok indi” diýip, öý eýesi bize öten agşam gürrüň beripdi. Ine, şu gelen şoldy. Sowalçy dik durka-da, düşek üstüne geçip oturanda-da, ýitigini tapan ýaly, iki gözüni bizden aýyrmaýardy, sebäbi ýoldaşym ikimizden başga şu taýda del adam ýokdy.

-Nireden geldiňiz? — Onuň bu sowaly diňe myhmanlara degişlidi. Salam- selik ýok, onuň içerik girip, agzyndan çykaran sözleri şu owal boldy. Meniň ýoldaşym Çakan öý eýesiniň söz bilen Sowalçyny dalamagyna puryja bermän, “SSSR-den” diýdi-de, ýuwaşlyk bilen öý eýesine üm etdi. Gep başyny agyrtmaly bolanda, Çakanam-a bäri-bärilerde aýak çekýänlerden däldir. Hany göreli bakaly, haýsysynyň towy güýçlükä.

Sowalçy beýle jogaba garaşmadyk bolarly, bir salym üşerilip oturdy-da, ýene
özüne geldi:
– O nähili SSSR-den?!

-Nähilisi bolarmy, oglan! SSSR-den bolsaň SSSR-den diýmeli bor-da. Dagy
näme, Yssambuldandyr öýdýärmisiňiz?!

Atanyň belli-külli lapy keç boldy. Iki gözüni bizden aýyrman, bir salym ýene dymdy. Meniň gülkim tutýardy, emma zordan saklanýardym. Beýlekileriňem böwrekleriniň bökmäge taýýardygyny olaryň ýüzünden aňmak kyn däldi. Sowalçynyň sowaly tükenäýdi diýip otursam, asyl çakym ýalan bolup çykdy. Ol dymyp, täzeden hüjüme geçmäge taýýarlyk görýän eken.

-Siz şäherli bolarly? Diýmek, köp bilýänsiňiz. Öten agşam bir düýş gördüm welin, ýorup bilermisiňiz?

-Beter ederis. Men şol ugurdan uly spesialist. Hany, aýt bakaly. Pygamberler ýorgudy bolsun. Gören düýşüňiz bir serialymy ýa serialymy?

-Pylança seriýaly diýer ýaly düýş kinomy neme?

-Häzirki zamanyň düýşi hökman seriýa-seriýa bolmaly. Meniň özüm-ä üç- dört seriýalysynam görýän. Hawa, aýdyberiň…

-Aýtsam, düýşümde men it münüpdirin… Düýşünde adam at münse, ýorgudy oňat. Sygyr münse, ýamana ýorulýar. Emma it münseň…

– Oňat saýgardyňyzmy beri, it däl bolaýmasyn?

-Tüýs it. Başga zat däl. Men onuň bilen gepleşdimem…

– Be-e, it dilindemi?

-Ýok, adam dilinde.

– Adam dillerinden haýsysynda?

-Diliňem bir haýsysy-beýlekisi bolarmy?

-Bolman näme? Biziň obamyzyň itler-ä diňe latynça gürleşýär.

-Aý, ýok. Biz-ä ene dilde gürleşdik.

-Kimiň ene dilinde?

-Meniň ene dilimde, türkmen dilinde, how! Itiň ene dili bolmaz ahyry.

-Indi düşnükli. Hä, näme gürrüň etdiňiz onsoň?

– Gepleşýänim-ä bilýän welin, näme gürrüň edenimiz ýadymda däl.

– Siz esasy zady unudypsyňyz, ýormak kyn düşse gerek. Itiň näme diýenini bir bloknota belleseňiz bolmadymy?

– Itiň üstünde-de bir bloknot bolarmy?

– Galamsyz, bloknotsyzam, heý, ite münerlermi?

– Wah, nädip münendigimi bilemok diýip aýdýan ahyryn.

-Ýeri, bolýa-da. Haýsy tarapyndan mündüňiz?

– Itiňem bir haýsy tarapy bolarmy. It itdir-dä.

– Özi mün diýdimi ýa özüňiz inisiatiwa görkezdiňizmi?

