Paltany ýiteltmek 🪓
Birwagtlar iki odunçy ýaşar eken. Olaryň öýleri
bir-birlerine golaýmyş. Bu odunçylaryň biri ir bilen
Gün dogmanka oýanyp, agşama çenli durman işläp, soňra öýüne gaýdarmyş. Dynç alman paltasyny yzygiderli urup, agşama çenli on agajy zordan kesermiş. Goňşusy ondan gaty üýtgeşik eken. Ir säher bilen turup, maşgalasy bilen ertirlik edinip, mellegindäki gülleri suwaryp, şadyýan ýagdaýda tokaýa gider eken. Arasynda hem dem-dynjyny alyp işlärmiş. Bu odunçy agşama çenli otuza golaý agaç kesip, öýüne ir gelip, maşgalasy bilen wagt geçirer eken. Goňşusy bu ýagdaýa gaharlanyp: «Men dynç alman senden iki-üç esse köp işleýärin, emma sen menden üç esse köp agaç kesýärsiň. Bu nähili beýle bolýar?» diýip sorapdyr. Goňşusy oňa: «Sen dynç alman kütek palta bilen agaç kesýärkäň, men arasynda säginip, hem dynç alýaryn, hem paltamy ýiteldýärin. Sen kütek palta bilen işleýärsiň, men bolsa ýiti palta bilen» diýip jogap
beripdir. [Bu tymsalda bize aýdylmak islenen zat maksadymyza ýetmek üçin jyrjaşýarkak arasynda durup özümize wagt aýyrmalydygy, özümizi kämilleşdirmelidigimiz nygtalýar.]
Nurdan Özkan
Häzir bolmasa haçan ? 📚