hayal_1809
26.05.2024 17:46
Aýna adamyň diňe daş sypatyny görkezýändigi sebäpli, ony iň görünäýjek ýerde asyp goýýarlar. Eger aýna adamyň içki dünýäsini hem görkezýän bolsa, onda ony ulanyşdan aýrardylar.

- Atajan Tagan
8
15
hayal_1809
21.05.2024 00:54
Baýlyk💸 Üstünlik👏 we Söýgi❤️
Bir aýal ýaşaýan öýüniň garşysynda oturan 3 sany ak sakgally ýaşula gözi düşýär. Aýal ýaşululary tanamaýan hem bolsa, olara: - Men sizi tanamok, ýöne siziň garnyňyz aç bolmagy ahmal. Biz bilen günortanlyk ediniň! – diýdi. Ýaşulular bolsa: - Biziň hemmämiz bir öýe girip bilmeris. – diýp jogap berýärler. - Munuň sebäbini gyzyklanyp bilerinmi? Ýaşululardan biri ýerinden galyp ýanyndaky ýaşulularyna yşarat edip düşündirip başlady: - Ine bu ýaşulynyň ady – Baýlyk, beýleki ýaşulyňky bolsa – Üstünlik, meniň adym – Söýgi. Ilki öýüňize giriň-de haýsymyzy öýüňize çagyrmak isleýäniňizi ýoldaşyňyz bilen maslahatlaşyň – diýdi. Aýaly ýoldaşyna hemme zady gürrüň berdi. Ýoldaşy hem begenip: - Gör nähili ajaýyp! Derrewjik Baýlygy öýümize çagyralyň! Goý, ol öýümizi baýlykdan, pullardan doldursyn. Aýaly bolsa ýoldaşy bilen razylaşmady: - Ezizim, Üstünligi çagyrsak gowy bolazmy? - Söýgini çagyrsak nähili bolar? – diýip, gapydan hemme zady eşiden gyzjagazy aýtdy. – Göz öňüne getiriň, öýümiz söýgiden dolar! -Gyzymyzyň diýenini edäýeli onda – diýip ýoldaşy aýalyna ýüzlendi. – Daşary çyk-da, öýümize Söýgini çagyr. Goý, myhmanymyz bolsun! Aýaly gapydan çykdy-da ýaşululara ýüzlendi: - Siziň haýsyňyz Söýgi? Öýümize giriň-de, biziň myhmanymyz boluň. Ýaşululardan biri öýe girdi. Galan iki ýaşuly bolsa ýerlerinden turup, onuň yzy bilen ýöräp başladylar. Geň galan aýal Baýlyga we Üstünlige: - Men Söýgini öýe çagyrdym ahyry, siz näme üçin öýe girjek bolýarsyňyz? Olar bolsa şeýle jogap berdiler: - Eger-de siz Baýlygy ýada Üstünligi çagyran bolsadyňyz, beýleki ikisi daşarda garaşyp oturardy. Ýöne siz Söýgini çagyrdyňyz. Söýgi nirä gitse, biz oňa ýoldaş bolýarys, onuň yzy bilen bizem gidýäris. Söýgi bilen edilen iş hem baýlyk, hem üstünlik getirer.
e-kitap: Men we Pul
awtory: Saidmurod Dawletow
18
58
hayal_1809
13.05.2024 14:42
Paltany ýiteltmek 🪓
Birwagtlar iki odunçy ýaşar eken. Olaryň öýleri
bir-birlerine golaýmyş. Bu odunçylaryň biri ir bilen
Gün dogmanka oýanyp, agşama çenli durman işläp, soňra öýüne gaýdarmyş. Dynç alman paltasyny yzygiderli urup, agşama çenli on agajy zordan kesermiş. Goňşusy ondan gaty üýtgeşik eken. Ir säher bilen turup, maşgalasy bilen ertirlik edinip, mellegindäki gülleri suwaryp, şadyýan ýagdaýda tokaýa gider eken. Arasynda hem dem-dynjyny alyp işlärmiş. Bu odunçy agşama çenli otuza golaý agaç kesip, öýüne ir gelip, maşgalasy bilen wagt geçirer eken. Goňşusy bu ýagdaýa gaharlanyp: «Men dynç alman senden iki-üç esse köp işleýärin, emma sen menden üç esse köp agaç kesýärsiň. Bu nähili beýle bolýar?» diýip sorapdyr. Goňşusy oňa: «Sen dynç alman kütek palta bilen agaç kesýärkäň, men arasynda säginip, hem dynç alýaryn, hem paltamy ýiteldýärin. Sen kütek palta bilen işleýärsiň, men bolsa ýiti palta bilen» diýip jogap
beripdir. [Bu tymsalda bize aýdylmak islenen zat maksadymyza ýetmek üçin jyrjaşýarkak arasynda durup özümize wagt aýyrmalydygy, özümizi kämilleşdirmelidigimiz nygtalýar.]

