hajymyratt
15.04.2024 00:10
Mährem gujak gurşap daşym,
Mylaýym el sypap başym,
Taplap hergiz göwün hoşum,
Ejemjan bar meñ dünýämde.

Kalba guýup tämiz söýgi,
Ýagşyñ ýaýyp, görmez aýby,
Bu dünýede ynsan beýgi,
Ejemjan bar meñ dünýämde.

Doýrar bizi, iýmän özi,
Ömre höwes her biz sözi,
Ajaýyp durmuşyñ ýazy,
Ejemjan bar meñ dünýämde.

Alladan diläp saglygyn,
Görkezsin agtyk çowlugyn,
Bagş edip älem gowlugyn,
Ejemjan bar meñ dünýämde.

Hajymyrat Goşaýew
17
19
hajymyratt
04.04.2024 00:46
"Ýüregim elenip sygamok dünýä",
Diýsem seniñ üçin üýtgeşik, geñ ýa.
Görmek umydymam kem-kemden sönýä,
Men şonda-da diñe saña garaşýan.

Haýry ýogam welin nädeýin bilýän,
Töweregmi aldap ýasama gülýän,
Huşda bolmasa-da düýşümdä gelýäñ,
Men şonda-da diñe saña garaşýan.

Kä-te gezim edýän kararym tutman.
Halym neneñ bolar ýeñilsem, utman?
Dolan Aýa bakyp kä gije ýatman,
Men şonda-da diñe saña garaşýan.

Unudyp bilemok yşgyñ päkligin,
Özüñ bilýäñ ahyr bolan çaklygyn,
Belki seniñ oýuñda-da ýokdyryn,
Diýen ýaman niýetlere çolaşýan,
Men şonda-da diñe saña garaşýan.

Hajymyrat Goşaýew
15
28
hajymyratt
28.03.2024 00:27
Döwür şeýle, hakykat bizden uzak,
Basan ädimimiz gurulan duzak,
Dogan gatnaşygy sepinden üzük,
Bu boluşda nirä barýas kim bilýä?

Ynsanlyk duýgymyz öwrülýär wagşa,
Çarhy pelek barýar jygyldap çagşap,
Ýamanlyk möwç alyp ýol ýitip ýagşa,
Bu boluşda nirä barýas kim bilýä?

Sebäp dünýedenmi ýa-da adamdan?
Köpleň tapawdy ýok gury odundan.
Hiç zat geň görülmän näkes, nadandan,
Bu boluşda nirä barýas kim bilýä?

Bir güni hemmämiz bolmaly pahyr,
Alýan her demimiz hasaply ahyr,
Kyn soraga jogap tapmadyň şahyr,
Diýrler indi saňa ilden kem bilýä,
Bu boluşda nirä barýas kim bilýä?

Hajymyrat Goşaýew
17
37
hajymyratt
26.03.2024 21:49
Bolanjasyn paýlaşypjyk iýenem,
Aýtmasada jany deýin söýenem,
Bir köwüşi iki bolup geýenem,
Diñe sensiñ meniñ erkek doganym.

Hajymyrat Goşaýew
21
35
hajymyratt
24.03.2024 01:33
Bitişen ýaralar gaýtadan ganap,
Bimany durmuşyñ günlerin sanap,
Ýagşyny,ýamana dogan dek ýanap,
Erbetlige baslygypdyr bu dünýe.

Dininden aýyryp niçe ynsany,
Ýuwutdyrdy wyždan bilen ynsaby,
Pozulyp älemiñ ýagşy tymsaly,
Erbetlige baslygypdyr bu dünýe.

Üýtgeder tersine imany pesi,
Gursakdan eşdiler bahyllyk sesi,
Tañry hem halamaz herne näkesi,
Erbetlige baslygypdyr bu dünýe.

Kimse bilmez öñde ne ahwal gelýär,
Özüçe baýnanlar kah-kahlap gülýär,
Maña bolsa diñe diýäýmek galýar,
Erbetlige baslygypdyr hu dünýe.

