hayal_1809
04.04.2024 20:24

Bir wagt örän baý emma bagtsyz patyşa bar eken. Näme etse-de özüni bagtly duýup bilenokmyş. Bir gün ýurdunyñ iñ dana adamsyny çagyrypdyr-da "nädip bagtly bolup bilerin?" diýip sorapdyr. Dana: " Bagtsyzlykdan gutulmak isleýän bolsañyz bagtly bir adamyny tapyp, şonuñ köýnegini geýseñiz bagtly bolarsyñyz şahym" diýipdir. Onsañ şa ähli ýerini gözläp bagtly adamyny tapmagy buýruk beripdir. Gözlenmedik ýer galmandyr, hiç hili bagtly adamy tapyp bilmändirler. Kimsi aýalyndan, kimsi haýyrsyz çagasyndan, kimsi garyplykdan zeýrenýärmiş. Ahyryn çäresiz bir şekilde köşke dolanyp barýarkalar bir garypja öýüñ deñine ýetenlerinde içerden biriniñ şeýle dileg edýändigini eşidipdirler : " Allajan, şükür edýän saglygym ýerinde, garnym bu günem doýdy. Şu güne çenli ryskymy kem etmediñ, men bagtly bolman kim bagtly bolsun ? " Bu sözi eşiden şahyñ adamlary ahyryn birini tapdyk, şunuñ köýnegini alalyñ diýip öýe kürsäp giripdirler welin görseler ol adamyñ egninde köýnegi-de ýok ekeni...

( Özünde bar zadynyñ gadryny bilmeýän adam bagtly bolup bilmez. )

Awtory: Jelaletdin Rumy

Tymsal "Hayat kaybettigin yerden başlar" atly kitapdan alynan.

17
90
gormegeyje
4 Aprel 2024
🌹
ayymsha
4 Aprel 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.