hajymyratt
12.03.2024 08:48
Güler ýüzli mydam mährem gelnine,
Başa goýup, olar Käbä deñeler.
Syrdaş, ýürekdeş hem iñ ýakyn jora,
Gelinlerniñ täji gaýyn eneler.

Gyzym diýip deñär öz perzendine,
Derdini çekişip, goldaw ber diñe,
Atlaryny sena ediniñ dile,
Zemin perişdesi gaýyn eneler.

Agtyk, çowluklaryn ýygnap daşyna,
Öwü:r her pursadyn göwün hoşuna,
Her sözi öwütdir aýtmaz boşuna,
Keramatdyr size gaýyn eneler.

Hyzmatynda duruñ gelinler a:rman,
Günüñiz ötmesin halyny sorman,
Ýylgyrdyñ, göwninde galmasyn arman,
Olara mydam üns gaýym çemeler,
Gelniniñ ýüregi gaýyn eneler.

Hajymyrat Goşaýew
24
39
hajymyratt
12 Mart 2024
@indi, hehe. Indi köpeler. Sebabi täze temada ýazýanlar üçin😁😁😁
alma___
12 Mart 2024
Gaýynenàni taryp edýàn goşgyny birinji gezek okaýan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.