– Bilemok. Diňe üstündedigimi bilýän.

– Gezekleşdiňizmi?

– O nähili gezekleşmek?!

– Soň o-da mündümi diýjek bolýan.

– Ýok-laýt! Siziň soraýan zadyňyz nätüýsli! Item bir adama münermi?!

– Darykmaweriň. Sizi öz arkasyna hopba etmäge akyly çatan it gezekleşmelidigine hem düşüner. Aý bolýa-da. O ganjykmydy ýa köpekmidi?

– Men näme, ony barlap gördümmi. Haýsy bolanda näme!

– Ätiýaçdan barlaýmaly ekeniňiz-dä. Şonuň urkaçydygyny ýa erkekdigini anyklamadyk bolsaňyz, düýşüňiz ýordurmasa gerek. Siz şo düýşi ýamaşgan görüp bilmersiňizmi?

– Siziň aýdýanyňyz nämäýt?!

– Darykmaweriň. Düýşi doly ýormak üçin, jikme-jik detallar gerek. Siz bolsa esasy zatlara üns bermänsiňiz. Siziň düýşüňiz alasarmyk kategoriýaly düýşlere degişli. Umumy kada görä, şu zeýilli düýşleri ýamaşgan görmek maslahat berilýär. Siz indi…
Çakan sözüni soňlamanka, Ata sowalçynyň nädip öýden çykyp gidenini hiç haýsymyzam duýmandyrys…
12
298
idealis kiz
23.05.2023 01:13
Bir adam mekdebe golaý ýerde ýaşaýan eken. Garrap, hormatly dynç alşa çykansoň, uzynly gün öýde bolmak ony irizipdir. Aýratyn-da okuwçylaryň gohy onuň ýüregine düşýän eken. Bir gün ol ala-goh edişip mekdepden gelýän okuwçylary saklap, şeýle diýipdir:
— Çagalar, menem siz ýalykam goh-galmagal etmegi halaýardym. Siz maňa çagalygymy ýatladýaňyz. Öýümiň deňinden geçeniňizde edil şular ýaly goh etseňiz, size her gün bir manat berjek — diýipdir.
Çagalar ala-goh bolşup, muzdlaryny alypdyrlar. Birnäçe günden soň ýaşuly:
— Çagalar, şu günler pul ýagdaýym gowy däl. Mundan beýläk men size diňe elli teňňeden berip bilýän — diýipdir.
Ýaşuly birnäçe günläp olara elli teňňe beripdir. Bir günem:
— Çagalar, şu günler pul ýagdaýym öwerlik däl, biraz tygşytly bolaýmasam kyn boljak. Indi size her gün goh edeniňiz üçin on teňňe berip bilýän — diýipdir.
Şonda çagalaryň biri:
— Ýok, daýy jan, ol bolmaz. Bary-ýogy on teňňe üçin goh eder öýdýän bolsaňyz-a ýalňyşýaňyz. Biz beýle arzan goh etmeris — diýipdir. Onuň bu sözlerini beýleki çagalar hem alyp göteripdirler.
Şondan soň çagalar ýaşulynyň öýüniň deňinden geçenlerinde goh etmän, ümsüm geçipdirler.

Göwün ýykmanam göwnüňe ýakmadyk zatlardan dynmak mümkin.
20
281
idealis kiz
22.05.2023 03:23
Tymsal.

