hayal_1809
21.05.2024 00:54
Baýlyk💸 Üstünlik👏 we Söýgi❤️
Bir aýal ýaşaýan öýüniň garşysynda oturan 3 sany ak sakgally ýaşula gözi düşýär. Aýal ýaşululary tanamaýan hem bolsa, olara: - Men sizi tanamok, ýöne siziň garnyňyz aç bolmagy ahmal. Biz bilen günortanlyk ediniň! – diýdi. Ýaşulular bolsa: - Biziň hemmämiz bir öýe girip bilmeris. – diýp jogap berýärler. - Munuň sebäbini gyzyklanyp bilerinmi? Ýaşululardan biri ýerinden galyp ýanyndaky ýaşulularyna yşarat edip düşündirip başlady: - Ine bu ýaşulynyň ady – Baýlyk, beýleki ýaşulyňky bolsa – Üstünlik, meniň adym – Söýgi. Ilki öýüňize giriň-de haýsymyzy öýüňize çagyrmak isleýäniňizi ýoldaşyňyz bilen maslahatlaşyň – diýdi. Aýaly ýoldaşyna hemme zady gürrüň berdi. Ýoldaşy hem begenip: - Gör nähili ajaýyp! Derrewjik Baýlygy öýümize çagyralyň! Goý, ol öýümizi baýlykdan, pullardan doldursyn. Aýaly bolsa ýoldaşy bilen razylaşmady: - Ezizim, Üstünligi çagyrsak gowy bolazmy? - Söýgini çagyrsak nähili bolar? – diýip, gapydan hemme zady eşiden gyzjagazy aýtdy. – Göz öňüne getiriň, öýümiz söýgiden dolar! -Gyzymyzyň diýenini edäýeli onda – diýip ýoldaşy aýalyna ýüzlendi. – Daşary çyk-da, öýümize Söýgini çagyr. Goý, myhmanymyz bolsun! Aýaly gapydan çykdy-da ýaşululara ýüzlendi: - Siziň haýsyňyz Söýgi? Öýümize giriň-de, biziň myhmanymyz boluň. Ýaşululardan biri öýe girdi. Galan iki ýaşuly bolsa ýerlerinden turup, onuň yzy bilen ýöräp başladylar. Geň galan aýal Baýlyga we Üstünlige: - Men Söýgini öýe çagyrdym ahyry, siz näme üçin öýe girjek bolýarsyňyz? Olar bolsa şeýle jogap berdiler: - Eger-de siz Baýlygy ýada Üstünligi çagyran bolsadyňyz, beýleki ikisi daşarda garaşyp oturardy. Ýöne siz Söýgini çagyrdyňyz. Söýgi nirä gitse, biz oňa ýoldaş bolýarys, onuň yzy bilen bizem gidýäris. Söýgi bilen edilen iş hem baýlyk, hem üstünlik getirer.
e-kitap: Men we Pul
awtory: Saidmurod Dawletow
18
58
ideallider
21 May 2024
Men birinji gezek Ruhnamada okapdym 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.