Bir adam mekdebe golaý ýerde ýaşaýan eken. Garrap, hormatly dynç alşa çykansoň, uzynly gün öýde bolmak ony irizipdir. Aýratyn-da okuwçylaryň gohy onuň ýüregine düşýän eken. Bir gün ol ala-goh edişip mekdepden gelýän okuwçylary saklap, şeýle diýipdir:
— Çagalar, menem siz ýalykam goh-galmagal etmegi halaýardym. Siz maňa çagalygymy ýatladýaňyz. Öýümiň deňinden geçeniňizde edil şular ýaly goh etseňiz, size her gün bir manat berjek — diýipdir.
Çagalar ala-goh bolşup, muzdlaryny alypdyrlar. Birnäçe günden soň ýaşuly:
— Çagalar, şu günler pul ýagdaýym gowy däl. Mundan beýläk men size diňe elli teňňeden berip bilýän — diýipdir.
Ýaşuly birnäçe günläp olara elli teňňe beripdir. Bir günem:
— Çagalar, şu günler pul ýagdaýym öwerlik däl, biraz tygşytly bolaýmasam kyn boljak. Indi size her gün goh edeniňiz üçin on teňňe berip bilýän — diýipdir.
Şonda çagalaryň biri:
— Ýok, daýy jan, ol bolmaz. Bary-ýogy on teňňe üçin goh eder öýdýän bolsaňyz-a ýalňyşýaňyz. Biz beýle arzan goh etmeris — diýipdir. Onuň bu sözlerini beýleki çagalar hem alyp göteripdirler.
Şondan soň çagalar ýaşulynyň öýüniň deňinden geçenlerinde goh etmän, ümsüm geçipdirler.
Göwün ýykmanam göwnüňe ýakmadyk zatlardan dynmak mümkin.