hajymyratt
15.04.2024 00:10
Mährem gujak gurşap daşym,
Mylaýym el sypap başym,
Taplap hergiz göwün hoşum,
Ejemjan bar meñ dünýämde.

Kalba guýup tämiz söýgi,
Ýagşyñ ýaýyp, görmez aýby,
Bu dünýede ynsan beýgi,
Ejemjan bar meñ dünýämde.

Doýrar bizi, iýmän özi,
Ömre höwes her biz sözi,
Ajaýyp durmuşyñ ýazy,
Ejemjan bar meñ dünýämde.

Alladan diläp saglygyn,
Görkezsin agtyk çowlugyn,
Bagş edip älem gowlugyn,
Ejemjan bar meñ dünýämde.

Hajymyrat Goşaýew
17
18
sabyrly
15 Aprel 2024
Taplap hergiz göwün hoşum. Näme diýjek bolanña düşünmedim şo ýer akyma ters ýaly üstünlik
jady
15 Aprel 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.