Hajymyrat Goşaýew
18
26
hajymyratt
23.03.2024 02:24
Armanly ýüregmiñ sende ary bar,
Alaryn men hasaplydyr bary bir.
Döwlen ýüregmiñem indi ýary bar,
Indi söýmeseñ hiç, söýerdenem giç.

Gorkma indi aýagyña çolaşman,
Hat-da gurjak hilelerñe bulaşman,
Göwün berenimi kimsä çalyşman,
Indi söýmeseñ hiç, söýerdenem giç.

Senli günleñ sahypasyn ýyrtaýyn,
Kirlän kalbyñ gabygyny artaýyn,
Ölen duýgularmyñ üstün örteýin,
Indi söýmeseñ hiç, söýerdenem giç.

Dolanasyñ geler söýlen wagtyña,
Uzagrak dur , bahyl bolda bagtyma,
Eýe boldum , özge kalbyñ tagtyna,
Señ jepañy maña duýardanam giç,
Indi söýmeseñ hiç, söýerdenem giç.

Hajymyrat Goşaýew
23
23
hajymyratt
16.03.2024 21:16

Galybersin ýüregimde ýaralar,

Kä ýatladar yza bilen sünjülip.

Men-ä oñuşaryn ýekelik bilen,

A sen oturarmyñ onsañ ynjalyp?


Hajymyrat Goşaýew

19
18
hajymyratt
14.03.2024 09:22
Görmeseñem söýgüsini,
Ýüreginde çemen bogan,
Olar ömürleñ bezegi,
Aýal dogan , aýal dogan.

Ýaşyñ syrygsa gözüñden,
Ýyly sözi desmal bolan.
Kuwwatlanarsyñ sözünden,
Aýal dogan , aýal dogan.

Ejizlemäne maý bermez,
Müñ dertleri başdan kowan.
Enäniñ ornunda duran,
Aýal dogan , aýal dogan.

Dözer gerek diýseñ janyn,
Bolmaz asla ýüzün sowan.
Ikinji Käbämizdir ol,
Aýal dogan , aýal dogan.

Hajymyrat Goşaýew
22
26
hajymyratt
13.03.2024 12:57
Undup Gökde beýik Tañryñ barlygyn,
Azar berip geçer ençe seneler.
Gep berip ogluna bulap pikirin,
Bagtyn ýakar käbir gaýyn eneler.

Ýersiz ýere gelne atylar töhmet,
Kemsidilip bir zibile deñeler.
Olam bir bendäniñ gyzy dälmi nä?
Oýlanşyñ siz käbir gaýyn eneler.

Hasapsyz zadama ýokdur bilseñiz,
Edeniñiz mañlaýñyza çeneler.
Nädip bir naçara dözüp bilýäñiz,
Rehim ediñ käbir gaýyn eneler.

Mukaddeslik adyñyza siñendir,
Mährem boluñ, gazap size ýeñiler.
Ullakan haýyşym, öz gelinñizi,
Gyzyñyz deý söýüñ gaýyn eneler.
18
37
hajymyratt
12.03.2024 08:48
Güler ýüzli mydam mährem gelnine,
Başa goýup, olar Käbä deñeler.
Syrdaş, ýürekdeş hem iñ ýakyn jora,
Gelinlerniñ täji gaýyn eneler.

Gyzym diýip deñär öz perzendine,
Derdini çekişip, goldaw ber diñe,
Atlaryny sena ediniñ dile,
Zemin perişdesi gaýyn eneler.

Agtyk, çowluklaryn ýygnap daşyna,
Öwü:r her pursadyn göwün hoşuna,
Her sözi öwütdir aýtmaz boşuna,
Keramatdyr size gaýyn eneler.

Hyzmatynda duruñ gelinler a:rman,
Günüñiz ötmesin halyny sorman,
Ýylgyrdyñ, göwninde galmasyn arman,
Olara mydam üns gaýym çemeler,
Gelniniñ ýüregi gaýyn eneler.

Hajymyrat Goşaýew
24
39