hk97
14.11.2023 22:36

Taryhyñ dürli döwürlerinde dünýäniñ ýüzünde niçe beýik şahsyýetler ýaşap,döredip we ýok edip gidipdir.Emma olaryñ atlary bolsa geçmişiñ syrly sahypalarynda saklanyp galypdyr.Belki,olaryñ atlaram ýatdan çykarylandyr emma welin olaryñ goýup giden yzlary bu dünýäniñ hakydasyna baky giripdir.Şeýle taryhy şahsyýetleri öz goýnunda ýaýnadan ülkeleriñ biri-de,göýä diýersiñ başga bir dünýä mysaly,döwürdeş sebitlerinden öziniñ ösen siwilizasiýasy bilen düýpgöter tapawutlanyp öz döwründe Jahan patyşalygyna dalaş eden täsin we jadylaýjy medeniýete eýe bolan Gadymy Müsürdir.Niliñ boýunda misli bir jennet mysaly kemala gelen bu gadymy ýurdyñ taryhy hem örän gadymydyr.Bu topraklarda ençeme faraonlar höküm sürüp,dolandyryp,gurup we döredip geçipdirler.Emma müñýyllyklaryñ esasynda döwürleriñ aýlanmagy bilen bu mekanyñ hem durmuşy üýtgeýär.Antiki eýýamda bolsa Müsür özüniñ ellinistik medeniýeti bilen özboluşly täze bir medeniýetiñ döremegine hem esas bolupdyr.Gürrüñi uzaldyp oturmalyñda,gowusy esasy gürrüñe,ýagny bu ýurtda bir döwürler jahany sorap geçen,gözelligiñ şazadasy,patyşalaryñ melikesi,ady rowaýata öwrülen bir Zenan faraonyñ taryhyny beýan etmäge çalşalyñ,ýagny...

KLEOPATRANYÑ rowaýatyny

Miladydan öñki 70-69-njy ýyllarda dünýä inen we m.ö.30-njy ýylda aradan çykan Kleopatra taryhda Ýuliý Sezaryñ söýgülisi we Mark Antonynyñ aýaly bolup dünýä ýañ salan bir Müsür Şazenanydyr.Kakasy Ptolomeý 12-njiden soñ m.ö.51-nji ýylda tagta çykan Kleopatra öz jigilerinden soñ Sezar bilen bilelikde döwleti dolandyrypdyr.Kleopatra örän güýçli patyşa bolupdyr hat-da şol döwürler erkek hökümdarlar hem onuñ bilen bäsleşip bilmändirler.

Kleopatra üç gezek resmi durmuşa çykypdyr.Onuñ Kleopatra Selena 2,Siserion,Ptolomeý Fladelfus,Aleksandrios Helios atly çagalary bolupdyr.5 sany erkek dogany bolupdyr.

Emma tagt dawasynda ol birnäçe gezek öz köşgünden gaçmaga mejbur bolýar we ahyry soñunda Ýuliý Sezar bilen bilelikde öz dogany Ptolomeýi agdaryp tagta oturýar we Rime doly bolmasa-da tabyn bolmaga mejbur bolýar.Şondan soñ onuñ Rimiñ imperatory Ýuliý Sezar bilen özara gatnaşyklary hem başlanýar bu ikili hyzmatdaşlyk has uly ähmiýete mynasyp bolyp başlapdyr.

Siziñ pikiriñizçe Kleopatra kimdir?Aslynda Kleopatra müsürli däldir,onuñ asly ýewropaly Ptolomeýler maşgalasyndandyr we ol hat-da m.ö. 70-69 ýyllarda Makedoniýada dogulýar.Onuñ müsürli däldigini birnäçe çeşmeler hem suratlandyrýar.Onuñ pullardaky we diwarlardaky şekilinde asla afrikaly müsürlilere degişli hiç hili meñzeşlik ýokdyr.Onuñ gözleri ýewropoeid we gök,teni bolda garaýagyz däl-de akdyr.Ýagny onuñ Müsür bilen bagly ýeri ýokdyr we onuñ maşgalasy Müsüre Aleksandyr Makedonskiden soñ göçüp baryp,patyşalyklaryny gurýar.Klassik ýazyjy Plutarhyñ belläp geçmwgine görä Kleopatra heniz çagajykka müsür dilini öz öýlerinde ýekelikde öwrenipdir we bu medeniýete uýgunlaşypdyr.M.ö.50-nji ýylda kakasy ýogalandan soñ tagta dogany Ptolomeý 13 we aýal dogany Kleopatra 7 geçýärler.Emma onda hem Kleopatranyñ güýji örän ýokary bolupdyr.Soñra tagta Kleopatranyñ özünden kiçi dogany Ptolomeý 14-nji geçipdir we ikisiniñ arasynda güýçli tagt dawasy başlanypdyr.Bu söweşde Kleopatra Rim hökümdary Sezar bilen ýaran bolmagyñ ähmiýetlidigine düşünýär.Sezar bolsa özüni ñ Müsüre bolan täsirini artdyrmak üçin Kleopatra bilen ýakynlaşmak isleýär we Ptolomeýe garşy bilelikde göreşmäge başlaýarlar.Soña baka olar biri-birine aşyk bolupdyrlar we Aleksandriýada bir gyşy bilelikde geçiripdirler.Ondan soñra olar bile Müsüre ýörüş geçiripdirler.Bu güýçli goşunyñ öñunde durubilmejegine düşünüp faraon gaçyp özüni derýa urupdyr we gark bolupdyr.Tagtyna geçen Kleopatra m.ö.47-nji ýylda Sezardan bir ogul dogrupdyr we oña Ptolomeý Sezar diýilipdir.Emma onuñ hakyky kakasynyñ Sezardygy ýa däldigi bolsa bilinmeýär.

Kleopatra Oktawinan bilen bolan duşmançylyklary zerarly köp ezýet çekýär.Adamsy Mark Antony aradan çykandan soñ m.ö.30-njy ýylda ol hem Oktawianyñ eline düşmejek bolup

ýylana çakdyryp özüni heläkleýär we bu beýik zenanyñ taryhy tamamlanýar.

Kleopatra juwanlygyñ,gözelligiñ,erjelligiñ,wepalylygyñ,garadangaýtmazlygyñ we rowaýatylygyñ bir nusgasy hökmünde taryhyñ baky sahypalarynda mynasyp orun alandyr.


Awtor:Halylmuhammet


Çeşmeler:History of Ancient Egypt,World History Textbook;

Eski Misir tarihi;

История Египта

19
108
4982
15 Noýabr 2023
👍👍👍
tmyigit76
15 Noýabr 2023
Käbir gadymy döwür syýahatçylary müsürdäki altynlaryň o ýerdäki çägelerden köpdügini ýazypdyrlar.
hk97
14 Noýabr 2023
Sps
seneca
14 Noýabr 2023
Mlds.)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.