Bir kişi ençe ýol ýöräp, bir guýa gabat geldi. Guýynyň ýanynda bir aýal hem gowany guýa sallap durdy. Hälki kişi ol zenanyň ýanyna baryp: «Gorkma! Men ençeme wagtdan bäri zenan hilesiniň neneňsi zatdygyny bilmek isleýärin. Soramadyk adamym galan däldir. Sendenem şol närsäni soramakçy. Belki, munuň jogaby sendedir?!» diýdi.
Aýal biraz oýlandy-da, soňra ulili bilen gygyryp, aglap başlady. Onuň sesi golaýdaky obanyň ýaşaýjylaryna-da ýetdi. Ýaňky adam munuň sebäbini sorady. Aýal: «Sesimi oba adamlary eşitdiler. Olar, hä diýmän, bu ýere gelerler we maňa azar berendir öýdüp, seni näletlärler» diýdi. Ol kişi: «Men saňa ezýet bermek üçin gelmedim. Seniň akyl-paýhas dänelerinden doklugyňy aňyp, zenan hilesi hakynda soradym. Ine, bar bolany» diýdi.
Aýal ýerinden turdy-da, çelekdäki suwy öz üstünden eňterdi. Erkek kişi onuň bu hereketine aňk bolup, munuň sebäbini sorady. Jogabyny almanka-da, oba adamlary ylgaşyp geldiler. «Häzir bu adamlar meni suwa salma ýençseler gerek?!» diýip, hälki kişi içinden pikir öwürdi.
Üst-başy öl-myžžyk bolan aýal kişi üýşmeleňe garap: «Bu adam meni halas edip, guýudan çykardy» diýdi. Adamlar o kişä minnetdarlyk bildirip, il içinde şeýle päk ýürekli ynsanlaryň köp bolmagyny dileg etdiler. Märeke dagandan soň, ol kişi bu wakanyň hikmetini sorady. Aýal bolsa: «Ine, zenanlar şeýle bolýar. Eger oňa azar berseň, ýamanlykdan gözüň açylmaz. Eger ol senden göwnühoş bolsa, seni bir ömür bagtly eder» diýip, jogap berdi.
21
260
idealis kiz
21.05.2023 11:52
Şägirt:

— Durmuşyň hemişe ajysy-da, süýjüsi-de bolýarmy?

Halypa:

— Hawa, ýöne adamlaryň käbirleri gowy bir zat tapýarlar-da, bar ünsüni şoňa jemleýärler.

— Şol gowy zady nädip tapmaly, duýmaly?

— Ol aňsat, eger sen bir zada gynanýan bolsaň, sen geçmişiň bilen ýaşaýaň, eger sen bir zady alada edýän bolsaň, onda sen geljek bilen ýaşaýaň, eger-de sen lezzeti we ýeňilligi duýýan bolsaň, diýmek sen häzirki wagtda ýaşaýaň.

Halypa onuň gözlerine seredip, sözüniň üstüni ýetiripdir:

