hayal_1809
30.03.2024 10:15
Epigraf : "Ykbal, meni belalardan goragyn. "
- A Atabaýew

* * * * *
Duşmanyñ ýamany ýanyñdan dörär,
Ykbal, meni belalardan goragyn.
Durmuşym bolsa bor pälime görä,
Ykbal, meni belalardan goragyn.

Ömür büdür - südür gysgajyk ýoda,
Emma adam duşýar ençeme zada,
Men aşa ynanjañ, men aşa sada,
Ykbal, meni belalardan goragyn.

Möjekler bar goýun bolup görünjek,
Duşmanlar bar dostsuraşyp ýaranjak,
Başarsa, ýylanlar boýna oranjak,
Ykbal, meni belalardan goragyn.

Düşse-de adamzat her hili güne,
Biabraý bolup bir düşmesin dile,
Hut, beýik Allanyñ rugsady bile,
Ykbal, meni belalardan goragyn.

awtor: Şanazar Hydyrow
16
44
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.