Leonarda Da Winçi özüniñ meşhur eseri bolan Mona Liza portredini döretmäge 1503-nji ýylda başlady.Meşhur suratkeşiñ bu eseri tamamlamasy 3-4 ýylyny alypdyr.Şu wagt Fransiýadaky Lawr Muzeýini bezeýän ady belli taryhy eser bolan Mona Liza portredi häzirki günlerde hem dünýäniñ ünsini özüne çekmegi dowam etdirýär.Eýsem,bu suratyñ munyñ ýaly meşhurlyga eýe bolmagyna näme sebäp boldyka?Siziñ üçin bu portrediñ gizlin syrlaryny beýan etmäge başlaýarys...
Mona Lizanyñ portredi belli suratkeş,filosof,astronom,matematik,arhitektor,alym,heýkeltaraş we ýazyjy bolan Leonardo Da Winçi tarapyndan 1503-nji ýylda çekilmäge başlandy.Mona Liza portrediniñ 3-4 ýyllap dowam edilmegi bu suratyñ doly tamamlanman galandygy baradaky pikirleriñ döremegine hem getiripdir.Şol döwürleriñ meşhur sungat ussatlarynyñ biri bolan Georg Wasariniñ\"Portrediñ üstünde işläp dört ýyl güýmendi we soñunda ony tamamlap hem bilmedi\"diýen sözleri şeýle pikiriñ döremegine sebäp bolupdyr.
Eýsemde,Mona Liza näme diýmekkä?
Mona Liza aslynda Modonna Liza diýen adyñ gysgaldylan görnüşi diýip hasap edilýär.Emma,başga rowaýatlar hem bardyr.Käbir ýerlerde Mona Liza\"Aýalym Liza\",käbirlerinde bolda \"Lady Liza\"diýen görnüşleri hem duş gelýär.
Mona Liza portredindäki aýal kim?
Portretde suratlandyrylan aýalyñ kimdigi barada müñlerçe pikirler bar we aslynda bu hakykat häzire çenli anyk aýan edilenok.Rowaýatlara görä bu aýalyñ Da Winçiniñ söýgülüsi Mon Salaýdygy aýdylýar.Meşhur suratkeşiñ söýgülisiniñ adynyñ harplaryny üýtgedip\"Mona Liza\"diýen ady döredendigi barada hem pikirler bar.Şeýle hem suratdaky bu syrly zenanyñ 1479-njy ýylda Florensiýada dünýä inen italýan begzada maşgalasyna degişli bolan Lisa Maria De Gherardinidigine hem ynanýanlar bar.Başga bir garaýyş boýunça bolsa munuñ Katrina Storzadygy hem aýdylýar.Şeýle birtopar garaýyşlaryñ bardygyna garamazda bu portret Lawr Muzeýinde Fransisko del Giosondonyñ aýaly Liza Gherardini Portredi adynyñ astynda tanadylýar.
Mona Lizanyñ ýylgyryşyndaky syr
Mona Liza portrediniñ meşhurlygynyñ syry megerem suratdaky aýalyñ ýylgyryşy bolaýsa nätjek?
5 asyra golaý dowam edip gelýän jedeller hem bu täsin zenanyñ bagtlymy ýogsa gamgynmy diýen analiziniñ üstünde alnyp barylýar.Hatda bu meselede belli bir netijä gelindi diýsek ýalñyş bolar.Garward Uniwersitetiniñ professory Margaret Liwingstone \"gizlinligi sebäpli onuñ gözüne bakan adamlara bir ýylgyryş ýaly görünýär\"diýip belläp geçipdir.Portrediñ syrlaryny çözmek üçin\"Duýgy anyklaşdyryjy\"programmalary ulanyldy.Gollandiýaly hünärmenleriñ alyp baran işleri boýunça suratdaky aýal 83% bagtly,9%durmuşdan doýan,6%bir zatdan gorkan we 2%aladaly ýagdaýdadyr.
Mona Liza Portrediniñ syrly kodlary
Portrediñ üstünde iş geçirmekde mikroskoplar we suraty öýjükler boýunça öwrenmek maksatly taýýarlanan gurallar ulanyldy we onuñ netijesinde suratda daşardan seredilinde kän bir belli bolmaýan gizlenen ýagdaýdaky sanlara we harplara gabat gelindi.Sungat öwreniji Silwano Winjeti tarapyndan berlen düşündürişi boýunça suratda LV harplarynyñ üsti açyldy.Bu harplar bolsa suratkeş Da Winçiniñ goly diýlip kabul edildi.LV harplaryndan başga-da bu zenanyñ çep gözünde CE we B harplary hem aýan edildi.Onuñ yzyndaky köprüniñ üstünde bolsa 72 sany belli edildi.
Has geñ galdyrýan zat hem Mona Lizadaky aýalyñ \"gaşlary\"ýokdur we bu hem şol Renessans zamanyndaky durmuşy has täsin görkezýär.
Mona Liza portredindäki zenanyñ ýylgyryşyna ünsiñ has köp çekilendigi üçin bu suratyñ arkasy boş hasap edilipdir.Emma ünsli seredilende bolsa portretde ajaýyp bir peýžaz suratlandyrylýar.Italýan taryhçysy Karla Glory suratdaky köprüniñ Ponte Gobbo ýa-da Ponte Wençio köprüsidigini belläp geçýär.Demirgazyk Italiýanyñ Piajenza etrabyndaky kiçijik bir oba bolan Bobbiada ýerleşen bu köprüniñ 1472-nji ýylda sil zerarly ýok bolup gidenligi sebäpli suratkeşiñ ony ýatlap surata goşandygy çaklanylýar we bu ýerde unudylan taryh beýan edilýär.
Mona Liza portredi näme üçin şeýle wajyp sungat eseri hasap edilýärkä?
Asyrlaryñ geçmegi bilen bu portret \"Baky Gözellik\"hasaplanylyp başlandy.Suratda şekillendirilen zenan oña haýsy tarapdan seretseñiz hem size göni bakyp duran ýaly görünýär.
Portrede belli baha kesilmeýär.
Awtor:Halylmuhammet
Çeşmeler:Art of Renessance.
Özbaşdak seljermeler.