— Häzir sen nirede?
15
243
idealis kiz
19.05.2023 23:35
Köplenç, surata düşenimizde ýylgyryp durmagy endik edipdiris. Sebäbi-de suratçylar aýtmyşlaýyn, ýylgyrmak bizi adatdakysyndan owadan görkezýär. Bu hakykatdanam şeýle bolsa, siz pikir edip gördüňizmi, hemişe ýylgyryp gezseňiz, durmuşyňyz nähili owadan bolardyka?!
Fillis Dilleriň aýdyşy ýaly: «Ýylgyryş ýönekeý bir egri çyzyk bolsa-da, ähli zady göneldýändir». Aslynda psihologlaryň belleýşine görä, ýylgyryş adamyň göwnüni açýar, oňa durmuşyň nogsanlyklaryndan, çylşyrymly wakalaryndan ussatlarça baş alyp çykmagyna ýardam berýär. Diňe bu maglumatyň aýan edilmegi size ýylgyryp gezmäge esas berip bilmezligi mümkin. Ýöne bu düzgüni durmuş kadasyna öwürseňiz ykbalyňyzdan we özüňizden gaty hoşal bolup bilersiňiz. Ýürekden çykyp, ýürege barýan ýylgyryş adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da ysnyşdyrýar, ýakynlaşdyrýar we özara düşünişmegi aňsatlaşdyrýar. Gülki, ýylgyryş diňe bir adamyň durmuşyna däl, eýsem, saglygyna hem oňyn täsir edýändigini ýörite lukmanlar topary tekrarlaýarlar. Olaryň bellemegine görä, ýylgyryş adam saglygy üçin bahasyz iň gowy derman hasaplanýar. Keýpiň gowy däl wagtlarynda-da özüňizi ýylgyrmaga mejbur ediň. Ýylgyryş nerw dartgynlylygyny aýyrmaga-da ýardam edýär. Biz ýylgyranymyzda ýüregimiz giňeýär, kalbymyz rahatlanýar, özümizi ynjalykdan gaçyrýan ýagdaýlary unudýarys. Şol sebäpli-de, ýylgyryş ýürek-damar, nerw keselleriniň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Köp ýurtlaryň psihologlary ýylgyryşyň adama täsirini öwrenip, şeýle netijä gelipdirler: ýylgyryş adamyň kelle-beýnisine bagtlydygy, keýpiniň oňatdygy barada habar iberýär eken. Şol bir wagtda köp mukdarda endorfinler («şatlyk» gormony) işlenilip çykarylýar. Bu gormonlar bedene agyryny aýyryjy hem-de gaýnaglama garşy täsir edýär, ähli beden agzalarynyň işine itergi berýär. Adamda rahatlyk, kanagatlanma duýgularyny döredýär. Adam ýylgyranda nerw dartgynlylygy aşak düşýär. Arterial gan basyşyny we pulsy kadalaşdyrmak, kellagyryny aýyrmak üçin käte 5 minutlap ýylgyrmak ýeterlik eken. Alymlar ýylgyryşyň aýratyn hem kelle-beýnisiniň işine oňyn täsir edýändigini, ýatkeşligi, aň ýetiriş we pikir ýörediş ukybyny ösdürýändigini kesgitlediler. Adam ýylgyranda onuň endamy, boýun myşsalary gowşaýar, gan aýlanyş işjeňleşýär, gandaky glýukozanyň mukdary azalýar.
Žanna Kalmanyň belleýşi ýaly: «Hemişe ýylgyryň. Meniň uzak ýaşamagymyň syry hut ýylgyrýanlygymdadyr». Ýylgyryň! Owadan boluň! Ýylgyryşlaryňyz ömrüňizi gözelleşdirsin!
Wiý, ýogsa-da bu gün ýylgyrdyňyzmy?!
19
329
idealis kiz
18.05.2023 11:53
Jebran Halyl Jebrandan jümleler

Zenanlaryň kiçijik kemçiliklerini bagyşlap bilmeýän erkekler, hiç haçan olaryň uly hormatyna hem mynasyp bolup bilmezler.

Söýgi we şübhe hiç haçan biri-birine golaýlaşýan däldir.

Isleg ömrüň, biperwaýlyk bolsa ölümiň ýarydyr.

Diňe ýüreginde derdi bolanlar başga ýürekleriň hem derdine düşünip biler.

Jomartlyk özüňde bar bolanyndan köpräk zady eçilmekdir.

Her gün täzelenmeýän söýgi endige we adaty birsydyrgynlyga öwrülip gidýär.

Biz ýylgyrşymyza sebäp bolan ynsanlary aňsatjak unudyp, gözýaşlarymyza sebäp bolanlary ömürlik ýatda saklaýarys.

Köplenç, biziň şu günki tukatlygymyza düýnki şatlygymyz hakdaky gamgyn ýatlama sebäp bolýar.

Özüňe kömek etmegiň ýeke-täk ýoly başgalara hemaýat etmekdir.

Söýginiň nähili çuňlugy diňe aýrylan wagtyňda mälim bolýar.

Söýgi — gorkudan ýaňa titräp duran bagtdyr.

Gözýaşlar bilen ýuwulan söýgi päkize, owadan we ebedi bolýandyr.

Adamyň derejesi onuň gazanan zatlary bilen däl, gazanmagy öňünde maksat edip goýan zatlary bilen kesgitlenýär.

