hk97
02.12.2023 17:25
Aýaz baba...
Täze ýylyñ jadyly gijesinde,jaýlara pejiñ içinden girip,owadan bezegli arçalaryñ aşagynda çagajyklar üçin sowgatlaryny goýup,olaryñ özi üçin ýazan hatjagazlaryny okap we süýtjagazlaryny içip assyrynlyk bilen hem gözden gaýyp bolýan täsin bir Täsinlik!
Aýazbaba-ähli çagalaryñ we elbetde biziñ hem çaga wagtlarymyz hyýallarymyzy bezeýän,ýeke çagalygymyzda däl,häzir hem içimizde ýaşaýan çaga dünýämizi ruhlandyrýan Täze ýyl gijeleriniñ syrly jadygöýidir!
Aýazbaba diýlende,elbetde,togalajyk ýüzli,çişijek garynly,uzyn akja sakgally,ak tüýli başgaply we gyzyl donluja bir baba göz öñüne gelýär!Aýratynam birnäçe uçýan suwgunlar tarapyndan çekilýän arkasy içi sowgatlardan püre-pür bolup duran jadyly haltaly bir arabanyñ başynda oturan baba. Dogrudanam,bu tüýs Aýazbaba sözüne gelşip duran bir şekil
Eýsemde,çaga ýüregmizde şatlygyñ,sowgatlaryñ keşbine bürenen bu täsin baba aslynda kimkä,taryhy şahsyýetmikä,ýa-da bir rowaýaty gahryman?
Geliñ bu syr dogrusynda biraz pikir alşalyñ..
Aýazbaba rowaýaty dekabr aýynyñ başlarynda çagalara sowgat bermek dessurynyñ ruhany Nikola bilen baglanşyklydygy aýdylýar.
Eýsemde,Ruhany Nikola kimdir?
Ruhany Nikola 4-nji asyrda häzirki Türkiýede ýerleşýän Antalýanyñ töwereginde şol gadymy wagtlarda ýaşan Likiýa patyşalygynda ýaşan bir hristian ruhanysydyr.Şol wagtky Gresiýanyñ,Russianyñ çagalarynyñ we deñizçileriniñ ruhanysydyr.6-njy dekabr häzir hem Ruhany Nikolanyñ güni hökmünde bellenip geçilýär.Şol gün birnäçe ýurtlarda çagalara sowgatlar paýlanylýar.
Nikolanyñ bolandygyny tassyklaýan resmi bir taryhy maglumatlar ýokdur.Emma onuñ Antiki Likiýanyñ port şäheri bolan Patarada doglandygy baradaky maglumatlar käbir ýerlerde bellenilip geçilýär.Nikola(Aýazbaba)ýaş wagtlary Palestina we Müsüre syýahat edipdir.Likiýa geleninden soñra ruhany bolupdyr.Rim imperatory Diokletianyñ döwründe beýleki hristianlar bilen bilelikde tussag edilýär.Imperator Konstantin döwründe bolda tussaglykdan boşadylýar.
Ruhany Nikolar sahy,jomart adam bolup sada durmuşda ýaşapdyr.Ol çagalara Isanyñ doglan gününde we beýleki mukaddes baýramlarda sowgatlary paýlapdyr.Garyp-gasarlara kömek edipdir.
Ol sahy adam bolupdyr.Rowaýatlara görä biziñ Aýazbabamyz Nikola bir garyp adamyñ eklenç zerarly üç sany ýaşajyk gyzlaryny pul üçin satmakçy bolanda,bir käse altyn berip olary ýalñyş ýoldan halas edendigi aýdylýar.
Ýyllar geçýär Ruhany Nikolanyñ ady rowaýatlara,ertekilere bir simbol mysaly ornaşyp gidýär.Diýmek biziñ hyýaly hasaplaýan Aýazbabamyzyñ hakyky taryhy şahsyýet bolmak mümkinçiligi azda-kände bar ýaly görünýär.Şeýle hem Aýazbabamyzyñ nähili sahy,jomart,çagaçyl adam bolandygyny onuñ häzire çenli hem Täze ýylyñ jadyly gijeleriniñ bezegi bolup gelýändigi hem tassyklaýar.
Diýmek biziñ Aýazbabamyz garyñ kän bir ýagmaýan ýerinde ýagny Anadolynyñ günortasynda ýaşap geçen bir adamdyr.
17
48
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.