hayal_1809
20.03.2024 23:36
BAGT

Bir gün gelip senden gideýin diýdi
Özümde barlygyn duýmadyk bagtym.
Men özgäni bagtly edeýin diýdi,
Şindi bir ýaman söz diýmedik bagtym.

Jogap berdim, bolýar gitseň, hoş onda,
Ötegçi şemaly saklanok baglar.
Gujagyndan güwläp gaýdan derýany
Goýbermän saklajak bolanok daglar.

Gitdi. Goý, özgäni bagtly etsin,
Ýeri, nätjek, köňül köşgüň bozulsa?!
Özi göwnäp gitse, goý, gitse gitsin,
Egleme bir pursat bagtyňam bolsa!

awtor: Atamyrat Atabaýew 📜
12
19
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.