Dünýädäki ähli soraglara özümçe jogap tapdym, diňe iň soňkusy galdy: «Men kim?»
10
204
idealis kiz
17.05.2023 01:00
Ýaş ýigitleriň biri akyldaryň ýanyna barypdyr. “Dana babam, ep-esli wagtdan bäri bir pikir serime hiç ynjalyk berenok. Arzuwsyz adam ýok. Arzuwyň bir ujunda hem geljekde boljak gowy zatlara garaşmak, bolaryny towakga etmek ýaly duýgular ýatyr. Emma her gezek ol-bu adamlaryň ýanynda arzuw-islegimi ýaňzydyp, içimi dökenimde, “seniň munyň tama bolýar, tamakinlik bolsa eý görülýän häsiýet däl” diýýärler. Men bolsa özümi gurşan bu duýgularyň tama däl-de, umytdygyny, şol zatlaryň hasyl boljagyna çyndan garaşýandygym bilen düşündirýärin. Ýöne her tarap ýene-de öz pikirinde galýar. Ýogsa-da, arzuw etmek – umytmy ýa-da tama?! Umyt bilen tamanyň näme tapawudy bar?” diýip sorapdyr.
“Ogul, özgeler bilen pikiriňi paýlaşmak ajap zat, emma üç zady her öňýetene aýdyp ýörmek uslyp bilinmez. Başarsaň, hiç kime-de ýaňzytma. Halys içiňe sygmasa, onda ynanýan birlän-ikilän adamyňa aýt, bolany. Şol üçüsi: arzuwlaryň, düýşleriň we özüňe ynanylan ýa-da şahsy syrlaryň. Syr saklamak hem belent häsiýetdir. Indi arzuwlaryň umytmy ýa-da tamalygy hakda söz açsak, arzuwlaryň umyt hem bolup biler, ýöne bir boş tama-da bolup biler. Umyt – şol maksadyň ugrunda yhlas edip, bir oňyn netijäniň hasyl bolaryna garaşmakdyr. Tama bolsa şonuň ugrunda hiç zat etmän, zähmet çekmän, ýene-de arzuwlaryň hasyl bolar diýip, diňe göwün ýüwürdip oturmakdyr. Ugrunda ylgamasaň, yhlas etmeseň hiç zat ýokdur, ogul” diýip, dana baba umyt bilen tamanyň arasyndaky parhy düşündiripdir.
21
279
idealis kiz
16.05.2023 15:06
Dünýä meşhur geniýleriň biri çagalygynda örän bezzat bolupdyr. Bir gün kakasy oňa içi çüýli torba bilen bir bölek tagta getirip beripdir. «Haçanda dostlaryň bilen sözüň azaşsa, bu tagtanyň ýüzüne torbadaky çüýden birini al-da, tagta kak!» diýipdir.
Oglanjyk heniz ilkinji günden tagtanyň ýüzüne otuz çüý dagy kakypdyr. Ol gün geçdigiçe özüne erk edip, böwrüni diňläp ugrapdyr we gün-günden has az çüý kakmaga başlapdyr. Soňabaka tagta hiç zat kakmandyr. Muny baryp kakasyna aýdypdyr. Kakasy ogluny diňläninden soň, çüýli tagtasyny eline berip: «Şu günden başlap, dostlaryň bilen dawalaşman geçiren her günüň üçin tagtanyň ýüzünden bir çüý sogur!» diýipdir.
Günler kerwen gurap geçiberipdir. Ahyry bir gün tagtanyň ýüzünden bütin çüýler aýrylypdyr. Kakasy şonda ogluna şeýle diýipdir: «Berekella, oglum! Gör, nähili akyllanypsyň! Emma oglum, şu tagtanyň ýüzündäki yzlara üns bilen seret. Ol indi öňküsi ýaly tekiz däl, deşik-deşik. Haçanda dostlaryň sözleri azaşsa, biri-birine ýaramaz sözler aýdýarlar. Her bir aýdylan agyr sözem adamyň ýüreginde edil şu tagtadaky ýaly yz goýýar. Sen dostuňy bagyşlap bilersiň. Emma onuň kalbyndaky ýaranyň yzy hemişelik galar. Dost diýeniň edil altyn-kümüş ýalydyr. Ol seni diňlär, saňa güýç berer, şatlygyňy paýlaşar, kyn güne düşeniňde, saňa ýardam eder, hemişe syrdaşyň bolar!»
21
267