hayal_1809
28.03.2024 00:15
Biribarym

awtor: Şanazar Hydyrow📜
Biribarym, bu ýalançy dünýede,
Namartlaryñ zadyna zar eýleme.
Öz-özüne hoşallyk bar hemmede,
Öz kemini görmeýän kör eýleme.

Kemsindirme, baksam deñi-duşlara,
Ynandyrma alasarmyk düýşlere,
Barybir, çäre ýok boljak işlere,
Göwni was-was, gursagy dar eýleme.

Özüme görä däl adama duşup,
Ýalançyñ üstünde basmaýyn gyşyk,
Güýç ber kyn ýollary geçmäge aşyp,
Uzak menzillerde hor, har eýleme.

Gullaryna sermezden hiç elimi,
Mätäç bolman görsem bolýar günümi,
Bir gün meñ gapymy kakjak ölümi,
Öz nobatyndan ir bir eýleme.
18
41
hayal_1809
28 Mart 2024
@mokono, hawwa zehinli şahyr galamynyň ujy ýiti bolsun
mokono
28 Mart 2024
Duraweriň, ýalňyşdym. Awtory başga bilen çalşypdyryn.
mokono
28 Mart 2024
Şu çagada her ugrdan bar tüweleme. Gowy çykypdyr.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.