Ýaş ýigitleriň biri akyldaryň ýanyna barypdyr. “Dana babam, ep-esli wagtdan bäri bir pikir serime hiç ynjalyk berenok. Arzuwsyz adam ýok. Arzuwyň bir ujunda hem geljekde boljak gowy zatlara garaşmak, bolaryny towakga etmek ýaly duýgular ýatyr. Emma her gezek ol-bu adamlaryň ýanynda arzuw-islegimi ýaňzydyp, içimi dökenimde, “seniň munyň tama bolýar, tamakinlik bolsa eý görülýän häsiýet däl” diýýärler. Men bolsa özümi gurşan bu duýgularyň tama däl-de, umytdygyny, şol zatlaryň hasyl boljagyna çyndan garaşýandygym bilen düşündirýärin. Ýöne her tarap ýene-de öz pikirinde galýar. Ýogsa-da, arzuw etmek – umytmy ýa-da tama?! Umyt bilen tamanyň näme tapawudy bar?” diýip sorapdyr.
“Ogul, özgeler bilen pikiriňi paýlaşmak ajap zat, emma üç zady her öňýetene aýdyp ýörmek uslyp bilinmez. Başarsaň, hiç kime-de ýaňzytma. Halys içiňe sygmasa, onda ynanýan birlän-ikilän adamyňa aýt, bolany. Şol üçüsi: arzuwlaryň, düýşleriň we özüňe ynanylan ýa-da şahsy syrlaryň. Syr saklamak hem belent häsiýetdir. Indi arzuwlaryň umytmy ýa-da tamalygy hakda söz açsak, arzuwlaryň umyt hem bolup biler, ýöne bir boş tama-da bolup biler. Umyt – şol maksadyň ugrunda yhlas edip, bir oňyn netijäniň hasyl bolaryna garaşmakdyr. Tama bolsa şonuň ugrunda hiç zat etmän, zähmet çekmän, ýene-de arzuwlaryň hasyl bolar diýip, diňe göwün ýüwürdip oturmakdyr. Ugrunda ylgamasaň, yhlas etmeseň hiç zat ýokdur, ogul” diýip, dana baba umyt bilen tamanyň arasyndaky parhy düşündiripdir.