idealis kiz
22.05.2023 03:23
Tymsal.

Bir kişi ençe ýol ýöräp, bir guýa gabat geldi. Guýynyň ýanynda bir aýal hem gowany guýa sallap durdy. Hälki kişi ol zenanyň ýanyna baryp: «Gorkma! Men ençeme wagtdan bäri zenan hilesiniň neneňsi zatdygyny bilmek isleýärin. Soramadyk adamym galan däldir. Sendenem şol närsäni soramakçy. Belki, munuň jogaby sendedir?!» diýdi.
Aýal biraz oýlandy-da, soňra ulili bilen gygyryp, aglap başlady. Onuň sesi golaýdaky obanyň ýaşaýjylaryna-da ýetdi. Ýaňky adam munuň sebäbini sorady. Aýal: «Sesimi oba adamlary eşitdiler. Olar, hä diýmän, bu ýere gelerler we maňa azar berendir öýdüp, seni näletlärler» diýdi. Ol kişi: «Men saňa ezýet bermek üçin gelmedim. Seniň akyl-paýhas dänelerinden doklugyňy aňyp, zenan hilesi hakynda soradym. Ine, bar bolany» diýdi.
Aýal ýerinden turdy-da, çelekdäki suwy öz üstünden eňterdi. Erkek kişi onuň bu hereketine aňk bolup, munuň sebäbini sorady. Jogabyny almanka-da, oba adamlary ylgaşyp geldiler. «Häzir bu adamlar meni suwa salma ýençseler gerek?!» diýip, hälki kişi içinden pikir öwürdi.
Üst-başy öl-myžžyk bolan aýal kişi üýşmeleňe garap: «Bu adam meni halas edip, guýudan çykardy» diýdi. Adamlar o kişä minnetdarlyk bildirip, il içinde şeýle päk ýürekli ynsanlaryň köp bolmagyny dileg etdiler. Märeke dagandan soň, ol kişi bu wakanyň hikmetini sorady. Aýal bolsa: «Ine, zenanlar şeýle bolýar. Eger oňa azar berseň, ýamanlykdan gözüň açylmaz. Eger ol senden göwnühoş bolsa, seni bir ömür bagtly eder» diýip, jogap berdi.
21
259
idealis kiz
22 May 2023
ay_kiz_, onki bolus
ay_kiz_
22 May 2023
idealis kiz, Hudaýa şükür, gowy okuwlaram :) sen nämeler edýäň?
idealis kiz
22 May 2023
ay_kiz_, Yagsy. Goumy ozun. Goumy okuwlar
idealis kiz
22 May 2023
Imissyou, dogry
ay_kiz_
22 May 2023
idealis kiz, wii, gowumy sen?
idealis kiz
22 May 2023
Imissyou, salam Hudaya sukur gou. Sen goumy. Gabatladyp bilmedim sen bn
idealis kiz
22 May 2023
Imissyou, butterfly 👈
idealis kiz
22 May 2023
ay_kiz_, Bahar men
ay_kiz_
22 May 2023
idealis kiz, önki nik?😕
idealis kiz
22 May 2023
ay_kiz_, crazy dal men
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.