Nurdan Özkan
Häzir bolmasa haçan ? 📚
16
66
hayal_1809
12.05.2024 19:37
Adamyñ geñ häsiýetleri

Çuñ manyly öwütler:

Platondan şeýle sorapdyrlar: "Size görä adamzadyñ iñ geñ galdyran ýagdaýy näme?"
Platon şeýle jogap beripdir: "Çagalygy islemezler, ulalmak üçin howlugarlar.Soñra-da çagalygyny küýsärler. Mal-mülk üçin gije-gündiz ylgap, saglyklaryna zyýan ýetirerler, öñki saglygyna gowuşmak üçin ýygnan mal mülklerini harçlarlar. Ertirleriñ aladasy bilen bu günlerini unudarlar. Netijede, bu günlerini we ertirlerini ýaşamaz ýaly ederler. Hiç wagt ölmen öýdüp ýaşarlar, ýöne ýaşamadyk ýaly hem ölerler". - Onda adamlar nahili ýaşamaly? - diýip danadan ýene soranmyşlar. Dana şeýle jogap beripdir: - Hiç kime özüñizi söýdürjek bolmañ, hiç kimiñ öñünde kiçelmäñ, hiç kime-de ulumsylyk satmañ. Goý, sizi il söýsün. Iñ esasy zat bolsa, durmuşda iñ kän zada eýe bolmak däl-de, iñ az zada mätäç bolup bilmekdir!
14
22
hayal_1809
09.05.2024 17:40
Siz gadryñyzy bilýäniñ ýanyndamy ?

