hayal_1809
16.04.2024 16:27
Her kim bir zat diýer, sen deñiz ýaly bol :

Bir çaganyñ köwüşi deñize gaçyp gözden gaýyp bolupdyr. Ol çaga hem deñiziñ kenaryna "Bu deñiz ogrudyr " diýip ýazypdyr. Biraz wagtdan soñ bolsa deñizden kenara bir gaýykly balykçy gelipdir. Deñizden bol balyk tutan adam kenara " Bu deñiz jomartdyr " diýip ýazypdyr. Ýene biraz wagt geçensoñ başga bir balykçy deñizden gymmat bahaly daşlar tapypdyr we kenara " Bu deñiziñ göwni baýdyr " diýip ýazypdyr. Iñ soñunda bolsa ullakan deñiz tolkunlary gelipdir-de bar ýazgylary pozup gidipdir. Ondan soñra bir dana kişi kenara gelipdir-de " Deñiz ýaly bolmak isleýän bolsañ, başgalarnyñ sen hakda näme diýýänine üns berme ! " diýip ýazyp gidipdir...

Yazar: Ethem Emin Nemutlu
E-Kitap: Gerçek mucize kendine inanmaktir🦋
18
18
hayal_1809
09.04.2024 23:55
Erbet zadyñ içinde gowy zady görüp bilmek

Amerikada meşhur tenisçileriñ biri bir gün oýun meýdançasyna girip barýarka egni köne eşikli bolan bir aýal ylgap gelipdirde " Jenap haýyş edýän bir minut aýak çekip diñläñ, meñ agyr hassa bäbegim bar, eger ol operasiýa bolmasa onun ýaşamak mümkinçiligi ýok. Ýalbarýan bize kömek ediñ " diýipdir. Tenisçi hem ýagdaýa gaty gynanyp çegini çykarypdyrda ýokary mukdarda sanlar ýazyp ol aýala uzadypdyr. Ol aýal alkyşlar aýdyp ol ýerden uzaklaşanyndan soñra tenisçiñ ýanyna bir oglan gelipdirde " Ol aýalyñ çagasy ýok ahyry, ol hemişe şeýle diýip ýalan sözleýär, siziñ köp puluñyzy gideriniñize gynanýan " diýýär. Tenisçi: " Ýagny agyr dert çekip ýatan çaga ýokmy ? " diýip soraýar. Oglan " Ýok jenap"diýỳär. Tenisçi bolsa begenip "Ine bu, bu hepde eşiden iñ gowy habarym " diýip jogap gaýtarypdyr.
11
17
hayal_1809
04.04.2024 20:24

Bir wagt örän baý emma bagtsyz patyşa bar eken. Näme etse-de özüni bagtly duýup bilenokmyş. Bir gün ýurdunyñ iñ dana adamsyny çagyrypdyr-da "nädip bagtly bolup bilerin?" diýip sorapdyr. Dana: " Bagtsyzlykdan gutulmak isleýän bolsañyz bagtly bir adamyny tapyp, şonuñ köýnegini geýseñiz bagtly bolarsyñyz şahym" diýipdir. Onsañ şa ähli ýerini gözläp bagtly adamyny tapmagy buýruk beripdir. Gözlenmedik ýer galmandyr, hiç hili bagtly adamy tapyp bilmändirler. Kimsi aýalyndan, kimsi haýyrsyz çagasyndan, kimsi garyplykdan zeýrenýärmiş. Ahyryn çäresiz bir şekilde köşke dolanyp barýarkalar bir garypja öýüñ deñine ýetenlerinde içerden biriniñ şeýle dileg edýändigini eşidipdirler : " Allajan, şükür edýän saglygym ýerinde, garnym bu günem doýdy. Şu güne çenli ryskymy kem etmediñ, men bagtly bolman kim bagtly bolsun ? " Bu sözi eşiden şahyñ adamlary ahyryn birini tapdyk, şunuñ köýnegini alalyñ diýip öýe kürsäp giripdirler welin görseler ol adamyñ egninde köýnegi-de ýok ekeni...

( Özünde bar zadynyñ gadryny bilmeýän adam bagtly bolup bilmez. )

Awtory: Jelaletdin Rumy

Tymsal "Hayat kaybettigin yerden başlar" atly kitapdan alynan.

17
90
hayal_1809
30.03.2024 10:15
Epigraf : "Ykbal, meni belalardan goragyn. "
- A Atabaýew

* * * * *
Duşmanyñ ýamany ýanyñdan dörär,
Ykbal, meni belalardan goragyn.
Durmuşym bolsa bor pälime görä,
Ykbal, meni belalardan goragyn.

Ömür büdür - südür gysgajyk ýoda,
Emma adam duşýar ençeme zada,
Men aşa ynanjañ, men aşa sada,
Ykbal, meni belalardan goragyn.

Möjekler bar goýun bolup görünjek,
Duşmanlar bar dostsuraşyp ýaranjak,
Başarsa, ýylanlar boýna oranjak,
Ykbal, meni belalardan goragyn.

