Köplenç, surata düşenimizde ýylgyryp durmagy endik edipdiris. Sebäbi-de suratçylar aýtmyşlaýyn, ýylgyrmak bizi adatdakysyndan owadan görkezýär. Bu hakykatdanam şeýle bolsa, siz pikir edip gördüňizmi, hemişe ýylgyryp gezseňiz, durmuşyňyz nähili owadan bolardyka?!
Fillis Dilleriň aýdyşy ýaly: «Ýylgyryş ýönekeý bir egri çyzyk bolsa-da, ähli zady göneldýändir». Aslynda psihologlaryň belleýşine görä, ýylgyryş adamyň göwnüni açýar, oňa durmuşyň nogsanlyklaryndan, çylşyrymly wakalaryndan ussatlarça baş alyp çykmagyna ýardam berýär. Diňe bu maglumatyň aýan edilmegi size ýylgyryp gezmäge esas berip bilmezligi mümkin. Ýöne bu düzgüni durmuş kadasyna öwürseňiz ykbalyňyzdan we özüňizden gaty hoşal bolup bilersiňiz. Ýürekden çykyp, ýürege barýan ýylgyryş adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da ysnyşdyrýar, ýakynlaşdyrýar we özara düşünişmegi aňsatlaşdyrýar. Gülki, ýylgyryş diňe bir adamyň durmuşyna däl, eýsem, saglygyna hem oňyn täsir edýändigini ýörite lukmanlar topary tekrarlaýarlar. Olaryň bellemegine görä, ýylgyryş adam saglygy üçin bahasyz iň gowy derman hasaplanýar. Keýpiň gowy däl wagtlarynda-da özüňizi ýylgyrmaga mejbur ediň. Ýylgyryş nerw dartgynlylygyny aýyrmaga-da ýardam edýär. Biz ýylgyranymyzda ýüregimiz giňeýär, kalbymyz rahatlanýar, özümizi ynjalykdan gaçyrýan ýagdaýlary unudýarys. Şol sebäpli-de, ýylgyryş ýürek-damar, nerw keselleriniň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Köp ýurtlaryň psihologlary ýylgyryşyň adama täsirini öwrenip, şeýle netijä gelipdirler: ýylgyryş adamyň kelle-beýnisine bagtlydygy, keýpiniň oňatdygy barada habar iberýär eken. Şol bir wagtda köp mukdarda endorfinler («şatlyk» gormony) işlenilip çykarylýar. Bu gormonlar bedene agyryny aýyryjy hem-de gaýnaglama garşy täsir edýär, ähli beden agzalarynyň işine itergi berýär. Adamda rahatlyk, kanagatlanma duýgularyny döredýär. Adam ýylgyranda nerw dartgynlylygy aşak düşýär. Arterial gan basyşyny we pulsy kadalaşdyrmak, kellagyryny aýyrmak üçin käte 5 minutlap ýylgyrmak ýeterlik eken. Alymlar ýylgyryşyň aýratyn hem kelle-beýnisiniň işine oňyn täsir edýändigini, ýatkeşligi, aň ýetiriş we pikir ýörediş ukybyny ösdürýändigini kesgitlediler. Adam ýylgyranda onuň endamy, boýun myşsalary gowşaýar, gan aýlanyş işjeňleşýär, gandaky glýukozanyň mukdary azalýar.
Žanna Kalmanyň belleýşi ýaly: «Hemişe ýylgyryň. Meniň uzak ýaşamagymyň syry hut ýylgyrýanlygymdadyr». Ýylgyryň! Owadan boluň! Ýylgyryşlaryňyz ömrüňizi gözelleşdirsin!
Wiý, ýogsa-da bu gün ýylgyrdyňyzmy?!