Bir dana adam bar eken. Ol bir gün şägirdiniñ eline bir daş tutdurypdyr-da " Oglum, şu daşy alda bazara git. Bazarda gören söwdegärleñden şu daşy näçä aljaklaryny sora, iñ soñunda-da altyn satýan dükana barda bahasyny bil ýöne daşy satman yzyna getir" diýipdir. Oglan daşy alyp bazara aýlanyp başlapdyr. Ilki bir dükana giripdir-de sorapdyr: "Şu daşy näçä alarsyñyz?" Dükançy daşy eline alyp görüp:" 1 lira bereýin. Oglumam halasa gerek " diýipdir. Şägirt dükandan çykyp bu gezek bir tikinçiñ ýanyna baryp daşy näçä aljagny sorapdyr. Tikinçi " Bu daş owadanja monjuga meñzeýär. Men muny zenanlañ köýnekleriniñ ýüzüne ýemläp bilerin, saña 20 lira bereýin" diýipdir. Şägirt gaty geñ galypdyr. Öñ 1 lira alynjak zada 20 lira hödürlemeklerine. Ahyry soñunda halypasynyñ aýdyşy ýaly altyn satýan dükana baranda dükançy böküp ýerinden turar. " Beýle zady nirden tapdyñ sen, aýt näçe isleýäñ. Men saña ýüz müñ lira bereýin, isleseñ dükanymy, öýümi bereýin maña sat " diýip ýalbarypdyr. Şägirt daşy satyp bilmejegni, onuñ amanatdygny aýdyp haýran galyp yzyna dolanyp halypasyndan bu zatlaryñ manysyny sorapdyr. Halypa aýdypdyr " Oglum, bir zadyñ gadryny diñe şol zada gowy düşünýän adamlar bilýändir. Durmuşda hijem gadryñy bilmeýänleri diñleme. Gadryñy bilmändikleri üçin özüñi gadyrsyzdyryn diýip pikir etme. Altynyñ gadryny altyny tanaýanlar bilýändir "
E-kitap: Ben Ney'im
Yazar: Hakan Mengüç
Dili: Türkçe
8
15
hayal_1809
08.05.2024 13:52
Adam düzelende, bütin dünýä düzeler!
Bir adam bütin hepdäniň dowamyndaky ýadawlygyny gidermek üçin dynç güni ir bilen oýanyp, gazetini eline alyp, uzakly gün öýde dynç almagy meýilleşdiripdir. Şol pursat kiçijik ogly onuň ýanyna ylgap gelipdir-de, özüni haçan seýilgähe äkitjekdigini sorapdyr. Asyl, kakasy ogluna şu dynç güni seýilgähde gezelenç etmäge söz beren ekeni. Emma ýadawlygy zerarly öýden çykmak islemeýän adam ogluna bir bahana tapmak isläpdir. Gazetiň sahypasyndaky mahabat hökmünde çap edilen dünýä kartasyna gözi düşüpdir, ony çykalga hökmünde görüpdir. Ol dünýä kartasyny owunjak böleklere bölüşdiripdir-de, ogluna uzadyp: «Eger şu kartany öňki görnüşine getirip bilseň, seni gezelenje äkiderin» diýipdir. Soňra bolsa öz ýanyndan: «Oglum bu kartany tamamlaýança bir gününi sarp eder, menem uzakly gün öýde bolaryn, arkaýyn dynç alaryn» diýip pikir edipdir. On minut geçeninden soň, ogly kakasynyň ýanyna ylgap gelip: «Kaka, ynha, kartany tamamladym, indi gezelenje gidip bileris» diýipdir. Kakasy bu ýagdaýa ynanmandyr. Beýle gysga wagtda olary ýerbe-ýer etmek asla mümkin däldi ahyry.Dogrudanam, dünýäniň kartasy edil öňküsi ýaly düp-düzüw, ýerbe-ýerdi. Kakasy oglundan muny nädip tiz başarandygynyň sebäbini sorapdyr. Oglunyň beren jogaby kakasyny haýran galdyrypdyr. Oglunyň beren jogaby şeýledi: «Maňa beren kartaň arka ýüzünde bir adamyň suraty bar ekeni. Adamy düzedenimden soňra, dünýä öz-özünden düzeldi». Adam düzelende, bütin dünýä düzeler...
Yazar: Nurdan Özkan
Kitap: Häzir bolmasa haçan ?
13
16
hayal_1809
04.05.2024 14:01
Sen şu halyñ bilen gözelsiñ :

Gadym zamanlarda bir adam dagdan daş oýup gününi görýän eken. Bu mermer ussasy günde gowrujy günüñ aşagynda işlemekden ýadap öz-özi bilen gürleşip zeýrenip ýörer eken. Bir günem "Bizar boldum şu günümden, bizar boldum öler ýaly işlemekden, dag uly men bolsa kiçi, üstesine hemişe depämde şu ýakyjy Gün bar. Wah, şonuñ ýerinde bolup gökden baksam, zemini ýagtyltsam " diýipdir welin bir gudrat bolupdyrda ussa Güne öwrülipdir. Soñ bir gün gökden ýagty saçyp durka gara bulutlar gelipdirde öñüni ýapypdyr. Ussa gaharlanypdyr: " Şujagaz bulutlar meñ ýagtymy ýapyp bilýän bolsa, gün bolmagmyñ peýdasy nä ? Men onda bulut bolmak isleýän" diýipdir welin buluda öwrülipdir şol pursat... Soñra Bulut bolup ýagmyr ýagdyryp geziberipdir. Emma bir gün bolsa Ýel gelipdirde Buludy paýradypdyr. Ussa ýene gazaplanypdyr: Ýel gelip meni eýläk-beýläk süýräp bilýän bolsa Ýel Bulutdan has güýçli. Ýel bolaýyn diýipdir we bu dilegem kabul bolupdyr. Ussa indi ýel bolup 4 tarapa öwsüp, tüweleýler turuzyp ýören eken welin öñünden bir dag çykypdyrda Ýeli saklapdyr. Ussa ýene gaharlanypdyrda " Şu hereketsiz ýatan dagam ýelden güýçli bolsa men iñ gowsy Dag bolaýyn" diýipdir we daga öwrülipdir. Ussa uly dag bolup durup başlapdyr welin bir ýerine üznüksiz urulýandygny syzypdyr. Seredip görse bir adam dagy urup oýup duran eken...
(Unutma, sen şu halyñ bilen gözelsiñ )
E-Kitap: Kalbin temizse hikayen mutlu biter
Yazar: Hakan Mengüç
Dili: Türkçe
16
64
hayal_1809
29.04.2024 07:43

Mundan birnäçe ýyl ozal fiziki we ruhy taýdan ýetmezçiligi bolan 9 adam 100 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşa goşuldylar. Ýaryş başlan dessine olaryň ählisi ylgamaga başlady.

