hayal_1809
29.04.2024 07:43

Mundan birnäçe ýyl ozal fiziki we ruhy taýdan ýetmezçiligi bolan 9 adam 100 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşa goşuldylar. Ýaryş başlan dessine olaryň ählisi ylgamaga başlady.

Dogry, tizlikleri deň däldi, ýöne ählisinde-de ýeňşe bolan ynanylmaz derejede umyt bardy. Ýöne ýaryş gyzyşyp-gyzyşmanka olaryň arasynda bir ýaş ýigdekçe düwdenekläp gitdi-de ýykyldy, soňra-da aglamaga başlady. Onuň ýüregiňi gyýyp barýan agysy şol sekundyň özünde beýleki sekiz ýaryşyjynyň gulagyna ildi.

Ynanmarsyňyz, ählisi ädimini haýallatdy-da, yza gaňrylyp bakdylar. Az salymdan hem ählisi yzyna öwrülip, hälki ýykylan ýigdekçäniň ýanyna geldiler. Olaryň arasynda Daun sindromly bir

gyz eglip, ýigdekçäni ogşady-da: – Ine, bu ony gowulaşdyrar – diýdi. «Soň näme boldy?» diýýäňizmi? Dokuz ýaryşyjy biri-biriniň

elinden tutdular-da, pellehana sary bile ädim urup başladylar. Stadiondakylaryň ählisi ör turup, köp wagtlap olara el çarpdylar. Şol gün bu waka şaýat bolan adamlar häli-häzirem ony gürrüň

berýärler. Näme üçin, bilýäňizmi? Çünki şeýle bir hakykat bar: durmuşda esasy zat özümiz üçin ýeňiş gazanmak däl. Esasy zat, wagty gelende haýallamak, belki ugrumyzy üýtgetmek, yza

dolanmak, başgalaryň hem ýeňiş gazanmagyna ýardam etmek.

E-Kitap: Şu kitaby okap görüñ mugallym

Yazar: Hasan Ýylmaz

25
53
gulshatayewa97
29 Aprel 2024
🥹🥺😢duýgulandyrdy
pylan
29 Aprel 2024
pylan
29 Aprel 2024
@Karaleva_, like lar üçin minnetdar
hayal_1809
29 Aprel 2024
@Karaleva_ sag boluň like lar üçin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.