Düşse-de adamzat her hili güne,
Biabraý bolup bir düşmesin dile,
Hut, beýik Allanyñ rugsady bile,
Ykbal, meni belalardan goragyn.

awtor: Şanazar Hydyrow
16
44
hayal_1809
29.03.2024 05:12
1992-nji ýylda Gazi uniwersitetiniň metbugat we
ýaýlym mekdebiniň 2-nji synp okuwçylary Türkiýe
ykdysadyýet dersiniň mugallymyna garaşýarlar.
Okuwçylaryň gohlaryndan ýaňa synpda durar ýaly däldi. Şol pursat mugallym gapyda peýda boldy. Onuň garaýyşlary sowuk hem-de gaty çynlakaýdy. Mugallym synpyň içine gaharly nazaryny aýlap, münbere çykýar. Synp tagtasyna elindäki hek bilen «1» ýazýar. Serediň diýýär: «Bu adamkärçilik. Durmuşda eýe bolup biljegiňiz iň uly baýlyk». Soňra onuň gapdalyna «0» ýazýar: «Bu üstünlik. Üstünlik bir adamkärçiligi «10-a» ýetirer». Soňra ýene bir «0»: «Bu tejribe. Munuň bilen «10» wagtyňyz «100-e» ýetersiňiz», nollar şeýle dowam eder gider. Zehin... Düzgün-nyzam... Meýilnama... Söýgi... Soňra mugallym iň öňdäki «1-i» pozýar. Tagtanyň ýüzünde birnäçe nol galýar. Mugallym bu ýagdaýyşeýle beýan edýär: «Eger adamkärçiligiňiz bolmasa, beýlekiler hiç zatdyr!».

Çeşme: " Häzir bolmasa haçan ?" atly kitapdan
Nurdan Özkan
13
40
hayal_1809
28.03.2024 00:15
Biribarym

awtor: Şanazar Hydyrow📜
Biribarym, bu ýalançy dünýede,
Namartlaryñ zadyna zar eýleme.
Öz-özüne hoşallyk bar hemmede,
Öz kemini görmeýän kör eýleme.

Kemsindirme, baksam deñi-duşlara,
Ynandyrma alasarmyk düýşlere,
Barybir, çäre ýok boljak işlere,
Göwni was-was, gursagy dar eýleme.

Özüme görä däl adama duşup,
Ýalançyñ üstünde basmaýyn gyşyk,
Güýç ber kyn ýollary geçmäge aşyp,
Uzak menzillerde hor, har eýleme.

Gullaryna sermezden hiç elimi,
Mätäç bolman görsem bolýar günümi,
Bir gün meñ gapymy kakjak ölümi,
Öz nobatyndan ir bir eýleme.
18
41
hayal_1809
23.03.2024 00:38
DILIÑE ÇOLAMA !

Diliňe çolama, enäniň süýdün
Özüňden başga-da haklaýan bardyr.
Sen diňe iýdirýän, geýdirýän bolsaň,
Belki, aýasynda saklaýan bardyr.

Kiçiräjik bir döwletdir maşgala.
Eýer öňün çekip barýan başlyga.
Öz - özüňe baha goýma, başga-da
Seniň kimdigiňi çaklaýan bardyr.

Adam belli - külli owadan bu gün,
Gerçek kişileri küýseýär göwün.
Halas etmek üçin özgäniň öýün
Özün ýanar oda oklaýan bardyr.

Ýagşy ynsan ýürekleriň ýalkymy.
Iý diýseňem iýmez özgäň hakyny.
Entekejiz eginleriň ýüküni
Alyp öz egnine ýükleýän bardyr.

Ýogsam ömür beýle bolmazdy süýji,
Ýamana görelde ýagşynyň güýji.
Ýitmesin olaryň tohumy - tiji.
Akýan çeşme bardyr, akmaýan bardyr.

awtor: Berdinazar Hudaýnazarow
15
14
hayal_1809
22.03.2024 00:21
TERBIÝE SAPAGY

Yza galman, has bir öňe-de gitmän,
Ýaşaber hiç kişiň minnetin çekmän.
Dost tutunjak bolsaň, juda howlukman
Öňürti şol kişä belet bolmaly.

Alabeder bu durmuşdan dogrusy
Kimiň algysy bar, kimiň bergisi.
Iň ajaýyp duýgularyň birisi
Bilýäňizmi näme? -Uýat bolmaly.

Gökden inip dursa ähli geregiň,
Gadyry bilnermi duzyň-çöregiň.
Kadadan kanundan çykybereniň
Öňünde, elbetde, böwet bolmaly.

Ýürekler küýseýär mydama merdi.
Öz-özüňi tana ilden öňürti.
Adam bolmaklygyň iň uly şerti -
Ýüregiňde ýagşy niýet bolmaly.

Menziller ýeňil däl, synaglar çetin.
Büdremesin agyr ýollarda atyň.
Dünýädäki iki sany äpetiň
Birisi Çyn, biri Galat bolmaly.

Açyş etdik: suw içmeli suwsaňda,
Çörek iýmek gerek ony küýsäňde.
Şaýatnamaň bolsa dursun kisäňde,
Esasan kelläňde sowat bolmaly.

- Berdinazar Hudaýnazarow✍️
16
18
hayal_1809
20.03.2024 23:36
BAGT

Bir gün gelip senden gideýin diýdi
Özümde barlygyn duýmadyk bagtym.
Men özgäni bagtly edeýin diýdi,
Şindi bir ýaman söz diýmedik bagtym.

Jogap berdim, bolýar gitseň, hoş onda,
Ötegçi şemaly saklanok baglar.
Gujagyndan güwläp gaýdan derýany
Goýbermän saklajak bolanok daglar.

Gitdi. Goý, özgäni bagtly etsin,
Ýeri, nätjek, köňül köşgüň bozulsa?!
Özi göwnäp gitse, goý, gitse gitsin,
Egleme bir pursat bagtyňam bolsa!

awtor: Atamyrat Atabaýew 📜
12
19