Dogry, tizlikleri deň däldi, ýöne ählisinde-de ýeňşe bolan ynanylmaz derejede umyt bardy. Ýöne ýaryş gyzyşyp-gyzyşmanka olaryň arasynda bir ýaş ýigdekçe düwdenekläp gitdi-de ýykyldy, soňra-da aglamaga başlady. Onuň ýüregiňi gyýyp barýan agysy şol sekundyň özünde beýleki sekiz ýaryşyjynyň gulagyna ildi.

Ynanmarsyňyz, ählisi ädimini haýallatdy-da, yza gaňrylyp bakdylar. Az salymdan hem ählisi yzyna öwrülip, hälki ýykylan ýigdekçäniň ýanyna geldiler. Olaryň arasynda Daun sindromly bir

gyz eglip, ýigdekçäni ogşady-da: – Ine, bu ony gowulaşdyrar – diýdi. «Soň näme boldy?» diýýäňizmi? Dokuz ýaryşyjy biri-biriniň

elinden tutdular-da, pellehana sary bile ädim urup başladylar. Stadiondakylaryň ählisi ör turup, köp wagtlap olara el çarpdylar. Şol gün bu waka şaýat bolan adamlar häli-häzirem ony gürrüň

berýärler. Näme üçin, bilýäňizmi? Çünki şeýle bir hakykat bar: durmuşda esasy zat özümiz üçin ýeňiş gazanmak däl. Esasy zat, wagty gelende haýallamak, belki ugrumyzy üýtgetmek, yza

dolanmak, başgalaryň hem ýeňiş gazanmagyna ýardam etmek.

E-Kitap: Şu kitaby okap görüñ mugallym

Yazar: Hasan Ýylmaz

25
53
hayal_1809
28.04.2024 12:15
Size biri hakynda gürrüñ bermekçi. Ömründe hiç teatra gidip görmedik biri barada. Ol biri, bir gün barja puluny jemläp teatr üçin petek alypdyr. Şol gün sahnadaky goýulan çykyşa hezil edip tomaşa edipdir. Ahyry oýun gutarypdyr we ol kişiden başga hemmeler teatrdan çykypdyr. Soñra ol zaly süpürýän aýaldan " Müdiriñiz bar bolsa ýerini görkezseñiz, meniñ bir gürrüñim bardy " diýip salgy alyp teatryñ başlygynyñ ýanyna barypdyr. Müdire näme iş etmelem bolsa işe alsalar etjekdigni, bu teatryñ bir parçasy bolasy gelýändigni aýdypdyr. Müdirem özlerine tämizlikçi gerekdigini, emma ilki barlap görmelidigini aýdyp ol kişini näçe wagt bäri tozan basyp ýatan teatryñ kitaphanasyna eltip gaýdypdyr. Soñra wagt geçensoñ barlamak üçin baryp görse ol adam kitaphanany arassaja ýere öwrüpdir. Müdir hyzmatdan hoşal bolup işe alandygny aýdypdyr. Ol kişi "Meñ ýatmaga ýerim ýok" diýipdir. Müdirem "bolýar onda şu ýerde ýatarsyñ hemem işe ir başlarsyñ bärde bolsañ. Adyñy aýt hany belläp alaly" diýip ýüzlenipdir. Ol kişiñ jogaby bolsa şeýle bolupdyr : " adym Wilýam jenap. Wilýam Şekspir "
Wilýam Şekspir biziñ tanaýan Şekspirimiz bolmak ýoluna ilkinji ädimi tämizlikçi bolup äden mahaly 40 ýaşlarynda eken. Unutma, HIÇ ZAT ÜÇIN GIÇ DÄL!
Kitabyñ ady: Pes etme mucizeler yolda
Yazar: Kinsun
42
222
hayal_1809
24.04.2024 23:38
" Bagtly bolanyñ üçin gülüp bilmeýän bolsañ, gülüp bilýäniñ üçin bagtly bol "

Wilýam Jeýms
20
28